Şygryýet bossany

28 Noýabr 2024
207

Alkyşnama

Sag bol, Arkadagym, sözlän sözüňde
Lagyl bar, göwher bar, merjen bar, dür bar.
Ýurda mähir, halka söýgi gözüňde,
Her bir jümläň dünýe malyna durýar.
Älem baýlygyna durýar paýhasyň,
Pähimiňden göwün güllär bag ýaly.
Alyp munda ulus-iliň alkyşyn,
Ömür güllär, döwür güllär ýaz ýaly.
Size sylag-sarpa her bir ýürekde,
Deňizleň joşguny, daglaryň sili.
Barýar munda bagt ummanyn kürekläp,
Ykbaly göterlen türkmeniň ili.
Görogly hem Magtymguly, Nepesler,
Kerim, Berdinazar, Gurbannazarlar,
Munda Garaşsyzlyk, erkinlik isläp,
Göreşenler hem-de şygyr ýazanlar,
Aýdym döredenler, mukam çalanlar,
Bu Watanyň, bu topragyň şanyna,
Diňe haýyr işe şärik bolanlar
Täzeden, täzeden, galkyp täzeden,
Alkyş aýdýar, Arkadagym, adyňa!
Alkyş aýdýar tutuş millet-il bolup,
Arkadagly Gahryman Serdaryma!
Ýedi arkaňyza, alkyş ömrüňe,
Asyrlara uzap gitsin ak ýoluň!
Ruh berip, nur çaýyp şanly döwrüme,
Göterdiňiz bu türkmeniň ykbalyn!

Bäşim ATAÝEW.
Beýleki habarlar