Demodekoz blefaritleriň bejeriliş usullary
Jamilýa PINAÝEWA, Gunça ANNAÝEWA, Mekan SÄHETNIÝAZOW, Leýla GARAJAÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi Demodekoz – demodex urugyna degişli mugthor sakyrtga tarapyndan döredilýän gabaklaryň zeperlenmesi bolup, has giň ýaýran dermatozlaryň biridir [1, 2, 4, 6]. Gabaklaryň ähli alawlama keselleriniň arasynda demodex etiologiýaly ýüze çykýan blefaritler we blefarokonýunktiwitler 39-dan 88%-e çenli eýeleýärler [3, 4, 7]. Kesel ähli ýerlerde ýaýran, 89% göterijilerde bu patologiýanyň hiç hili ýüze çykmaýandygyna garamazdan, olarda mugthorlar tapyldy [1, 2]. Keseliň geçişi dowamly görnüşde bolýar, ýitileşme we remissiýa döwürleri bilen geçýär. Köp alymlar demodex urugyna degişli sakyrtgalary şertli patogenlere degişli edýärler, olar immunitetiň peselmegine itergi berýän belli bir şertleriň täsirinde özüniň işjeňligini ýüze çykaryp başlaýarlar (süýjüli diabet, AIU-nyň keselleri, stress ýagdaýlary, zyýanly endikler we başg.) [1, 3, 4, 6]. Biz elýeter edebiýatlarda süýjüli diabetli näsaglarda demodekozyň ýaýramagy barada köp maglumatlara duş gelmedik. Süýjüli diabet ýok näsaglar bilen deňeşdirilende, bu keselden ejir çekýän adamlaryň gabaklarynda sakyrtgalaryň ýerleşişiniň ýokary dykyzlygy ýüze çykaryldy [2, 4, 7].