Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Depressiýalaryň döremeginiň insultyň ýerine we derejesine baglylygy

Bahargül MEREDOWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasy Soňky ýyllarda insultdan ejir çekýänleriň sany barha köpelýär, şol bir wagtda bolsa bu keselden ýogalýanlaryň sany azalýar. Bular, ilkinji nobatda, näsaglary bejermegiň usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen düşündirilýär.

Metaboliki sindromyň öňüni alyş çäreleriniň wajyplygy

Çary NAZAROW, Gül-Bibi GELDIÝEWA, Batyr GURBANGULYÝEWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, kadaly fiziologiýa kafedrasy Artykmaç agram bilen semizlik metaboliki bozulmalaryň ýaýran görnüşi bolup, häzirki döwürde lukmançylyk meseleleriniň esasyny düzýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, semizligiň ýaýramagy soňky ýyllarda 60-80% ýokarlanyp, bu patologiýa diňe uly adamlaryň arasynda duş gelmän, eýsem, ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda hem onuň sany ýylsaýyn artýar [8]. Köp sanly alymlar tarapyndan bu meseläniň artmagyna häzirki döwürde gipodinamiýanyň we nädogry iýmitlenmegiň sebäp bolýandygy subut edildi [1, 2, 7]. Ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda bu keseliň sanynyň artmagynyň sebäpleri doly öwrenilmedikdir.

Ösmeýän göwreliligiň gematologiki markýorlary

Nargözel MYRATNAZAROWA, Güljahan HOJAMBERDIÝEWA, Swetlana PLESKANOWSKAÝA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy, Ylmy-barlag merkezi Häzirki zaman akuşerçiliginde ösmeýän göwrelilik (ÖG) wajyp meseleleriň biri bolmak bilen reproduktiw ýitgileriň 10-20%-ni tutýar [1-5]. ÖG-niň köp meseleleri oňat öwrenilip, olaryň anyklaýyş we bejeriliş algoritmleri işlenip düzüldi. ÖG-niň sebäpleri köp dürli bolup, olara genetiki faktorlar, alawlama hadysalary, endokrin, gemostaz we autoimmun bozulmalar degişlidir. Emma 40% ýagdaýda düwünçek ýitgisiniň sebäbi näbelliligine galýar [1, 2, 6].

Menopauzaly zenanlaryň ýürek-damar ulgamyna estrogenleriň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy Klimakteriki döwürde, owariektomiýadan soňky ýagdaýda, dowamly alawlama hadysalar sebäpli, ýumutgalyklaryň gormonal işiniň bozulmagynda zenanlaryň ýürek-damar ulgamynda aýdyň metaboliki we funksional üýtgemeler ýüze çykýar [2, 18, 21].

Injik-daban bognunyň şikesden soňky artrozynyň häzirki zaman bejergi usuly

Alym NAZAROWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi Injik-daban bognunyň artrozy bolan näsaglaryň bejergisi – möhüm lukmançylyk we durmuş-ykdysady mesele bolup durýar. Bu bolsa, esasanam, injik-daban bognunyň artrozynyň köp duş gelýändigi we bu patologiýada maýyplygyň ýokarlygy bilen baglanyşyklydyr [1-3].

Çagalarda Kawasaki keseli

Ýazgylyç ÝAWAN, Maral ŞYHLYÝEWA, Ogulkeýik BÄŞIMOWA, Rozygül ORAZOWA,Baýmyrat GOWUŞOW, Aýjahan HOMMYÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet pediatriýasy kafedrasy Kawasaki keseli (Kawasaki sindromy, deri-nemli limfanodulýar sindromy) orta we ownuk arteriýalaryň özboluşly zeperlenmesi we destruktiw-proliferatiw waskulitiň emele gelmegi bilen ýiti geçýän patologiýadyr. Ol kliniki taýdan gyzdyrma, nemli bardanyň, deriniň, limfatiki düwünleriň üýtgemesi, käte koronar we beýleki arteriýalaryň zeperlenmesi bilen ýüze çykýar. Bu kesel Ýaponiýada has ýygy duşýar (5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 112 sany). Russiýada 2016-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen 5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 6,6 ýagdaýda anyklandy. Şu keselden ölüm 0,1-0,5%-e barabardyr. Kawasaki keseliniň etiologiýasy we döreýşi entek az öwrenilendir [3].

«Zemin we ynsan saglygynyň nyşany»

Zeýtun agajynyň ýapraklary ir döwürlerden bäri parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylyp gelinýär. Şonuň üçin-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Döwlet baýdagynda parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun ýapragynyň şekili ýerleşdirildi. Bu agajyň miwesi ynsan saglygy üçin-de iň gymmatly önümleriň biridir. Oňa «Zeminiň we ynsanyň saglygynyň nyşany» diýsek hem ýalňyş bolmaz. Sebäbi parahatçylyk — zeminiň, ýaşaýşyň, durmuşyň sagdynlygy. Käbir ylmy tapyndylar 6 müň ýyl öň hem adamlara zeýtun miwesiniň tanyş bolandygy baradaky pikirleri öňe sürmäge esas berýär. Babyl şasy Hammurapiniň miladydan öňki 1700-nji ýyllara degişli hasaplanýan kanunlar ýygyndysynda zeýtun ösümligi baradaky maglumat ilkinji gezek getirilýär. Zeýtun Gadymy Müsür bilen baglanyşykly suratlarda-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Ýunanlylar bolsa ony gözellik serişdesi hökmünde-de peýdalanypdyr. Dünýä ýüzünde 500-den gowrak görnüşi hasaba alnan zeýtunyň azyk senagatynda diňe 25 görnüşi ýaramly hasaplanylýar.

Gymmatly baýlyk

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.  Ýiti  respirator wiruslar sebäpli döreýän dem alyş ýollarynyň esasy keselleriniň biri hem ýiti bronhit keselidir. Ol ýiti  respirator wiruslar sebäpli döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýydyr. Respirator wiruslaryna birnäçe ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller ýüze çykyp bilýär. Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogolly içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgemegi sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde hem ýiti bronhit döräp biler. Bronhitiň esasy alamaty üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde üsgülewük tutgaý görnüşli bolýar. Käte tutgaý görnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Ol ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynyň galmagyn

Kitap — ruhubelentligiň çeşmesi

Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak, ruhy ahwalayňy baýlaşdyrmak ýaly ençeme peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de kitap okamak ynsan saglygyna oňyn täsirlerini ýetirýär. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Bilermenleriň bellemegine görä, kitap okamak nerwini rahatlandyryjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny dep edip biler.

Bagtyýar çagalygyň Diýary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygyny goramak, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini ýokary derejeli guramak, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga köpugurly şertleri döredýär. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyzyň hyzmatynda. Mary welaýat çagalar hassahanasyna gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitory enjamynyň sowgat berilmegi bu işleriň üstüni ýetirdi. Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş yl

Saglyk — ömrümiziň baş baýlygy

Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, adamlaryň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, iň täze we kämil anyklaýyş-bejeriş usullaryny ulanmak arkaly ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmak ýaly maksatlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşler täze belentliklere sary ilerleýär. Bu ugurda gazanylýan oňyn özgerişlikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsünden hem sowa geçmeýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde döwrebap binagärlik taslamalary esasynda gurlup, dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň öndüren lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Kaşaň binalarda ýerleşen, iň soňky tilsimatlar ornaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri, diňe bir şäherlerde däl, eýsem, obalarda hem az däl. Ýokary bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan okuw mekdebinde — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukmanlar üçin kämilleşdiriş okuwlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň ýola goýulmagy, şeýle-de derman senagaty kärhanalarynyň hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan şypahanalaryň döredilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, onuň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

Ulgamyň ösüşli menzilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» ýaly maksatnamalardyr strategiý

Gyş: sagdynlyk kadalary

Düýe maly — dünýe maly

Lukman hekime: “Sen bolmasaň, biz nädip syrkawlykdan saplanaly” diýseler “Düýe saklaberiň” diýipdir... ...Ora çopan goş üçin iner däl-de inen alyp: “Saza haýwanlaryň içinde at bilen düýe düşünýändir” diýip, ýaňy botlan düýäň beýleräginde oturyp dutar çalardy. Aslynda, köşegini almaýan düýäniň ýanynda dutar, gopuz çalynsa mukama meýmireýän maýa abşaryp emdirer eken. Şeýle waka Kasym Nurbadyň: “Dilim gyrk” kitabynda hem bar. Garry çopanyň düýe sagyp, çal tutuşyny ilki geňleseňem, çölüň epgeginde çaldan doýansoň oňlaýaň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Dertlere derman kädi Babam çöl eteginde akar suw gelýän ýere hyýar, pomidor, mäş, noýba, ýagyş suwunyň köp durýan ýerine düme gawun--garpyz ekerdi. Boş wagtymyz kömek üçin şol ýerlere gidenimizde, kiçi jigim Şadidar kiçijik piljagazy bilen çatmanyň töweregine garader bolup kädi çigit ekipdi. «Oýnap ekseň, boýnap biter» diýleni çyn eken. Çatmanyň ygyşagynda epgekden goranan kädiler onuň düýbünden depesine çenli dyrmaşyp, ilki çatmany sap-sary güllere büredi. Soňam sallanyşyp duran kädilerini şelpä, sümsülä, çür depesinde joňkaryp oturanlarynam gupbaň ýelek dakylýan ýerine meňzedip, çatmamyza «Gupbaly çatma» adynyň dakylmagyna sebäp bolupdy. Mamam: «Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» diýip, gyşyna gowrulan kädi çigidinden başlap, kädiden taýýarlanan datly tagamlary dermana derek iýdirerdi. Babam bolsa daş kädiniň içine sogan, sarymsak, burç bilen et dykyp çägä gömüp bişirişine: «Sary getirmäniň bire-bir emi bolan kädileriň kyrka golaý görnüşi bar» diýip, aşakdakylary sanawaç kimin sanardy: palaw kädi, daş kädi, sürteç kädi, peş kädi (selle kädi), dik boýun, gyjak kädi, äpet-äpet gujak kädi (haýwan kädi), egri boýun gaz kädi, şygyrdawuk zag kädi (oýunjak kädi), suw kädi, süýt kädi, gap kädi, duz kädi, Äşe-Patmanyň ýumrugy deý gyz kädi, iç keseline derman kädi, iýmedige arman kädi...

Peýdaly maslahatlar

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni alalyň! Pasla görä geýinmeli.

Düzgünleri berk berjaý ediň!

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Gyş paslynda saglygy berkitmekde peýdaly maslahatlar

♦Gyş paslynda wirusly ýiti respirator kesellerden goranmaly. ♦Howanyň sowamagy, ýagynly, garly bolmagy sebäpli, paslyň aýratynlygyna görä geýinmeli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. 

Saglyk — ýokary gymmatlyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.