Söýgi deňziniň söhbedi

20 Noýabr 2024
246

Aýlaryň talyp bolmagyna Aýdyň sebäp bolupdy. Ýüreginde Aýlara bolan yşky ir körän ýigit gyzyň ýüregine aýdym bolup ýazyldy. Talyplyk babatynda Aýdyňyňky çüwüpdi. Ol heniz, eline orta bilim hakyndaky şahadatnamany alanyna üç aý bolup-bolmanka talyplygyň bosagasyndan ätledi. Ýöne Aýlara welin, her näçe erjel ýapyşsa-da, ara tas tegelek dört ýyl salyp, talyp bolmak nesip etdi. Ýöne her näme-de bolsa, ol durmuşdan hoşaldy. Sebäbi söýýän ýigidi bilen iň bolmanda, bir ýyl talyplygyň gyzykly dünýäsini bile başdan geçirip biljekdi.

Uniwersitet durmuşy, hakykatdan-da, gyzyklydy. Aýlar Aýdyňyň öň süýjedip aýdyp berýän gürrüňlerini diňläp, bu ýere gelmegi näler isläpdi. Hut şonuň üçin hem, ol uniwersiteti arzuwlarynyň wysal bolan güzeri diýip bilýärdi. Talyplyga ädilen ilkinji ädimler, şol bir ýokary okuw mekdebinde geçirilýän günler bolsa ony ýigide has-da ýakynlaşdyrýardy.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar