Kitap — ruhubelentligiň çeşmesi

5 Dekabr 2024
132

Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak, ruhy ahwalayňy baýlaşdyrmak ýaly ençeme peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de kitap okamak ynsan saglygyna oňyn täsirlerini ýetirýär.

Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Bilermenleriň bellemegine görä, kitap okamak nerwini rahatlandyryjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny dep edip biler.

Gülnar ARAZOWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar