Gadymy Amul

11 Ýanwar 2021
2610

Amyderýanyň orta akymy taryhy ýadygärliklere örän baý ýer hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, welaýatymyzyň çäginde orta asyrlar zamanynda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Olaryň käbiri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Şol ýadygärlikleriň biri-de gadymy Amul galasydyr. Kuşanlylaryň agalyk eden döwründe Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen bu şäheriň ady ýazuw çeşmelerinde soňrak agzalyp başlansa-da, ol alymlaryň aýtmaklaryna görä, Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edip başlan döwründen has ir, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda döräpdir. Alymlar Amul şäherinde tapylan arheologiki tapyndylary öwrenip, şäheriň ýaşyny takmynan, 2100 — 2200 ýyl töweregi diýip çak edýärler. Bu şäher Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Amul orta asyrlarda 200 gektara golaý meýdany eýeläpdir. Amulyň golaýynda örän amatly derýa geçelgesi bolupdyr. Mundan iki müň ýyl ozal hem syýahatçylar, ötegçiler, söwdagärleriň ýükli kerwenleri Hytaýdan Horezme, Hindistana, Aziýanyň beýleki ülkelerine, Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gatnap, Amyderýanyň üsti bilen suw we gury ýer arkaly söwda edipdirler. Şol sebäpli Amul Beýik Ýüpek ýolunyň gury ýer hem-de suw gatnawynyň çatrygyndaky iri merkeze öwrülipdir. Taryhçy Makdisiniň ýazgylarynda bellenilişi ýaly, X asyrda Amul şäheri zygyr, peýnir, mallar üçin ot-iým, künji ýagy, bal, üzüm ýaly önümleri öndürmekde meşhurlyk gazanypdyr. Bu ýerdäki bazarlaryň üsti ýapyk bolanlygy sebäpli olar ýylyň ähli döwürlerinde-de köp adamly bolup, söwda gyzgalaňly alnyp barlypdyr. Amul şäherinde täjirleriň, syýahatçylaryň düşläp, dynç almaklary üçin ýeterlik mümkinçiligi bolan kerwensaraýlar gurlupdyr. Kerwensaraýda düşlänlere hyzmat etmek, olaryň atlaryna, düýelerine seretmek, kerwenleriň howpsuzlygyny goramak üçin ýörite atly, ýaragly adamlar berkidilipdir.

Gülşirin BAÝRYÝEWA,
Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň usulçysy.
Beýleki habarlar