Saglyk söhbeti
«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Söz sungatynyň zergäri hem ussady hasaplanylýan dana akyldarymyz Magtymgulynyň şygyrlaryny okanyňda, päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan şahyr şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. Şahyr özüniň şygyrlarynda agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik, mertlik we batyrlyk ýaly ynsany bezeýän oňat gylyk-häsiýetleri ündew edýän parasatly pikirleri öňe sürüpdir. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar.