Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

SOWALLAR Neçün gussa şat günlerden tiz gelýär,Nirä elter ykballaryň öwrümi?San-sajaksyz sowallaram irizýär:Edýänlerim nädogrumy?Dogrumy?

Şygryýet çemeni

MINNETDARLYK Siňip dur topraga säheriň çygy,Gijede gizlenen Güneş nur saçýar.Hemme zat ýerbe-ýer, öňki-öňkülik,Şonda-da käteler umydym öçýär.

Ylham joşguny

SENI TAPAMSOŇ... Ýyly elleň umyt berdi ömrüme,Mährim galdy şol günleriň goýnunda.Sabyrsyz dünýämi özüňe baglap,Yşk derdine duçar edip goýduň-da,

Dünýä içre ýene bir dünýä bar

Mekdebimizde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen edebi agşamda hormatly Prezidentimiziň «Dünýä içre ýene bir dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» diýilýär» diýen sözleri belent ýaňlandy. Edebi agşamda 2024-nji ýylyň tutuş türki dünýäde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň ýyly hökmünde dabaralanýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmeniň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň arasynda meşhurdygy, umuman, tutuş Gündogaryň akyldar şahyrydygy, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bütin dünýäniň Magtymguly bilen tanyşlygynyň has çuňlaşýandygy hakynda giňişleýin aýdylyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda getirilen setirler bolsa edebi agşama gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Akyldar şahyrymyzyň doglan güni mynasybetli edilen işlere hem syn berildi. Mekdep okuwçylary ýakynda Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalda özbek we türkmen kinematograflarynyň surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filminiň ýokary baha mynasyp bolandygy, şahyryň eserleriniň öz ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynyň bir

Wenger edebiýatynyň mähek daşy

Şandor Petefi Wengriýanyň nusgawy edebiýatynda öçmejek yz galdyran, wenger halkynyň milli şahyrydyr. Onuň goşgular we poemalar kitaby ýurdumyzda 1955-nji ýylda, «Ýanoş pälwan» atly kitaby bolsa 1956-njy ýylda neşir edildi. Häzirki döwürde hem türkmen okyjylary şahyryň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar. Beýik şahyryň hormatyna dogduk mekanynda birnäçe medeni edaralara, habar beriş serişdelerine onuň ady dakyldy. 2023-nji ýylda Wengriyada Şandor Petefiniň doglan gününiň 200 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Görnükli söz ussadynyň Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkeliniň oturdylmagy türkmen-wenger halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň anyk güwäsidir.

«Hakyda göwheriň» bilen, Arkadag!

Asylzada, öňdengörüji, gurujy, dörediji ynsanlaryň her ädiminde, her deminde Watan bar, halk bar. Gahryman Arkadagymyzyň mysalynda muňa göz ýetire-ýetire gelýändiris. Mähriban Arkadagymyzyň kitaba goýýan sarpasy-da bir başga. Dana Dünýäde döreýän owazly sözler ýyllaryň aýdymyna öwrülýär.

Şygryýet

Durna uçýar... Uzyn ganatlaryn kakdy-da agras,Uzyn aýaklaryn göterdi ýerden.Güýzüň goňras keşbin synlap sährada,Pelpelläp üstünden seretdi bir dem.

Ynsap (Hekaýa)

Bähbit aga bu gün hemişekisinden ir oýandy. Howul-hara garbak-gurbak edindi-de, gyssanmaç ýola düşdi. Onuň uzyn göwresini öňe atyp, ýukajyk ýektaýynyň etegini galgadyp, alakjap barşy geňdi. Ýüzi aladalydy, töwerek-daşyna-da üns berenokdy. Öňünden çykanlaryňam diňe salamyny alýardy, hal-ahwal soraşyşy-da juda sowukdy. Ondan beýle sowuklyga garaşmadyk tanyş-bilişleri geň galyp, yzyndan seredip galýardy. Ol aram-aram: «Taparmykam, tanarmykam? Öz-ä, kelte boýly, sary saçlydy öýdýän. Aý, taparyn-la, tanaman näme...» diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdaýardy. Duralga baransoňam, oturara takaty ýetmän, jübüsinden elýaglygyny çykaryp, maňlaý derini süpürdi-de, bir elini gözüne kölegeledip, ýoldan geçýän ýeňil ulaglara seretdi. Ol barmana ak reňkli taksi deňinde saklandy. Goja barjak ýerini aýdyp, haýdan-haý ulaga mündi. Salamdan soň sürüji Bähbit aga habar gatdy: — Ýaşuly, bazarlajak-da onda? Bir zat almakçymy?

Mekgejöwen golçurlary (Hekaýa)

Ataş öz ýygnan otlarynyň üstüne Jojy agalardanam ýüz elli daňy töweregi mekgejöwen palajyny aldy. Mallar bu oty, ylaýta-da, ýagyş-ýagmyrly günlerde diýseň işdämenlik bilen iýýär. Şonda olar süýdi-de kän berýär. Ýöne Jojy aganyň özümi, ogullarymy, garaz, howlugypdyrlarmy, nädipdirlermi, käýarym baglanan palaçlarda alynmadyk mekgejöwen golçury duşýardy. Ataş golçurlary ýörite bir demir gaba ýygnap ugrady. — Büý-ä bir batman dagy boljak. Galan palaçlardan çykanlaram jemläpjik eltip bersek, täze ýylyň ekişinde Jojy aga hezil berer.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: fotohabarçylar Toýly Kerimi we Omar Sähetgylyjow (1991ý.).

Ahal ýolunyň ýolbeledi

— Edebiýatyň, sungatyň wezipesi, ilkinji nobatda, nesilleri terbiýelemekdir. Hally bagşy. * * *

Turgenýew we türkmen halysy

Dünýä belli rus ýazyjysy Iwan Sergeýewiç Turgenýewiň ady türkmen okyjylaryna ozaldan tanyşdyr. Öz döwründe ýurdumyzyň tanymal terjimeçileri tarapyndan I.Turgenýewiň «Atalar we perzentler» romany, «Asýa» powesti, «Mumu» hekaýasy türkmen dilinde neşir edildi. Ýakynda ýazyjynyň Russiýa Federasiýasynyň Orýol oblastynyň Msensk etrabyndaky Spassk-Lutowina obasynda ýerleşýän öý-muzeýiniň işgäri Ýelena Nowikowa bu ýerde saklanylýan türkmen halysy barada ýazan gysgajyk makalasyny redaksiýamyza iberdi: 1818 — 1883-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen ýazyjy Iwan Sergeýewiç Turgenýewiň iki gatly öý-muzeýi häli-häzire çenli giňden tanalýan medeni ojaklaryň biridir. Ýazyjynyň ömri we döredijiligine degişli ýazgylarda muzeýiň hemişe köp adamly bolandygy barada aýdylýar. Bu ýerde Lew Tolstoý, Nikolaý Nekrasow, Afanasiý Fet ýaly onuň döwürdeş ýazyjy-şahyrlary myhmançylykda bolup, edebiýat agşamlaryny geçiripdirler. I.Turgenýew bu günki günde dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen eserlerini hut şu ýerde ýazypdyr.

Depderçe (Tymsal)

Kakasynyň adatdakylar ýaly, işden gelip, öz otagyna geçenini gören oglanjyk onuň ýanyna barmakçy bolýar. Muny gören ejesi: — Oglum, kakaň işläp otyr-a, sen barsaň, päsgel berersiň — diýip, ony saklajak bolýar. Oglanjyk: «Onuň bir özüniň ýüregi gysýandyr-a» diýip, otagyň gapysyny açyp ýetişýär. Otaga girişine-de baryp, kakasynyň ýanynda ornaşýar. Ol kakasynyň başagaý bolup bir zatlar ýazyp oturyşyny az wagt sessiz synlaýar-da, onuň öňündäki ýandepderçäni eline alýar. Ýandepderçäniň içiniň dürli belliklerden, ýazgylardan doludygyny gören çagajyk:

Dile geldi — bile geldi

Ýaltalyk — dert, dermany — hereket. * * *

Şygryýet bossany

Alkyşnama Sag bol, Arkadagym, sözlän sözüňdeLagyl bar, göwher bar, merjen bar, dür bar.Ýurda mähir, halka söýgi gözüňde,Her bir jümläň dünýe malyna durýar.Älem baýlygyna durýar paýhasyň,Pähimiňden göwün güllär bag ýaly.Alyp munda ulus-iliň alkyşyn,Ömür güllär, döwür güllär ýaz ýaly.Size sylag-sarpa her bir ýürekde,Deňizleň joşguny, daglaryň sili.Barýar munda bagt ummanyn kürekläp,Ykbaly göterlen türkmeniň ili.Görogly hem Magtymguly, Nepesler,Kerim, Berdinazar, Gurbannazarlar,Munda Garaşsyzlyk, erkinlik isläp,Göreşenler hem-de şygyr ýazanlar,Aýdym döredenler, mukam çalanlar,Bu Watanyň, bu topragyň şanyna,Diňe haýyr işe şärik bolanlarTäzeden, täzeden, galkyp täzeden,Alkyş aýdýar, Arkadagym, adyňa!Alkyş aýdýar tutuş millet-il bolup,Arkadagly Gahryman Serdaryma!Ýedi arkaňyza, alkyş ömrüňe,Asyrlara uzap gitsin ak ýoluň!Ruh berip, nur çaýyp şanly döwrüme,Göterdiňiz bu türkmeniň ykbalyn!

Daglar göwünleri çaglar

Arkadag — Aşgabat ugry boýunça hereket edýän 100-lik belgili awtobus dag etegindäki ajaýyp ýoldan gatnaýar. Belent daglar, dag howasy, tebigatyň täsinligi — giden gözellik. Awtobusyň aýnasyndan synlanyňda, Arkadag şäheri aklyga hem päklige bürenip otyr. «Gudrat görseň — daglara bar» diýleni. Gojaman Köpetdag Arkadag şäherini bezese, Arkadag şäheri Köpetdagy bezäp, iki gözellik özara sazlaşýar. Awtobusyň radiosyndan «Pyragyny gören daglar» diýen aýdym ýaňlanýardy. Dag gözelliklerini synlap barýarkaň şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgusyna dörän bu aýdym Magtymgulynyň gezen ýerlerini, gören daglaryny ýadyňa salýardy. Ýogsam näme, türkmeniň daglary dünýe döräp duran daglar. Müň asyry — müň hasraty gören daglar ahyryn.

Akyldaryň goşgularynda bedewiň keşbi

Türkmeniň  akyldar  şahyry  Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bedewlerimize aýratyn ähmiýet berilýändigini onuň şahyrana dünýäsi bilen ýakyndan tanyşlaryň hemmesi hem bilýär. Bu taryhy hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly akyldarymyz «Watan!» diýip, bedewine atlanan türkmen gerçekleriniň ýygnyny «Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar» diýip, buýsançly teswirleýär» diýen paýhasly setirlerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa topragymyzyň tebigy öwüşginini özünde jemleýän gamyşgulak dal bedewleriň gadymyýetden bäri türkmen gerçekleri bilen bilelikde,  ýurdumyzyň goragynda sak durandyklaryny görkezýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen bedewleriniň wepadarlyk, edermenlik, dostluk ýaly duýgularynyň ýokarydygyny nygtaýar. Şahyr «Gyş bolar» we «Malyna degmez» atly goşgularynda bedew waspyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär:

Häsiýetnama

Häsiýetnama ýazmak dünýäde iň kyn iş bolsa nätjek. Öňler işgärler bölüminde işleýänlere gözüm giderdi. Sebäbi öwseler ak, döwseler gara bolýaň-da. Indi özüm kiçijik hususy kärhananyň işgärler bölüminde işleýän welin, häsiýetnama ýazmaly diýseler, edil duran ýerim-dä. Birnäçe wagtdan bäri bile işleýän bolsaňam, bir adama baha bermek aňsat zat däl eken. Onsoňam: «Kemçiliksiz adam ýok» diýleni. Işdeşleriniň käbir oňat häsiýetlerini kärdeşleriniň bilmeýän hem bolmagy mümkin. Belki, ol işgär öz gowy taraplaryny doly görkezip bilýän däldir. Belki, ol özüniň işleýän ýerinde göwün söýen işi bolandygy üçin däl-de, dürli durmuşy mejburlyklar ýa-da ýakynlarynyň biriniň hut şuny isleýändigi sebäpli işleýändir. Şonuň üçinem, ilki-ilkiler kimdir birine häsiýetnama ýazmaly bolsam, öňki ýazylan nusgalaryň birinden göçürip goýberäýýädim.

Syntgylanan setirler

• Gürlemekden öňürti, diňlemegi öwrenmeli. • Dogryny saýlamak egrä goýulsa, başarmaz, ol özüne meňzeşi gözlär.

Bu topraga bag ekiň!

Parlap al-asmana galary ýaly,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň!Otly tomus saýa salary ýaly,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň! Elbetde, gözüňe görünýär yssyAtyzdaky, pellerdäki bar ekin.Hatar bolsun ýaplaň, pelleň gyrasy,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň!