Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sagdyn bolaýyn diýseň...

Säher bilen arassa howada gezelenç etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin

-Keselden goranmak üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly. -Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem halkymyzyň abadan durmuşda sagdyn ýaşaýşyna gönükdirilen ençeme netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramaga gönükdirilen möhüm wezipeler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap düzümi kemala getirildi. Ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň soňky gazanan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, anyklaýyş-maslahat beriş merkezleri, hassahanalar yzygiderli gurlup we düýpli durky täzelenip, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ilata döwrebap saglyk hyzmatyny amala aşyrmakda, ýokanç we ýokanç däl keselleri başlangyç döwründe anyklamakda, ýüze çykarmakda we bejermekde iň täzeçil usullar ulanylýar.

Peýdaly maslahatlar

■ Keselden goranmak üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly. ■ Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada gezelenç etmeli.

Şugundyr — peýdaly iýmit

Ýurdumyzda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän gyzyl şugundyr tagamly we ýokumly önüm bolup, ter, gaýnadylan we buglanylan görnüşinde peýdalanylýar. Soňky döwürde alymlar şugundyryň biologiki işjeňlige hem-de saglygy berkitmekdäki we keselleriň öňüni almakdaky peýdaly taraplaryna has köp üns berýärler. Şugundyr ýokumlaryň we minerallaryň köp görnüşini özünde jemleýär. Ýürek-damar we degna keselleriniň öňüni almakda ol möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu önümde demir, ýod, sink, kaliý, magniý, marganes, fosfor we mis ýaly mikroelementler köpdür. Şu aýratynlygy üçin şugundyr bedende maddalaryň alyş-çalşygyny gowulandyrmakda, ýürek-damar, gormonal ulgamlaryň sagdyn bolmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, peýdaly maslahatlar:

Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. Açyk, arassa howada gezelenç etmeli.

Peýdaly maslahatlar

Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary baradaky maglumatlar beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.

Saglygy goraýyşdaky belent sepgitler

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bu ugurda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Häzirki zamanyň iň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ulgamda işleriň barha öňe ilerleýändiginiň güwäsidir. Saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigi, döwrüň talaplaryna laýyklykda, olaryň yzygiderli täzelenýändigi ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň gitdigiçe kämilleşýändigini görkezýär. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany» şolaryň hatarynda buýsanç bilen görkezmek bolar. Bular ýurdumyzda adamlaryň saglygyny gorap saklamagyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň nyşanydyr.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bütin dünýäde öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen köptaraplaýyn, ýokary netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi türkmen hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde, amaly tejribe alyşmakdan başga-da ýurdumyzda täze gurulýan saglyk merkezlerini döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen maslahat hem iki döwletiň arasynda barha berkidilýän hyzmatdaşlygyň oňyn netijesine bagyşlandy. «Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär» atly maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirildi.

Ir-iýmişleriň peýdaly häsiýetleri

Türkmen topragy dürli häsiýetdäki dermanlyk ösümlikleriň jemlenen mesgenidir. Muny Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinden hem hemmämiz bilýäris. Gündogaryň meşhur alymy Ahmet Bijanynyň «Ýaradylan ajaýyplyklaryň geň galdyryjylygy» atly kitabynda hem gözel Diýarymyzyň ir-iýmişleriniň, miweleriniň adamyň jan saglygyna peýdasy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu eser türkmen alymlary tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip, onuň adam saglygy üçin bahasyz gollanmadygy ykrar edildi. Meşhur alymyň bu kitabynda injiriň peýdasy, ony ulanmagyň usullary barada giňişleýin maglumat berlipdir. Ol: «Injiriň suwuny çüýrän dişe çalsalar, peýdalydyr. Syrkaw kişä injir hoş ýakar. Injiri köp iýýän adamyň ýüzi nurly bolar» diýip beýan edipdir. Ol nar agajynyň ähmiýeti barada hem: «Nar agajynyň şahasyny bir ýerde goýsalar, ol ýerdäki mör-möjekler gider» diýip belläp geçipdir. Bu usul häzir hem ene-mamalarymyz tarapyndan ulanylýar. Nar agajynyň ýapraklary ýüňden taýýarlanan önümleri, başgaplary, içmekdir ýüň çäkmenleri, haly-palaslary güýeden goramakda heniz-henizler hem ulanylýar. Mör-möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýandygy üçin, onuň ýapragyny bugdaýyň ýa-da arpa dänesiniň arasynda goýupdyrlar. Naryň gany arassalamak, azganlylygy kadalaşdyrmak häsiýetiniň bard

Kadalary berjaý ediň!

Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde D we С witaminlere baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki gök-bakja önümlerini) peýdalanmaly. * * *

Saglyk — ömrüň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmakda, halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumlaryň netijesinde halkymyz saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatyndan peýdalanýar, ýurdumyzyň oba-şäherçelerinde hem dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri halkyň hyzmatynda. Olaryň hatarynyň barha artýandygy bolsa, halkymyzy has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda üstünlikli durmuşa geçirilýän şunuň ýaly tutumlar bedenterbiýäniň hem-de sportuň işjeň hereketleri bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle işler ynsan ömrüniň dowamlylygyny has-da uzaltmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da ýaşlarymyzyň köpçülikleýin sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini saýlap almagyna itergi berýär.

Gyş paslynda kadalary berjaý ediň!

♦Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. ♦Paslyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, şoňa görä geýinmeli.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan syýasatyň, ilkinji nobatda, adamlaryň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmegi kalbyňy buýsanja besleýär. Bu babatdaky her bir başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna, ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Şeýlelikde, halkyň saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny we hil derejesini halkara ülňülere laýyk getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Il saglygyny goramakda we pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän tutumlarda oňyn netijeleri gazanmakda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bu babatda uly sepgitlere ýetildi. Sport desgalary, mekdepleri sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň, aýratynam ýaş nesillerimiziň arzyly ýerlerine öwrüldi. Türkmen türgenleriniň dürli derejeli halkara ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelemekleri hem şeýle hakykatyň subutnamalarydyr.

Sag­lygy goraýyş ulgamy ösüş ýo­lun­da

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we bu ugurda belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Watanymyzda häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary we bejeriş-anyklaýyş merkezleri ilatymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary hödürleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi ýurdumyzda ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurdumyza saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmak üçin ilkinji lukmançylyk enjamlarynyň getirilmegi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligini, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänamasynyň, BSGG-niň Supramilli referens-barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamasynyň berilmegi saglygy goraýyş edaralarynyň, ylmy-kliniki merkezleriň hünärmenleri üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Guradylan miweleriň peýdasy

Sagdyn bolmak üçin zerur bolan witamindir minerallar, peýdaly serişdeler iýmit önümleriniň üsti bilen üpjün bolýar. Miwedir gök-bakja önümleri witaminlere hem-de mineral maddalara baý bolansoň, olary gündelik iýmit sanawyna goşmak hökmandyr. Diýarymyzyň ak bazarlarynda, dükandyr söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda-da dürli miwe hem-de gök-bakja önümleri halka hödürlenýär. Häzirki möwsümde, esasan-da, С witaminine baý bolan kiwi, limon, pyrtykal, mandarin, banan, nar, kelem, brokkoli, turp, noýba ýaly önümleri iýmek has peýdalydyr. Çünki С witamininiň dümewlemäniň öňüni almakda hem-de bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmakda täsiri uludyr. Miweleriň düzümindäki witaminler diňe ter görnüşinde däl, eýsem, guradylan görnüşinde-de öz peýdaly ähmiýetini ýitirmeýär. Guradylan islendik miwe edil ter miweler ýaly witaminler toplumyny, mineral maddalary, fitonsidleri, pektinleri öz düzüminde saklap galýar. Olary hatda awitaminoz nähoşlugynda (witamin ýetmezçiliginde) iýmek örän peýdalydyr. Guradylan miwelerdäki kalsiý saçyň, dyrnagyň kadaly ösmegine, süňkleriň saglygyna ähmiýetlidir. Magniý hem-de kaliý bolsa ýürek-damar we nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegi üçin, demir bolsa ganazlykda örän peýdalydyr.

Gyş: Kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Derde derman çöpboýa

Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriniň biri-de çöpboýadyr. Ýurdumyzda onuň dört görnüşi duş gelýär. Çöpboýa — gadymy dermanlyk serişde. Boýy 50 — 100 santimetre ýetýän porrugy uzyn, ýazylyp ösýän şahalary bogunlarynda ýognaýan, açyk ýaşyl reňkli ýaprakly ösümlik. Onuň kökleri we porruklary dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ir baharda (mart) ýa-da güýzde (sentýabr) ýygnamaly. Açyk howada guratmaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltalara gaplamaly. Gury hem salkyn ýerde saklamaly. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri irki wagtlardan bäri bellidir. Ol baradaky ilkinji maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Biruniniň işlerinde duş gelýär. Abu Aly ibn Sina özüniň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eserinde çöpboýany demrewi, deriniň ýüzündäki dürli menekleri aýyryjy hökmünde maslahat berýär. Abu Reýhan Biruni: «Çöpboýa arassalaýjy serişde bolmak bilen, bagryň hem dalagyň dykyn alan ýerlerini açýar» diýip belleýär.

Gök önümleri we miweleri köpräk iýiň!

Ine, lukmanlaryň kesellerden goranmakda tekrarlaýan sözleri. Ýylyň ähli paslynda-da miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Çünki miweleriň hem-de gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümleri iýmek maslahat berilýär. Olaryň bir görnüşi beýlekisiniň ornuny tutmaýar, her biriniň adam bedenine peýdasy uludyr. Mysal üçin, pomidor adam saglygyna örän nepli bolup, ol düzüminde A, C, K, B1, B3, B6, B7 witaminlerini, şeýle-de demir, sink, magniý elementlerini saklaýar. Ol gan-damar ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar, böwregiň oňat işlemegine ýardam berýär. Ýürek keseliniň döremek howpuny azaldýar, iýmit siňdiriş ulgamyna we bagra kömek edýär. Pomidoryň baý düzümi deriniň sagdyn bolmagyna kömek edýär we düwürtikler bilen göreşmäge ukyplydyr. Onuň şiresi gandaky C witamininiň mukdarynyň artmagyna ýardam etmek bilen, bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Süňklerdäki kalsiý ýetmezçiliginiň öwezini dolmakda hem pomidoryň peýdasy uludyr. Saçyň öwşün atmagy we ýumşak bolmagy üçin biziň gündelik iýmitlerimize K witamini gerek bolýar. Saçymyzyň çalt ösmegi we gür bolmagy üçin pomidoryň şiresini içmek maslahat berilýär. Hyýar düzüminde köp mukdarda suw, peýdaly witaminleri we kaliý duzuny saklaýar. Ol iýmit siňdiriş mäzleriniň işleýşini artdyrýar, gany arassalaýar. Ýadawlygyň aýrylm

Gyş paslynda kadalary berjaý etmeli

— Pasla görä geýinmeli, bu babatda çagalaryňyza hem gözegçilik ediň. — Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmeli. Elleriňizi arassa saklamaly.