Sepgitdäki zerur seresaplyklar

2 Aprel 2024
712

Gözel Diýarymyza nobatynda gelýän pasyllaryň hersiniň täsirli aýratynlygy bar. Ýöne şolardan tirkeşigini bozmaýan, hökümini ýöredýän bahar möwsümi pasyllaryň soltany saýylýar, çünki bu döwürde külli tebigat janlanýar, jümle-jahan ýaşyl dona bürenýär. Dideleri özüne bendi edýän bu ýakymly görnüş ynsanyýeti joşa getirýär. Çünki bu döwürde howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy adamlaryň käbiriniň, aýratyn hem, ýaşulularyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär.

Bahar sowuklamasyndan we wirus infeksiýasyndan ägä bolmaly. Ýagyş, çapgyn şemal hem howanyň çyglylygynyň üýtgäp durmagy ynsanyň, immun ulgamynyň goragyny peseldýär. Sowuklamanyň öňüni bowetlemegiň ygtybarly usuly — ýörite sanjym almakdyr. Mundan başga-da dümewden goranmagyň iň aňsat hem oňaýly täri — elleriňizi tiz-tizden ýyly suw bilen sabynlap ýuwmakdyr, sebäbi ýokanç keselleriň 80 göteriminiň galtaşmak arkaly geçýändigine üns bermeli. Nahar iýýärkäňiz ýaş soganyň we sarymsagyň peýdalydygyny ünsde saklaň. Olaryň düzümindäki fitonsitler mikroblaryň köp görnüşinden goraýar. Burçly unaş hem derläp içseň örän ýaramly. Iş hem-de ýaşaýan otaglaryňyzy tiz-tizden ýelejiretmeli, çünki mikroblar, wiruslar öýüň kapas howasynda uzak eglenýär. Üsgüreniňizde elýaglyk bilen agzyňyzy ýapyň. Şeýdeniňizde töweregiňizdäkileriň saglygyny goraýarsyňyz. Köçä çykmazyňyzdan ozal, öňüni alyş maksady bilen, burnuňyza oksalin mazyny (melhemini) çalyp, dolanyp geleniňizden soňra ony ýyly suw bilen ýuwmagy endik ediniň. Gök önümleri, miweleri köpräk peýdalanmagy gün tertibiňize giriziň. Miweleriň narynç (sary, sarymtyl, şyrky, gyzyl, gyzylymtyl, melewşe, goňur...) reňklilerini iýmek, dümewden goranmaga ygtybarlydygy tekrarlanýar. Gök önümleri iýmezden ozal gowy ýuwmaly.

Amanmuhammet Gurbanow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti.
Beýleki habarlar