Täze ýyl hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramydyr. Bu baýram tutuş adamzat üçin üýtgeşikdir. Iň esasy aýratynlyklarynyň biri, onuň ýagşy arzuw-umytlara beslenip garşylanmagynda bolsa gerek. Muny Täze ýyly mynasyp garşylamak babatda dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlary hem doly subut edýär. Ol däp-dessurlar bir-birinden tapawutly bolsa-da, mazmunynda birmeňzeşlik duýulýar. Ýagny Täze ýylyň bagt, saglyk, rowaçlyk, bolelinlik, üstünlik, umuman, gowulyklar getirip, durmuşymyzy has-da bezeýändigi bilen bagly hakykat. Goý, şeýle-de bolsun!
* * *