Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Döwletli döwranyň eýesi

Halkymyzda täze dünýä inen bäbejigi, täze gelni, uzak ýaşly adamy ýüze sylmak däbi bar. Ol adam ömrüniň ganatly arzuwlary bilen baglanyşdyrylýar, döwletlilik hasaplanylýar. On bir çagany kemala getirip, 66 agtygyna, 102 çowlugyna guwanýan, iki ýuwlugy Mährijemaljyk bilen Allanuryň elinden suw içen, 94 ýaşy arka atan, döwletli ojagyň eýesi Nurjemal enäni hem köpler baryp, ýüzüne sylyp gaýdýar. Ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «Gyzyltakyr» daýhan birleşiginde ýaşaýar.

Terbiýäniň kämil mekdebi

Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen pähimler, nakyllar ösýän jemgyýetimizde ýokary ahlakly, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ygtybarly serişdedir. Halkymyzyň asyrlara uzaýan baý taryhy bar. Edil şonuň ýaly hem halkymyz çeper söz sungatyna, ylym-bilime, ýaş nesliň tälim-terbiýesine aýratyn mukaddeslik hökmünde garaýar. Ata-babalarymyzyň parasaty, ene-mamalarymyzyň yhlasy, söýgüsi siňen halk döredijiligi dürli döwürlerde hem adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle ajaýyp gymmatlyklar pederlerimiziň şöhratly ýoluny, dilimizi, ýaşaýyş-durmuşymyzy, tebigatyň we ynsanyň arasyndaky arabaglanyşyk ýaly ugurlary öz içine alýar. Göwrümi boýunça kiçi, manysy bolsa umman ýaly çuň pähimler, nakyllar dürli döwürlerde dürlüçe kämilleşip, timarlanyp biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Ynsanlygyň mähekdaşy

Köplenç, kimdir biri bilen gürrüňdeş bolanyňda ýa-da iş salşanyňda öz ýanyňdan onuň ahlak çelgisini ölçerip görýärsiň, baha berýärsiň. Ahlak çelgisi ynsapdan, halallykdan, adamyň lebzine, beren sözüne ygrarlykdan gelip çykýar. Ahlakly adamyň ýüz-gözi nurana, sözleri mylaýym bolýar. Ene süýdi bilen kalbyňa ornaýan emen süýdüňi halallamak, Watana, halka ak ýüregiň bilen hyzmat etmek, halal ýaşap, halal işlemek, perzentleriňi halal gazanjyň bilen kemala getirmek ýaly bitewülik ynsan adyny göterýänler üçin durmuşyň, döwrüň, jemgyýetiň mizemez kanuny bolýar. «Hiç wagt ýalan sözlemäň, ili aldamaň, eden işiňiz nähili bolsa-da, çynyňyzy aýdyň! Kişiniň zadyna gözüňizi dikmäň! Gerek zadyňyz bar bolsa maňa aýdyň, özüm alyp bererin» diýip, kakam hemişe gulagymyza guýardy. Şu setirleri ýazyp otyrkam, çagalykdaky bir waka meniň ýadyma düşdi... Biz köp çagaly maşgaladyk. Dördünji synpda okaýarkam, synpdaşym Enejanyň saçyna dakan akja kapron saçbagynda gözüm eglendi. Kapron saçbagylar hem täze ýaýrap başlapdy. Menem haýyş edip, Enejandan saçbagyny bir günlük sorap aldym-da, öýümize äkidip, saçyma dakdym. Kakamyň synçy nazary ony görüpdir. Ol meni ýanyna çagyrdy-da: «Gyzym, şular ýaly saçbagy nirede satylýan bolsa bil, alyp bereýin!» diýdi. Kakam käýemese-de, utanjymdan ýere giräýjek boldum. Ol söz meniň ömrüme sapak boldy.

Şu günki çaga — ertirki şahsyýet

Islemese, nätmeli?! Redaksiýadan:Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam etdirýäris.

Ene — döwletlilik

 5-nji aprelde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde  guramagynda  Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda  «Ene — döwletlilik» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady ýaş nesilde zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ula hormat goýmagy terbiýelemekden hem-de maşgalada zenanlaryň tutýan ornuny açyp görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda emin agzalarynyň adalatly çözgüdi esasynda Baş baýraga Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Gülälek Nuryýewa we Türkmengala etrabyndaky 7-nji çagalar bakja bagynyň aýdym-saz mugallymy Sona Gurdowa mynasyp boldy. Birinji orny Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 11-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Sülgün Balgulyýewa we «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitgaz burawlaýyş trestiniň aragatnaşyk müdirliginiň nebitçileriň Medeniýet köşgüniň Dutar gyjakly halk saz gurallar orkestriniň bagşysy Aky Ýagşygeldiýewa eýeledi. Baýrakly ikinji orny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti muzeýi bölüminiň muzeý gymmatlyklaryny saklaýyş we gazna gorag bölümçesiniň gaznalary goragçysy Merjen Durdyýewa, A

«Ene — döwletlilik»

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny wagyz etmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýurdumyzda eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny beýan etmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik şeýle atlandyryldy. 5-nji aprelde Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşyp, şertleriň üçüsi boýunça özara bäsleşdiler. «Ene — döwletlilik» atly bäsleşigiň «Ene her bir ynsan üçin ýakymly hem lezzetli hakyda» atly birinji şertinde zenanlar çagalaryny ene mähri bilen ulaldyp, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän eneler baradaky buýsançly gürrüňlerini mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk durmuş ýoly bilen baglanyşdyrdylar. Bäsleşigiň «Çaga terbiýesinde hüwdiniň gudraty» atly ikinji şertinde eneleriň ýürek arzuwlary siňen owazly hüwdüler belentden ýaňlandy. «Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly» atly üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyza, döwletli döwranymyza buýsançlaryny gazallaryň, aýdymlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Nur eçilýän aý

Milli hem ruhy mirasyny gymmatly hazyna saýýan halkymyz aýlaryň serweri, musulman ymmatynyň ýagşy umyt-arzuwlarynyň, päk niýetleriniň wysal bolýan Oraza aýyny garşylaýar. Mukaddes Oraza aýynda dost-doganlyk gatnaşyklary mäkämleşýär. Haýyr-sogap, ýagşylyk köňülleri birleşdirýär. Hijri-kamary hasaby boýunça onunjy bolup gelýän Remezan aýy haýyr-sogap gazanmak üçin uly mümkinçilikleriň bagyş edilendigi bilen has-da söýgülenýär, ýylboýy garaşylýar. Kalbyňda niýet edip, daň ýeriniň agarmaga başlan çagyndan tä Gün ýaşýança iýip-içmekden we ýaramaz pikirlerden daş durmak — agyz beklemek her bir musulmanyň bagt gapysyna tarap ädim ätmegidir. Hijri-kamary hasabynyň ikinji ýylynda parz edilen oraza tutmagyň — agyz beklemegiň esasy maksady Allanyň razylygyny gazanmakdyr. Onuň ruhy we beden saglygy üçin-de peýdasy bimöçberdir. Ýaramaz hereketlerden, endiklerden saklanmak barada Hadysda şeýle diýilýär: «Oraza bir galkandyr, onda agzy bekli kişi erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşyp gowga çykarmak isleýän kişä iki gezek gaýtalap: «Men orazaly» diýsin».

Maşgala agzybirligi — bagta binýat

Maşgala döwletiň we jemgyýetiň ilkinji düzümi hasaplanýar. Perzendini akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belleýär. Döwletimizde adam hem-de onuň bagtly geljegini üpjün etjek ýaş nesil jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär. Şonuň üçin hem ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize miras goýan belent adamkärçilik kadalaryna, ahlak gözelligine daýanyp, päk kalply, ynsanperwer, Watanyna, halkyna wepaly adamlar edip terbiýelemelidiris. «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Halkymyz çaga edebinde ruhy we beden taýdan sagdynlyk, päk ahlaklylyk ýörelgelerine daýanýar we şol ýoluň inçe syrlaryny gitdigiçe kämilleşdirýär, millileşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidine gönükdirilen esasy tagallalarynyň biri bolup durýar.

Maşgala gatnaşyklary berkidilýär

Ýurdumyzda türkmeniň maşgala gymmatlygynyň hukuk esaslary hem düýpli berkidilip, milli maşgala gatnaşyklarynyň kämil hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, maşgala adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topary hasap edilýär. Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. «Agzybir maşgala — berk döwlet» diýilýän düşünjeden ugur alynýan Watanymyzyň milli maşgala kanunçylygynda maşgalanyň kämil, berk bolmagynda är-aýalyň hukuklary we jogapkärçilikleri aýratyn berkidilip, kanunyň ähli düzgünleri maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmeginde, olara ýaşaýyş jaýyny almakda, telekeçilik işi bilen meşgullanmakda, maşgala agzalarynyň saglygy dikeldiş we lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagynda we durmuşyň beýleki ugurlarynda döwletimiz tarapyndan ýeňillikleriň toplumlaýyn ulgamynyň döredilmegi bolsa ýurdumyza maşgala bähbitleriniň ähli zatdan

Mähir mukamy

Eneleriň kalby söýgüden doly. Olaryň mähriban didelerini göreniňde bar ünji-aladaň zym-zyýat bolýar. Ene hüwdüsinde janlanyş bar. Men şol süýji hüwdüleriň manysyna diňe käbäm ýaly ene bolanymdan soň düşünip galdym. Ýaradanyň emri bilen ene bolmak bagty miýesser eden zenanlaryň ählisi bu hakykata göz ýetiren bolsalar gerek. Asyl, ol hüwdüler dag göwsüni ýaryp çykýan çeşmäniň gözbaşy deý, enäniň kalbynyň çuňlugyndan syzylyp çykýan eken. Ene göwni hüwdüler bilen ýaz güli ýaly açylyp, öz ýeten bagtyny mukama sazlaşdyryp beýan edýän eken. Ýüreginiň bir parçasy — balasyna dünýäniň ähli gowulyklaryny arzuw edip, kalbynyň owazyny zybanyna getirýän eneler ähli ýagşy umyt-arzuwlaryny hem hüwdüleriň üsti bilen aýdýar. Zeminiň, Arşyň arasyndaky ýagşydyr ýaman zatlardan bihabar körpejäni rahatlandyryp bilýän şol ajaýyp hüwdülerde kerem-keramat bar. Çünki olar ene kalbynyň arzuwy, eneleriň dileg-dogasy. Ene arzuwy bolsa, Arşda hasyl bolýan iň arzyly dilegdir.

Maşgalanyň abatlygy — döwletiň abadançylygy

Döwletiň abadançylygy, asudalygy, ösüşi hem özgerişi maşgaladan başlanýar. Aslynda, döwlet maşgalanyň bir ýurduň çäklerine, mümkinçiliklerine we şertlerine çenli giň gerim berlen görnüşi dälmi eýsem? Şeýle bolansoň, islendik ýurda sapar bilen ýa-da syýahat etmäge barlanda, şol döwleti tanamak, durmuş-ykdysady derejesine, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine göz ýetirmek üçin, ilkinji nobatda, halkyň hal-ýagdaýyna, ýaşaýşyna, jaýlaryň we öýleriň binagärlik aýratynlyklaryna hem-de olarda döredilen şertlere aýratyn üns berilýär. Şu babatdan alanyňda, bir tarapdan seredeniňde, maşgalalar we olaryň jaý bilen üpjünçiligi döwletiň ýüzüni görkezýär diýsek-de ýalňyş bolmasa gerek. Elbetde, aýtmak, diýmek, baha bermek dilde aňsat. Esasy gep olary durmuşa geçirmekde. Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, bir gatly öýleriň gurluşyklaryny ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň olara bolan elýeterliligini ýokarlandyrmak döwletiň esasy aladalarynyň birine öwrüldi. Netijede, Aşgabat şäheri bu gün bir başyndan beýleki başyna çenli ulag bilen gidilende-de ep-esli wagtyňy alýan, giň, owadan, häzirki zaman şäher gurluşygynyň, binagärliginiň halkara talaplaryna doly laýyk gelýän şähere öwrüldi.

Zenan — mähir dünýäsi

Haýsy ýurtda zenanlaryň kalby, olaryň öýi rahat bolsa, şol ýurdy bagtyýar, geljegini has röwşen hasaplap bolar. Çünki ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň terbiýesi, dünýägaraýşy şol nesilleriň enesinden gözbaş alýar. Gözbaş dury, sagdyn bolanda, onuň akabasynyň giň hem çuň bolýandygy ikuçsuzdyr. Adamzat döräli bäri bize gelip ýeten ýazuw çeşmeleriniň arasyndan Gün kibi lowurdap göze ilýän Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Görogly begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň... nusga alarlyk kämil durmuşynyň aňyrsynda olaryň mährem eneleriniň söýgüsiniň, siňdiren mähriniň durandygy taryhy hakykat. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir. Teatr sungaty bulary açyk, aýdyň öwrenmäge bizi hemişe borçlandyrýar. Teatr sahnasy bizden hemişe gözlegleri, ösüşleri, kämilligi talap edýär. Tehnologiýanyň şeýle ösen zamanasynda, islendik maglumaty internet ulgamynyň üsti bilen öwrenip bolýan döwürde barybir sahnadaky janly gahryman bilen duşuşyk tomaşaça ýiti täsir edýär. Duýgular, beýan edilmesi mümkin bolmadyk ahwallar sahnadaky artist bilen birlikde, tomaşaçyny hem heýjana salýar. Türkmen teatr sungatyna ykbalyny baglan halypa zenanlardan Sona, Suraý Myradowalar, Sabyr Ataýewa, Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gafurowa, Ýelizaweta Garaýewa, Oguldurdy Mä

Ýüreginde ýazyň keşbi

Möhür basylan ýaly keşdeler heýjanly baharyň heserli heňinden döreýär. Ol köňül gopuzyňy zarňyldadyp, geçmiş bilen şu güni duşurýar.  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary çeper elleriň taryha öwrülen keşbini janlandyrýar: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar». Zenan duýgularyny pyntyk deý ýaryp, bahar geldi. Asmandaky topbak-topbak ak bulutlaryň heýjana gelşini görsene! Olar hem baharyň ýakymyndan täsirlenip, bir ýerde duranoklar. Bir-de çaga hüwdüleýän ýaş gelne, bir-de ik egrip oturan garry enä çalym edýär. Serwi boýly gelinler enelerimiziň düýni, garry ene — ýaş gelniň ertiri. Olaryň arasynda üzülmeýän mähremlik, päklik halkasy şol aýlanyp dur, aýlanyp dur. Baharda naşyja ýaz gülleri depe-düzlere nur paýlaýar. Tebigat güllerden ýaşyl begres geýýär. Çeşmeleriň melhem suwuna zerden syrça çaýylýar. Bu pursat zenan gözelligine gözellik, ylhamyna ylham goşulýar. Birden ylhamyň joşup, harplardan söz, sözlerden goşgy döretmegi başarsaň dagy, onda ol şygyrlar edil bahar ýaly müdimi bolar. Bahar — ynsany ganatsyz galgadýan pasyl. Ol gyş ukusynda ýatan janly-jandarlary, ösümlikler dünýäsin

Sözleri şirin ene

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa segseniň onunda gezip ýören ene. Onuň bilen çagalykdan kalbynda mekan tutan halyçylyk sungaty barada gürrüň etdigiňçe, söhbediň uzap barýar. Ese-boýa galan gyzjagaz üçin ejesi Ogulnabat ejäniň dürli reňkdäki sapaklary erişleriň arasyndan çalasynlyk bilen geçirip, nagyş döredişi, ol nagşy emele getirýän çitimleriň bolsa günsaýyn köpelip, halynyň ýüzünde gölleriň emele gelşi geňdi. Gurbangözel üçin eline keser alyp, gölleri çitip başlan güni durmuşynyň iň bagtly pursatlarydy. — Asyl-ha, Bäherden, Gökdepe etraplarynyň gelin-gyzlary her bir döwürde-de haly, palas dokamagyň, el işlerini etmegiň ussatlary hasaplanypdyr. Iňňeden çykma kürteleri, çyrpylary keşdelemekde hem olar hiç kimi öňüne geçirmändir. Syn edip görseňiz, gelin-gyzlaryň aglabasy bu hünäri özüne hemra edinendir. Şeýle bolansoň, bu sungat ýyllar aşyp, şu günlere özüniň asyl keşbi, müdimiligi bilen gelip ýetdi — diýip, Gurbangözel ene aýdýar.

Peýdaly maslahatlar

Çaý ýa-da kofe demlenilende gaýnag suwy näçe beýiklikden guýulsa şonça hem gowy. Birinjiden, içgi kislorod bilen baýlaşýar, ikinjiden hem, tagamyna oňat täsir edýär. * * *

Öý bikesi öwrense...

Bananly kökeler Hamyry üçin gerekli önümler: 300 g dorag, 1 sany ýumurtga, 2 sany banan, 100 g un, 1 çaý çemçe gabartma tozy, 100 g şeker, 50 ml ösümlik ýagy.

Zenan mähriban ynsan

Maşgalanyň rysgal-berekediniň, edim-gylymynyň, agzybirliginiň, abraýynyň köp babatda aýal maşgala baglydygy hemmämize mälimdir. Zenan diňe bir adamzadyň nesil daragtyny dowam etdiriji bolman, ol maşgala ojagynyň ýaraşygy, öýüň gelşigi, mähribanlyk mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz mähriban zenanlarymyza, eziz enelerimize, gözel gelin-gyzlarymyza bolan buýsanjyny şeýle beýan edýär: «Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine goşýan mynasyp goşantlary kalbyňy joşdurýar. Olar bilim ulgamynda ýaş nesillere döwrebap bilim bermegiň nusgalyk ýoluny görkezseler, ylym dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny subut edýärler. Diýarymyzyň çar künjünde gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekip, ynsan saglygynyň goragyny üpjün edýärler. Döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda özleriniň zähmetini gaýgyrmaýarlar.

Söýüň eneleri!

Endigime görä, işe ugramak üçin ulagymy otladym. Biraz gyzýança-da maşynymyň radiosyny açyp, aýnalaryny süpürişdirip başladym. Radiodan gelýän «Garrasak biz garraly, sen garrama, eje jan» aýdymyň owazy säheriň howasynda has üýtgeşik eşidildi. Saza hereketimi, aýdyma sesimi goşup, hiňlenjiräp durşuma okuwa gitmek üçin taýyn bolup gelen oglumyň daşymdan synlap ýylgyryp duranyny hem görmändirin. Özümi hernäçe şadyýan alyp barjak bolsam-da, içimdäki düşnüksiz müýnli duýgy aýrylyberenokdy. Şeýle ýagdaýda oglumyň adaty sowaly maňa birhili ýakymsyz eşidildi: «Kaka, aýdym aýdýaňm-aý?» Göwnüme, oglumyň ýylgyryşynda-da ýaňsy bar ýaly duýuldy. Şol pursat içimde bir ses: «Ejeň garraman nirä gitsin, sähel zada gatyrganan bolup, öýke donuňy egniňe ters atyp, ýüzüňi turşadyp ýören özüň ýaly dargursak ogly barka» diýen ýaly boldy. Bu «ses» maňa juda ýakymsyz duýuldy. Düşnüksiz duýgulara gaplanyp, iş ýerime bardym. Şol gün işläp hem mazam bolmady. Içimde düşnüksiz bir duýgy keýpimi şol bozdy durdy. Aňymda bolsa, irdenki aýdymyň gaýtalanyp durşuna, göz öňüme ejemdir kakamyň keşbi janlandy durdy. Ýogsa-da, ejem bilen soňky gezek haçan ýürekden söhbet edip çaýlaşdymkam?! Kakama-da her gün irden endigime görä salam berýän diýäýmesem, şu çakda onuň bilen hem söhbet edenim ýadyma düşenok. Soňky döwür öz çagalarym ýetişip ugranyndanmy ýa-da akyl käsämiň azda-kände goýalýanyndanmy, ejemdir kakamyň ala

115 ýaşly mährem ene

Gülgün baharyň elwan günlerinde bu döwletli ojak ýene-de mähir-muhabbetli görnüşe dolup, toý şatlygy bilen gurşaldy. Giň ýaýrawly, döwletli maşgalanyň ogul-gyzlary, barça nebereleri jem bolup, 115 ýaşa gadam basan enäni mähribanlygyň gözel baýramy bilen gutladylar. Oýanyp başlan tebigatyň ýagty durky bilen has gözelleşýän pursatynda mährem ene uly maşgalanyň ähli agzalarynyň ýakymly aladalaryny hem guwanjyny ýaşyna görä tutnakly görünýän göwresinde jemleýär. Ol öýüň törüne müdimi gonan bagta meňzeýär... Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda ýaşaýan Sarygül Mätiýewa bu ojakda hem ata, hem ene ornunda bolup, öýüň söýegi, maşgalanyň söýenidir. Perzentleriniň bagtly durmuşyna guwanmak enäniň ýaşyna ýaş goşýar. Sarygül enäniň ogul-gyzlary döwletli ojak gurdular. Uzak ýaş — tebigatdan ynsana peşgeş berlen bagtyň iň ulusy.

Kebelek

Gerekli esbaplar: • Ak, gülgüne we melewşe reňkli lentalar;