Hormatly Prezidentimiziň «Adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygydyr» diýen baş ýörelgesine eýerilip, häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almakda şypahana bejergisi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Şu günki gün ýurdumyzda birnäçe şypahanalar hereket edýär. Olar ýylyň dört paslynda-da köp adamly. Adamlaryň saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň esasynda Baýramaly, Awaza, Arçman, Farap, Mollagara, Berzeňňi, Daşoguz, Bagabat, Ýyly suw şypahanalary dünýä ülňülerine gabat gelýän anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
Şypahanalarda tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly raýatlara berilýän şypalar öz öňyn netijesini berýär. Melhemler mekany bolan ýurdumyzyň ajaýyp şypahanalarynyň amatly howa şertleri, Gün şöhlesi, mineral suwlary, gözel tebigaty hem-de bejeriş usullary saglygyňy berkitmekde örän täsirlidir.