«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»
Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir. Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!