Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Rysgal-berekediň baýramy

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň uly ruhubelentlik bilen bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünlikleriniň, bu ugurdaky ösüşlere edermen babadaýhanlarymyzyň goşan mynasyp goşandynyň aýdyň görkezijisi bolan Hasyl toýy mynasybetli ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak işlerinde giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän giň goldawdan, hemmetaraplaýyn mümkinçilikden netijeli peýdalanýan gallaçylarymyz, babadaýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, özleriniň irginsiz yhlasy, tagallalary bilen täze-täze zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, bagtyýar ildeşlerimiziň çeken zähmetine mynasyp baha berilýär. Her ýylda Hasyl toýy mynasybetli Diýarymyzyň ykdysady üstünliklerine saldamly goşant goşan, zähmetde tapawutlanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi Gahryman Ark

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Pagtaçylaryň armaçylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bagtly geljege sary ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ene toprakdan alynýan hasylyň mukdary barha artýar.

Zähmet adamsynyň waspy

Toprakdan bagt tapan Beýik ösüşli, özgerişli ata Watanymyzda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynyň ösmegine hem aýratyn üns berilýär. Mülkdarlaryň, telekeçileriň, kärendeçi daýhanlaryň ekleýjimiz hasaplanýan bereketli topragymyzdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürýän önüm öndürijiler yhlasly zähmet çekýärler. Topraga hyzmat edip, bereketli hasyl öndürip, çekýän zähmetiniň hözirini görýän ýer eýeleriniň biri hem Mary etrabyndan ezber daýhan, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Atamyrat Alyýewdir. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda toprak bilen iş salşyp, dürli ekinleri ýetişdirip bereketli hasyl alýar.

Bereketli topragymyzyň sahawaty

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatynyň baýramy — Hasyl toýy giňden bellenilýär. Türkmen topragy rysgala, berekede baý. Oňa tohum atsaň müň bolup hasyl eçilýär. Daýhany iş başynda görenler: «Tohumyň müňläwersin!» diýibem şonuň üçin aýdýandyrlar. Sahawata baý türkmen topragynyň kerem-keramaty barada söz açylanda, onuň daýhana hiç haçan bergidar bolup galmaýandygyny nygtaýarlar. Bu aýtgy şu günümizde-de aýdyň hakykata öwrülýär. Ata-babalarymyzyň maňlaý derine eýlenip, nygmat öndüren topragynyň bu günki nesle-de berekedini boldan eçilýändigine hemmämiz şaýat. Sepen her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýän bu kerem-keramatly topraga azabyňy aýamasaň, ýylda iki-üç öwran hasyl alyp bolýar. Pederlerimiz hut şu mele toprakda zähmet çekip, bugdaý, gowaça, gök we bakja ekinlerini, dürli miweli baglary ýetişdirip, bol hasyl, harman ýygnapdyrlar. Soňky hasylyny hem ýygnap bolan daýhan: «Azabym ýerine düşdi» diýip, uludan toý toýlap, saçagyny naz-nygmatdan dolduryp, ýakynlaryny myhmançylyga çagyrypdyr. Ine, bu däp-dessur asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, häzirki döwrümizde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Altyn güýzüň bol hasyly

Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem gülläp ösýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bir hatarda, ýerden bol hasyly almaga gerek bolan giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde oba hojalyk işlerinde zerur bolan ýokary hilli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Oba hojalyk pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem orny bellärliklidir. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde miweli agaçlaryň birnäçe görnüşi ösdürilip, olar bol hasyl eçilýär. Baglaryň datly miweleri yrýa edilmän ýygnalyp, esger saçagyna berilýär. Şeýle-de ol miweler harby gullukçylaryň maşgalalaryna elýeterli nyrhdan hödürlenilýär. Esasan hem bu ýerde alma, armyt, erik, ülje, şetdaly ýaly miweli baglar bilen bir hatarda üzümiň dürli görnüşi bol hasyl eçilýär. Güýz paslynyň häzirki dowam edýän günlerinde bolsa Hojalyk müdiriýetinde behi baglarynyň miwelerini ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Hasyl toýuna

Halal zähmetiň belent sarpasy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde  ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabaralar bilen bellenilýär. Daýhanyň ýadawsyz zähmetine, ene topraga, ondan öndürilýän bereketli hasyla goýulýan belent hormat-sarpanyň alamaty bolan bu guwanç-buýsançdan doly toý güni her bir ynsanyň kalbynda barha çuňňur orun alýar.

Baglar — gözelligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag ekmek möwsümlerine badalga berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da işjeň dowam etdirilýändigini alamatlandyryp, şäherdir obalarymyzda müňlerçe düýp miweli, saýaly, pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagyna, şeýlelikde, daş-töweregiň, tebigatyň has-da gözel bolmagyna möhüm goşant goşulmagyna ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu barada şeýle diýdi: «Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär». Bu bolsa ýurdumyzda baglaryň artdyrylmagyna, ata-babalarymyzyň bu babatdaky ýörelgeleriniň rowaçlandyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Şaly oragy ýokary depginde

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolanymyzda, bu ýerde şaly orak möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýändigine göz ýetirdik. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşiginiň 319 kärendeçisi 3 müň 150 gektar ýerde şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu ýyl «sary altynyň» 14 müň tonnasyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Hojalykda orak möwsümine welaýatymyzyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň 60-a golaý kuwwatly kombaýnlary gatnaşýar. Ýaş şalyçy kärendeçi, TAP-nyň işjeň agzasy Arslanmyrat Ýazweliýewiň 18 gektar kärende ýerinde şol kombaýnlaryň ençemesiniň öndürijilikli işledilýändiginiň şaýady bolduk. Maksat Ýomutbaýew, Kaka Gazakow, Parahat Saparow, Sapar Durdymedow, Baýrammämmet Baýrammämmedow, Wepa Jumageldiýew, Haşym Nejimow ýaly öz işiniň ussatlary erk edýän kuwwatly kombaýnlary bilen her günde hasylyň 17-18 tonnasyny isripsiz ýygnap, şalyçylaryň alkyşyny alýarlar. — Şu ýyl şalyçy kärendeçilerimiz Nury Nuryýew 50, Töremyrat Öwezow 35, Humaý Noşyýewa 5, Enebaý Hudaýberdiýewa 4 gektar kärende ýerlerinde şalynyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Olaryň her gektardan alan hasyly 60 sentnere golaýlady. Daýhan birleşigimizde şaly hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri görkezýän şalyçylar başga-da köp. Häzirki günlerde şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýyl hem ýetişdirilen hasyly zaýas

Hasyl toýuna bagyşlandy

Dänew etrabyndaky bilim ojaklarynda bosagada duran Hasyl toýy mynasybetli köpsanly çärelerdir baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde biziň mekdebimizde geçirilen aýdym-sazly dabara hem bu şanly senä bagyşlandy. Oňa etrabymyzyň mekdeplerinden mugallymlardyr göreldeli okuwçylar hem gatnaşdylar. Aýdym-sazlaryň arasynda edilen çykyşlarda Hasyl toýy bilen bagly däpleriň ata-babalarymyzdan geçip gelýändigi aýratyn nygtaldy. Bu baýramyň ýaşlarda zähmete söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň galkynyşynda ýaş nesliň paýy örän uly. Şu günki mekdep okuwçylaryny hem zähmete söýgi ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň öňündäki belent borçlaryň biridir.

Rysgal-berekede beslenýär Diýar, Daýhan zähmetine belent sarpa bar

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy Her bir güni buýsançly ösüşlere, özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýene bir dabaraly, şatlykly gün ýetip gelýär. Ene topraga tohum sepip, daban azaplary bilen bol hasyl almagy başarýan edermen babadaýhanlar her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly buýsanç bilen Hasyl toýuny toýlaýarlar. Sahawatly ene toprak, bereketli güýz pasly, daýhan zähmetiniň şirin miwesi bilen baglanyşykly bu toýy halkymyz hemişe uly şowhun-şadyýanlyk, agzybirlik, dost-doganlyk, sahy-jomartlyk ruhunda giňden dabaralandyrýar. Munuň özi daýhanyň zähmetine, ene topragyň berekedine goýulýan belent sarpanyň kepilidir.

Mynasyp sowgatly geldiler

Rysgal-berekede, şanly wakalara, toýlara beslenýän Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan Gyzylarbat etrabynyň babadaýhanlary döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Etrapda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý eden işine yhlasly babadaýhanlar, kärendeçiler Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Etrabyň «Goç» daýhan birleşiginde hem pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, hasylyň mukdaryny artdyrmakda kärdeşlerine görelde bolýan daýhanlaryň sany örän köp. Olaryň arasynda kärendeçiler: 2 gektar ýerden 5,5 tonna golaý hasyl tabşyran Mütmingylyç Kerimowyň, 2,5 gektar ýerden 6,5 tonna golaý hasyl alan Dessegül Hudaýgulyýewanyň, 12 gektar ýerden 29 tonna golaý hasyly Watan harmanyna goşan Tirkeş Ýaryýewiň, 4 gektar ýerden 9,5 tonna «ak altyn» alan Mergen Garajaýewiň atlaryny hormat bilen tutmak bolar.

Yhlas myrada ýetirýär

Bereket etrabynyň «ak altynly» meýdanlaryndaky joşgunly zähmet pagtaçy daýhanlaryň üstümizdäki ýyly ýokary zähmet üstünligine beslejekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrapda 2 müň 650 gektar meýdanda ekilen gowaçadan 3 müň 260 tonna «ak altyn» ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Etrabyň daýhan birleşiklerinde şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän pagtaçy kärendeçileriň, daýhan hojalyklarynyň sany barha artýar. — Etrabymyzyň oba hojalyk işgärleri ekerançylyk meýdanlarynyň netijeli ulanylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Boz toprakly meýdanlarymyzda ýylyň-ýylyna bugdaý, gowaça ýaly gymmatly ekinleri ösdürip ýetişdirmekde netijeli zähmet çekýärler.

Alyn deri — altyn-zeri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň netijesinde welaýatymyzyň edermen daýhanlary däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň çäklerinde ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp zähmet çekýän welaýatymyzyň babadaýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «ak altyn» harmanyny beýgeltmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. «Ak altynyň» mukdary günsaýyn artýar. Bu bolsa welaýatymyzyň daýhanlarynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine kepil geçýär.

Maýsaly meýdanlardaky bereket

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde maýsaly meýdanlarda ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýaş maýsalary mineral dökünler hem-de olaryň baldagy boýlap, köki berkär ýaly ýerli dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhançylyk üçin örän amatly hem garaşykly gelen sahawatly güýz paslynyň häzirki günlerinde ýokary hil derejesinde, toplumlaýyn esasda amal edilýän şeýle agrotehniki çäreler geljek ýylda galla hasylynyň bol boljakdygyna ynam döredýär. Şu ýyl welaýatyň ähli etraplarynda ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş alyndy. Ýaş maýsalara ideg işlerini günsaýyn ýokarlandyrmak boýunça degişli taýýarlyklar hem görüldi. Şu günler amal edilýän her bir iş, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýän her bir çäre öz netijesini hem berýär. Bu çäreler bilen utgaşyklylykda bugdaýly meýdanlara suw tutmak işleri-de gyzgalaňly dowam edýär. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde bu işler daýhançylygy ýöretmegiň usullaryna laýyklykda hem-de ylmy esasda alnyp barylýar. Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Akdepe etrabynyň gallaçylyga ýöriteleşdirilen «Babadaýhan», Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşikleri hem bugdaýa ideg işlerini geçirmekde öňde barýarlar. Welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirilip, 265 müň tonna ak bugdaý öndürmek

Rysgal-berekediň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagy döwrebap ösüşlere beslenýär. Eziz Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereket-bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda pagtanyň we azyklyk bugdaýyň bol hasyly, şeýle-de gök, miwe, bakja önümleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Bu gün agzybir ojaklarymyzdaky bereketli supra-saçaklaryň dürli-dümen nygmatlardan dolup durmagy, «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilip, ýeňil senagatyň kuwwatly pudaga öwrülmegi zähmetsöýer babadaýhanlaryň çekýän halal zähmetiniň, sahy topragymyza siňdirýän yhlasynyň netijesidir. Edermen babadaýhanlar bu ýyl hem Hasyl toýuna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary, enjamlary satyn almak, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, önümçilige ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şeýle çäreler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň artmagy üçin oňyn şertleri döredýär. Häzirki döwürde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ekin meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işi dowam edýär, ýetişdirilen gowaça hasyly, şaly, gant şugundyry ýygnalýar. Welaýatlard

Bag miwesi şirin bolar

Bereketli bazarlarymyzdaky azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşup gelýänleriň biri-de Gökdepe etrabynyň Garrykäriz obasynda ýaşaýan zähmetsöýer bagban Garýagdy Garajaýewdir. Mellek ýerini bereket çeşmesine öwrüp, ondan ynsan saglygy üçin tenekar bolan dürli miweleriň bol hasylyny alyp gelýän bagbanyň hurma agaçlaryny göreniňde gözüň dokunýar. Garýagdy indi on iki ýyldan bäri hurmanyň «korolýok» görnüşini ýetişdirip, onuň bereketli hasylyny alyp gelýär. — Hurma hasylly agaç. Bagymyzda onuň 60-a golaý düýbi bar. Hurmanyň miwesi şirin bolup, ynsan saglygy üçin özboluşly melhemlik ähmiýeti bar. Bagymyzdaky hurma baglarynyň her birinden onlarça kilogram miwe alýarys. Miweler halkymyzyň bereket baýramy bolan Hasyl toýuna ýetişýär. Dürli ýokumlara baý bolansoň, oňa isleg hemişe uly. Yhlas siňdirip ýetişdiren miwelerimizi ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagynda görmek biz üçin uly bagt. Şeýle asylly işe goşant goşýandygyma çäksiz begenýärin — diýip, Garýagdy Garajaýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Hasyllylyk idege bagly

Babadaýhan etrabynyň gallaçylary täze ýylyň hasyly üçin 30 müň gektar meýdana bugdaý ekmegi maksat edinýärler. Irki ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwunyň berilmegi bilen ýaşyl begrese beslenip ugran ýaşajyk maýsaly meýdanlar kärendeçi daýhanlaryň göwnüni göterýär. Şu günki oňat idegiň ertirki bol-bereketli hasylyň kepili bolup durýandygyna gowy düşünýän gallaçy daýhanlar ýaşajyk maýsaly meýdanlary turuwbaşdan alada bilen gurşadylar. Gyzgalaňly dowam edýän ideg işlerinde etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler. — Täze ýylyň hasyly üçin daýhan birleşigimiz boýunça 2300 gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseiç» görnüşini ekmegi meýilleşdirdik. Ekişden soň, gögeriş suwuny tutýan ýerlerimiz ýaşyl öwsüp bizi begendirýär. Biz her bir işde öňdebaryjylarymyza daýanýarys. Olar bolsa daýhan birleşigimizde barmak basyp sanardan köp. Geçen ýyl kärende ýerinden 35-40 sentnerden, hatda ondan hem köp hasyl alan zähmetsöýer kärendeçilerimizden Parahat Durdyýew, Altyn Atageldiýewa, Annamuhammet Myratberdiýew, Mekanmuhammet Amanberdiýew, Amangül Ataýewa, Kerwen Mämmäýew dagynyň atlaryny agzamak has-da ýakymly. Olar şu günler ýaşajyk maýsalara ideg etmekde hem köplere görelde bolmagy başarýarlar — diýip, daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy Süleýman Çaryýew guwanç bilen aýdýar.

Hasyl toýy — bagtyýarlygyň baýramy

Agamyrat ÇARYÝEW,«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň direktory:

Yhlasly zähmet – oňyn netije

Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden, ýeňillikli şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ýyllarboýy çeken yhlasly zähmeti ajaýyp miwesini eçilip, Annagülüň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan kärendeçi zenan Annagül Penjiýewa Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Bu kärendeçi zenan şu ýyl azyklyk bugdaýy öndürmekde ýokary netije gazandy. Ol 10 gektar kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren bugdaý hasylyndan şertnamalaýyn borçnama laýyklykda 18 tonnany Watan harmanyna tabşyrmalydy. Onuň görkezijisi bolsa 40 tonna 250 kilograma barabar boldy. Şunda her gektara düşýän hasyllylyk 41 sentnerden geçdi. Tejribeli zenan bugdaý hasylyndan boşan ýerlerini boş goýman, dessine mäş ekdi. Bu gün onuň sahawatly ýerde ýetişdiren azyklyk önümi hem bereketli hasylyny eçildi. Indi onlarça ýyldan bäri kärendeçilik bilen meşgullanyp gelýän daýhan zenan ilkinji ýyllardan öz başarnygyny görkezip ugrady. Ýeriň abyny-tabyny bilýän Annagül özüne ynanylan ýere yhlasyny siňdirýär. Altyn güýzüň gelmegi bilen, onuň 19 gektar meýdanda ösdürip ýetişdiren gowaçalary hem bol hasyl berdi. Gowaçaly meýdanda bereketli hasyly ýetişdirip, ilkinji ýygymda 62 tonnanyň ýerine 76 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyran

Käşir hakynda

Käbir ýurtlarda käşir gök önüm däl-de, miwe hasaplanýar. Käşir köp tarapdan özboluşlydyr. Antioksidantlary dürli iýmitlerde dürli mukdarda tapyp bolaýsa-da, olar bişirilende ýok bolýar. Emma käşir bişirilende , ondaky antioksidantyň mukdary iki esse köpelýär.