Pyýada ýöremek peýdalydyr
Sagdyn ýaşamak üçin arassa howada pyýada ýöremek juda peýdalydyr. Arassa howaly tebigatda edilýän hereket müň-bir derdiň dermanydyr. Aýratyn hem, açyk howada, arassa, owadan gurşawda pyýada ýöremek, tebigata syn etmek adamyň ruhuny göterip, immun ulgamynyň we dem alyş organlarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedende gan aýlanyşygyny işjeňleşdirip, allergenlere çydamlylygy, süňkleriň we bogunlaryň çeýeligini artdyrýar hem-de myşsalary gurplandyrýar. Bularyň ählisi bilelikde, ynsan ömrüni uzaldýar. Eger adam aladaly bolsa, pyýada ýöremek onuň göwnüçökgünligi ýeňip geçmegine kömek edýär. Pyýada ýöremek zehin aýdyňlygyna, döredijilik pikirleriniň döremegine hem itergi berýär. Yzygiderli pyýada ýöremek akyl rahatlygyna we bedeniň azda-kände fiziki ýadawlygyna sebäp bolýar. Ýurdumyzyň ýaşyl bagly, reýhan gülli seýilbaglarydyr ýodalary, döwrebap stadionlardyr olaryň töweregindäki meýdançalar, köçeleriň al-ýaşyl «jähekli» ýanýodalary we şuňa meňzeşler pyýada ýöremäge diýseň amatly ýerleri göwnüňi göterýär. Çünki, ýöremäge çykylan gurşawyň bag-bakjaly bolmagy dem alynýan howanyň arassalygyny üpjün etse, görnüşleriň, gözýetimiň owadanlygy adamyň keýpiçaglygyny ýokarlandyrýar, ýöredigiçe süňňi ýeňleýär. Bu ýagdaýlar her günüň şol bir wagtynda pyýada ýöremäge çykmak endigine hem imrindirýär. Pyýada ýöremek üçin düýbi düz, rahat aýakgaplary saýlap almaly. Ýaz, tomus