Baş maksadymyz — sagdynlyk
Ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giň gerim bermek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ýaş sporty söýüjileriň sanyny artdyryp, olary sagdyn durmuş endiklerine ugrukdyrmak döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu işleri netijeli guramakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň işgärleri-de yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olaryň Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda alyp baran işleri we Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda öňlerinde durýan wezipeleri barada bu guramanyň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Çopanow şeýle gürrüň berýär: — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hünärmenlerimiz orta we ýörite hünär okuw mekdeplerinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etdiler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlary jemläp, ýaryşlary, sportuň milli görnüşleri we halk oýunlary boýunça bedenterbiýe-sport çärelerini, «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly milli Spartakiadanyň çäklerinde dürli sport çärelerini geçirdiler. Olara çagalaryň, ýetginjekleriň ýüzlerçesi gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdi. Hünärmenlerimiziň hem-de bilim bölümleriniň işgärleriniň guramaklarynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň, Seýitnazar Seýdi adyn