Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Watanymyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak baky Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjy esasynda 2020-nji ýylyň sentýabrynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu dostluk toparyna dünýäniň 20-den gowrak döwletleri goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk, döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini, netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Eziz Diýarymyz Bitaraplygyň dostlary topary üçin bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarynda ilerledilmegi, parahatçylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmegine, durnukly syýasy-diplomatik düzümleriň işlenilip düzülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.