Gözüň nuruny, göreçleriniň ýitiligini goramagyň düzgünleri barada bilmek, bu ugurda lukmanyň maslahatlaryny diňlemek ähli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin peýdalydyr. Göz — bedeniň iň näzik synasy. Oňa çendenaşa agram bermekden gaça durmak gerek. Beýle bir mümkinçilik ýok bolsa, onda adam görüş ulgamynyň işini kadalaşdyryjy serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Şu maksat bilen äýnek ýa-da galtaşykly linza ulanýan adamlar wagtyň geçmegi bilen, has güýçli optiki serişdeleri saýlamaly bolýarlar. Bu ýagdaý gözüň äýnege ýa-da linza öwrenişip, özbaşdak işlemegi gowşadýandygy bilen şertlendirilýär. Şu jähetden, gözüň öz güýjünde işläp, myşsalaryny berkidip durmagy üçin, biraz pes belgili äýneklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Äýnekdir linzadan seýrek peýdalanyp, ýörite maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek görşi gowulandyrmagyň has ygtybarly ýoludyr.
Ellerimizden telefon düşmeýär, kompýuterde işleýäris, elektron serişdelerde aýdym diňleýäris, kinofilmleri görýäris, maglumatlary öwrenýäris. Munuň bilen baglylykda, gerekli talaplary berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize aşa agram düşýär. Eýsem, kompýuter bilen işleýänler nähili düzgünleri berjaý etmeli?! Kompýuterde uzak wagtlap işlenende, ýüze çykýan görüş ýadawlygy lukmançylyk tejribesinde «kompýuter görüş sindromy» diýlip atlandyrylýar. Görüş ýadawlygy gözüň ýadamagy, ýygy-ýygydan gözüňi gyrpmak, gabaklaryň agyrlaşmagy ýa-da gözüňe gum guýlan ýaly bolmagy, gyzarmagy, gözüň öňüniň ümezlemegi ýaly alamatlar arkaly ýüze çykýar. Göz ýadawlygynyň agyrlaşan ýagdaýynda, gözüň ýaşarmagy, ýagtylyga aşa duýgurlyk, hatda şekilleriň goşa görünmegi-de bolup biler. Görüş ýadawlygy kellagyry we eginleriň agyrmagy, maňlaýda, gözüň hanasynda ýa-da göz almasy hereketlenende, agyrynyň döremegi ýaly alamatlar bilen hem ýüze çykýar. Bu ýagdaýlaryň esasy sebäbi gözüň görüş aýratynlyklarynyň üýtgemegidir.