Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Döwrebap Tiz kömek merkezi

Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilen. Bu ýerde işleýän kärine ezber lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly näsaglara ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berýärler. Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we okuw bölümlerinden ybaratdyr. Kabul ediş bölüminde näsaglara ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär hem-de degişli otaglardaky ykjam enjamlaryň üsti bilen olaryň keselleri anyklanylýar.

Saglygymyz öz elimizde

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini pugta berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Netijeli işler, ýürekden çykýan alkyşlar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, mundan bir ýyl ozal Saýat etrabynyň ýaşaýjylary hem-de saglygy goraýyş işgärleri ajaýyp serpaýa eýe boldular. Etrap merkezinde durky täzelenilen we mümkinçilikleri döwrebaplaşdyrylan hassahana şondan bäri etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary derejede hyzmat edip gelýär. Döwrebaplyk — bu saglyk merkeziniň esasy aýratynlygy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly öňdebaryjy döwletleriň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdylan hassahana ajaýyp döwrümizde okgunly ösüşleriň ähli sebitlere deň ýaýylýandygyny görkezýär. Bu ýerde şeýle döwrebap enjamlaryň 200-den gowragy bar.

«Dürdür bu janyň lezzeti...»

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda Magtymguly atamyzyň köpgyraňly şygryýetine ýokary baha bermek bilen, akyldar şahyrymyzyň ähladamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen şygryýet ummanynyň içinden ynsan saglygy hakyndaky öwüt-ündewleriň eriş-argaç bolup geçýändigini nygtaýar. Sagdyn iýmitlenmek, arassa ýaşamak, päkizelik ýörelgeleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde esasy orny tutmagy halkymyzyň jan saglygy bilen bagly meselä owaldan-ahyra aýratyn üns berendiginden habar berýär. Çünki sagdyn ýaşaýyş — kämil jemgyýetiň hamyrmaýasy. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen paýhasy döredipdirler. Magtymguly atamyz hem hut şonuň üçin: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ileri tutulýan häzirki döwründe Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny kalbymyza guýşumyz ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ot-çöplerden ýerlikli peýdalanmagy hem başarmagymyz gerek. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary ýakyn ýardamçymyzdyr. Biz ýokary okuw mekdebimizde talyplar bilen geçýän sapaklarymyzda Milli Liderimiziň halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrülen eserleri barada giňişleýin gürrüň edýäris. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri bilen bagla

Ýöremek — juwanlygyň syry

Arassa howadan dem almak, ýöremek ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Adamyň ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýen sözlerinden ugur alyp, bu günki gün ýurdumyzda Saglyk ýoluna yzygiderli ýörişe çykylýar. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda adam saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda uly tagallalar edilýär. Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özi hem Saglyk ýolundaky köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Hem ýokumly hem peýdaly

Saçaklarymyza görk berýän miweleriň biri-de hurmadyr. Ol diňe bir görk bermän, eýsem, saglygymyz üçin hem diýseň peýdaly önümdir. Hurmanyň miwesi halk lukmançylygynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýar. Onuň düzüminde С ýokumy, uglewodlar, organiki turşular we şeker saklanýar. Şol sebäpden ol ganazlykda, galkan şekilli mäz kesellerinde, onkibarmak içegäniň baş kesellerinde, aşgazanda ýokary turşulygy peseldiji serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar.

Aňasty güýç

Adam beýnisinde aňasty güýjüň bardygyny, belki, hemmämiz bilýän hem däldiris. Muny amerikaly ýazyjy, psiholog Jozef Mörfin subut edip, özüniň ýörite «Aňasty güýç» atly kitabyny hem ýazýar. Kitapda, hakykatdan-da, aňasty güýji bilen birnäçe kynçylyklary we keselleri ýeňip bolýandygy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, ähli döwürleriň ägirt şahsyýetleriniň iň uly syry aňasty güýçleri bilen baglanyşyp gurup bilmegindedir. Muny siz hem edip bilersiňiz.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil... Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Saglyk — beglik

♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. ♦Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp,  yzygiderli kabul etmeli.

Ene süýdi

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bäbejikleriň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini goldamak, şeýlelik bilen sagdyn nesli kemala getirmek wezipesi döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Ene süýdünden kadaly doýýan çaganyň dünýäsi gözelleşýär, çaga bedeni bolsa mähirden pürepürlenýär. Çagajyga mähir-söýgi ene süýdünden, enäniň ýyly gujagyndan, mahmal deminden geçýär. Dünýä inen çaga ömrüniň ilkinji alty aýynda ene süýdünden başga hiç zat berilmeli däl. Onuň ilkinji iýmiti bolan ene süýdi çaganyň täze ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşmagy üçin, ýokumy hiç bir nygmat bilen deňelmejek tebigy iýmitdir. Ol diňe bir iýmit bolmak bilen çäklenmän, eýsem, keselleriň öňüni alyjy güýçli serişdedir. Enäniň ilkinji owuz süýdi kesellerden goraýan antitelalara örän baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.

Beýi — şypaly miwe

Güýz aýlarynda miwesi mazaly süýjäp, hasyly ýetişýän miweleriň biri-de beýidir. Häzirki wagtda ak bazarlarymyzda ýakymly ysy kükäp duran bu miwäniň bollugyny, her bir raýat üçin elýeterlidigini görmek bolýar. Ýurdumyzyň birnäçe ýerinde beýiniň ýörgünli ady «aýwa» diýlip hem tanalýar. Beýiniň adam saglygyna örän peýdalydygy üçin, ol ir döwürlerden bäri şypa beriji miwe hasaplanyp gelinýär. Onuň asyl gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplansa-da, keremli türkmen tebigaty hem bu miwäni ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri özünde jemläpdir. Şeýle bolansoň, bu gün güneşli Diýarymyz beýiniň boldan ýetişdirilýän mekanlarynyň biridir. Beýi — nerw dartgynlylygyny köşeşdirýär, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar, bedendäki zyýanly duzlary aýyrmaga, aşgazan ýaralaryny bejermäge ýardam edýär, göz görejiniň ýitelmegini goldaýar, iýmit siňdiriş ulgamyndaky bozulmalaryň öňüni alýar hem-de sazlaýar, gany arassalaýar, sowuklama we sarygetirme kesellerini bejermekde hem uly peýdasy bar. Hatda beýi agajynyň güli hem adamyň ruhuna rahatlyk berýär.

Görer gözüň gymmaty

Gözüň nuruny, göreçleriniň ýitiligini goramagyň düzgünleri barada bilmek, bu ugurda lukmanyň maslahatlaryny diňlemek ähli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin peýdalydyr. Göz — bedeniň iň näzik synasy. Oňa çendenaşa agram bermekden gaça durmak gerek. Beýle bir mümkinçilik ýok bolsa, onda adam görüş ulgamynyň işini kadalaşdyryjy serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Şu maksat bilen äýnek ýa-da galtaşykly linza ulanýan adamlar wagtyň geçmegi bilen, has güýçli optiki serişdeleri saýlamaly bolýarlar. Bu ýagdaý gözüň äýnege ýa-da linza öwrenişip, özbaşdak işlemegi gowşadýandygy bilen şertlendirilýär. Şu jähetden, gözüň öz güýjünde işläp, myşsalaryny berkidip durmagy üçin, biraz pes belgili äýneklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Äýnekdir linzadan seýrek peýdalanyp, ýörite maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek görşi gowulandyrmagyň has ygtybarly ýoludyr. Ellerimizden telefon düşmeýär, kompýuterde işleýäris, elektron serişdelerde aýdym diňleýäris, kinofilmleri görýäris, maglumatlary öwrenýäris. Munuň bilen baglylykda, gerekli talaplary berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize aşa agram düşýär. Eýsem, kompýuter bilen işleýänler nähili düzgünleri berjaý etmeli?! Kompýuterde uzak wagtlap işlenende, ýüze çykýan görüş ýadawlygy lukmançylyk tejribesinde «kompýuter görüş sindromy» diýlip atlandyrylýar. Görüş ýadawlygy gözüň ýadamagy, ýygy-ýygydan gözüňi gyrpmak, gabaklaryň agyrlaşmagy ýa-da gözüňe gu

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin:

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. *Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygymyzy goralyň!

Ýokanç däl keselleriň hataryna degişli keselleriň biri süýjüli diabetdir. Nädogry iýmitlenip, aşa köp agram almak, az hereketlilik, ýygy duş gelýän nerw dartgynlylygy süýjüli diabetiň döremegine sebäp bolup biler. Kä halatlarda çagalaryň arasynda süýjüli diabet keseliniň döremegine olaryň irki ýaşda ene süýdi bilen däl-de, emeli süýt garyndylary bilen iýmitlendirilmesi, körpä goşmaça iýmit berlende düzüminde köp mukdarda emeli garyndylary saklaýan azyk önümleriniň ulanylmagy sebäp bolýar. Her bir saglyk öýünde «Saglyk mekdepleri» döredilip, bu ýere gelýän raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almakda kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden çetde durmagyň, fiziki işjeňligiň, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyryp alyp barmagyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ylaýta-da, süýjüli diabeti iň irki döwürde ýüze çykarmak, döremeginiň öňüni almak üçin maşgala lukmanlary öz meýdançasynyň çäginde ýaşaýan töwekgellik şertleri bolan adamlaryň toparyny gözegçilikde saklamaly. Öňüni alyş barlaglaryndan geçmek bu keseli gizlin döwründe ýüze çykarýar.

Immun ulgamyny işjeň ýagdaýda saklamak üçin peýdaly maslahatlar

Güýz paslynyň dowam edýän döwründe öz saglygyň barada alada etmek örän möhümdir. Sepgit döwründe sagdyn iýmitlenmek, howa görä geýinmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek esasy şertlerdir. Kadaly iýmitlenmek barada bellänimizde, günde azyndan 3-4 gezek iýmitlenmek we suwuk, buglanan naharlara ýykgyn etmek, gök we däneli önümleriň dürli görnüşlerini gündelik iýmek bedeniň immun ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam berýär. Günüň dowamynda bedenimiz ýeterlik derejede suwuklyk alanda immun öýjükleriniň kemala gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin hem dürli demlemeleri we melhemlik çaýlary içmek maslahat berilýär. Esasy ünsi ertirlik naharlaryna bermeli, ýagny ertirlikde süýtli, däneli önümler bolan dürli şüleleri iýmegi endik etmek bedeniň şol günki goraglylygy üpjün etjek immun öýjükleriniň kemala gelmegine ýardam berer. Immun öýjükleri gündelik täzelenip durýar, olaryň adam bedeninde täzeden kemala gelmegi üçin hökmany suratda ýeterlik mukdarda belok gerek. Belogyň esasy çeşmesi süýt önümleri bolup durýar. Däneli önümler bolsa beden üçin dürli witaminleriň, mikroelementleriň we uglewodyň çeşmesidir. Däneli önümleriň aglaba görnüşinde çylşyrymly uglewodlaryň saklanýanlygy sebäpli, beden diňe onuň gerekli mukdaryny özleşdirýär. Bu bedeniň gerekli wagta çenli dokluk duýgusyny saklamagyna ýardam berýär. Süýt önümlerinde D witamini saklanýar, süýt önüminiň düzüminde ýag bolanlygy sebäp

Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ösüş­le­ri

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak ug­run­da ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Saglygym — baş baýlygym

Saglyk her adam üçin hem, tutuş jemgyýet we döwlet üçin hem iň uly baýlykdyr. Şu ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleri esasynda binýady berkden tutulan milli saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da ösdürilýär. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi, hususan-da, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işe girizilmegi Watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän irginsiz aladalaryň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Raýatlaryň saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, inçe hünär ugurly lukmanlary taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

Sazyň saglyga täsiri

Aslynda, saz diňlemäge göwnüňi açmagyň we dynç almagyň serişdesi hökmünde garalýar. Ýöne geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine ser salanyňda, olaryň ynsan saglygyna hem örän uly täsiriniň bardygyny aýdyp bolar. Saz lezzet almagyň çeşmesi, şol bir wagtyň özünde onuň birnäçe psihologik täsirleri hem bar. Saz beýniniň rahatlanmagyna, bedeni gurplandyrmaga, hat-da adamlaryň yzasynyň hem azalmagyna öz täsirini ýetirýär. Saz diňledilýän restoranlarda saz goýberilmeýän restoranlara garanyňda, iýmitiň az iýilýändigini geçirilen barlaglar görkezýär. Edil şonuň ýaly hem, operasiýa geçiren näsaglaryň saz diňlänleri çekilýän yzalarynda saz diňledilmedik näsaglara garanyňda, özlerini çalt ele alýandygy barada maglumatlarda bellenilýär. Saz terapiýasy saglygyňy berkitmäge, näsaglaryň özlerini gowy duýmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Saz diňlemegiň peýdaly taraplary hakynda şulary görkezip bolar:

Saglygy goraýyş strategiýasy hereketde

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.