Terbiýäniň kämil mekdebi

13 Aprel 2022
1657

Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen pähimler, nakyllar ösýän jemgyýetimizde ýokary ahlakly, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ygtybarly serişdedir. Halkymyzyň asyrlara uzaýan baý taryhy bar. Edil şonuň ýaly hem halkymyz çeper söz sungatyna, ylym-bilime, ýaş nesliň tälim-terbiýesine aýratyn mukaddeslik hökmünde garaýar.

Ata-babalarymyzyň parasaty, ene-mamalarymyzyň yhlasy, söýgüsi siňen halk döredijiligi dürli döwürlerde hem adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle ajaýyp gymmatlyklar pederlerimiziň şöhratly ýoluny, dilimizi, ýaşaýyş-durmuşymyzy, tebigatyň we ynsanyň arasyndaky arabaglanyşyk ýaly ugurlary öz içine alýar. Göwrümi boýunça kiçi, manysy bolsa umman ýaly çuň pähimler, nakyllar dürli döwürlerde dürlüçe kämilleşip, timarlanyp biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Gülälek BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar