Ýurdumyzyň halkara üstünligi
Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi, onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde has-da dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr. Hormatly Prezidenti