Ýeňsiz örmegiň düzgünleri
Çyzgyda görkezilen ýeňsizi örmek üçin iki uzyn çişi ýanaşdyryp, sag eliňde jebis tutup, ýüpüň ujundan iki gulaç uzynlykda iki epläp, syrtmak salyp, çişe geýdirmeli, ýüpleri çekişdirmeli. Onsoň ýüpüň gysga tarapyny çep eliň başam barmagynyň iç ýüzünden daşyndan öwrüp, eliň aýasyna almaly. Ýüpüň ýumakly tarapyny bolsa, süýem barmagyň daşyndan öwrüp, orta barmak tarapdan aralykdan geçirip, iki ýüpi-de eliň aýasynda üç barmagyň bilen saklamaly. Soň çişiň ujuny başam barmagyňdaky halkanyň içinden geçirip, süýem barmagyňdaky ýüpi çekip, halka alybermeli. Ýeňsiziň öňüniň bir tarapy üçin 65 halkany almaly-da, çişleriň birini çekip çykarmaly. Onsoň bir halkany düzüw, bir halkany tersine sozma görnüşde örüp başlamaly. Ýeňsiziň eteginiň gyrasy şeýdip 12 aýlanmaly. Soň ýeňsiziň ýaka gyrasy üçin 9 halkany etek gyranyň örülişi ýaly dowam etmeli. Beýleki halkalara islän nagyşlaryňy, ýagny bugdaý örüm, saç örüm, pökgüje gyýaklary salyp örseň, owadan görner. Iň bolmanda, halkalary bir düzüw, bir çöwre örseňem, owadan görünýär. Her aýlawda 9 halkanyň ýüplerini gyrasy telki bolmaz ýaly, çekdiribräk örmeli. 95-nji aýlawdan soň goltugy owadanlap başlamaly. Onuň üçin bir aýlawda 6 halkany kemeltmeli. Onsoň her gezek öňe tarap öreniňde 1 halkany kemeltmek bilen ýene 6 halkany kemeldip, dogra durmaly, 6 halkany birden kemeldeniňden soň, 4 aýlananyňdan soň, ýaka tarapyny hem her gezek öňe tarap öreniň