Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň gözbaşy
Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagdynlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar adamyň bedeninde madda çalşygyny kadalaşdyrýar, güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup durýar. Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden hem gowrak bölüp çykarýar. Adamyň bedeninde suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly we gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da haýyrlydyr. Naharlanylanda howlukman, oňat çeýnelip ýuwdylsa, has gowy. Aşgazan mäzleriniň çykarýan şiresiniň zerur jisimleri işläp taýýarlaýşy bozulmaz ýaly, nahar wagty iş-aladalary unutmaly. Çaýy nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli. Nahardan soň bir sagada golaý açyk howada, aýratyn hem agşamlyk gezim edilse, naharyň siňmegine ýardam edýär. Nädogry naharlanmak, ýagny köp iýmek ýa-da doýmazlyk, lukmana sala salman horlanmak, aç gezmek, gyzgyn ýa-da gaty, sowuk zatlary iýip-içmek bedende madda çalşygynyň bozulmagyna, umumy ý