Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Jemgyýetiň sagdynlygy — döwrüň talaby

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, halkyň abadan hem bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýän, göwünleri galkyndyrýan ajaýyp wakalara beslenýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk ösdürmekde, ýurdumyzda agzybirligiň, asudalygyň höküm sürmegini gazanmakda bitirilýän beýik işler döwlet Baştutanymyza bolan söýgi-buýsanjy has-da artdyrýar. Ylym-bilimiň döwletimiziň berk binýady bolmagy bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berýändigi-de aýdyň hakykatdyr. Döwletimiziň häzirki zaman ösüşini, eşretli ertirini üpjün etmek maksady bilen, ýaşlaryň bilimli, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar. Çünki şu günki ýaşlar Watanymyzyň geljegidir. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa göterjek ýaşlaryň zähmetsöýer, ilhalar, sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işlere goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Olaryň arasynda dürli çäreleri, bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirýäris. Çünki döwrümiziň ýaşlarynyň ilhalar raýatlar bolup ýetişmekleri diňe bir ene-atanyň ýa-da bilim işgärleriniň borjy däl-de, eýsem, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, geljek

Saglyk — beglik

♦Tomus paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. ♦Öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly.

Baş baýlygyň goragynda

Lukman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, raýatlaryň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy raýatlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurtda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri, möhüm wezipeleri kesgitleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň pugta binýady emele getirildi. Çagalaryň we eneleriň saglygynyň pugta goraglylygynyň üpjün edilmegi, köp ýaýran keselleriň, ýokanç keselleriň sanynyň düýpgöter kemelmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrylmagy, ilaty öz topragymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden hem-de ýerli çig mallardan öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmek boýunça döwrebap işleriň amala aşyrylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň gurulmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň uly ösüşlere beslenýändiginiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen b

Dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanyljak birnäçe ösümliklere aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Dermanlyk ösümlikleri köpdürlüligi bilen tapawutlanýarlar. Üzärlik, buýan köki, imbir, adaty hoz, atgulak, mekgejöweniň gulpagy, çopantelpegiň güli, käkilik oty, narpyz, ýandagyň güli, almanyň ýapragy halk köpçüliginde giňden ulanylýar.

Deňiz suwunyň saglyga peýdasy

Melhem suwlar barada gürrüň edilende, gojaman Hazar deňziniň müň derdiň dermany hasaplanýan şypaly suwunyň ähmiýetini aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Hazaryň ajaýyp kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginde çuňňur many bar. Häzirki wagtda bu täsin zolakda şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň onlarçasy işleýär. Zolakda bina edilen şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň düzüminde saglygy goramak we bejeriş bölümleriniň, melhem suwly howuzlaryň, sport toplumlarynyň, trenažýor zallarynyň, şeýle hem beýleki saglyk desgalarynyň bolmagy olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu günki gün adamlar deňziň hoştap howasyndan dem alyp, düzümi saglyk üçin peýdaly birnäçe maddalara baý bolan suwdan şypa tapýarlar. Dünýä lukmançylygynyň şaýatlyk etmegine görä, dargursaklyk, huşsuzlyk, döredijilik iş öndürijiliginiň peselmegi adamyň beýnisine ýeterlik mukdarda kislorodyň barmaýanlygy bilen baglydyr. Adam bedenine deňiz suwunyň üsti bilen, şeýle-de çygly howa arkaly dem alyş ýollarynyň üsti bilen siňýän ýod köp keselleriň öňüni almakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirmekde, bagryň we öt işläp çykaryş ýollarynyň işjeňligini artdyrmakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerine we kelle beýnisiniň aterosklerozyna garşy göreşmekde Hazaryň dürli mik

Peýdaly önümler

Tomus pasly witaminlere baý, ýokumly miwedir gök önümleriň bolluk bilen eçilýän döwri bolup, saglyk üçin olaryň peýdasy uludyr. Bu döwür kadaly iýmitlenilende beden witaminler, minerallar bilen üpjün bolup, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukyby artýar, beden agzalarynyň işi sazlaşykly amala aşýar. Gündelik saçakda miwedir gök önümleriň, olardan taýýarlanan tagamlaryň hem-de içgileriň bolmagyny gazanmak, sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biridir.

“Arçman” — melhemli mekan

Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy, şeýle-de agtyjaklary hem-de çowlugy bilen şypahananyň çägi boýunça gezelenç etmegi ulus-ilimizde guwanç duýgusyny döretdi. Ildeşlerimiziň buýsançly ýürek sözleri hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Çaryýar ANNASÄHEDOW,“Arçman” şypahanasynyň baş lukmany:

Laýyklyk güwänamalary — ýokary hiliň nyşany

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ýakynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem şeýle güwänama mynasyp bolupdy. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Bu standartyň işe ornaşdyrylmagy arassaçylyk gulluklarynda işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, hünärmenleriň öz işlerini ýokary derejede amala aşyrýandygyny, hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini görkezýär.

Gök ça­ýyň peý­da­sy

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Suw­dan soň gök çaý dün­ýä­de iň köp içil­ýän iç­gi­dir. Ada­ty gök çaý «Camel­lia si­nen­sis» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ösüm­li­giň ýap­rak­la­ryn­dan taý­ýar­la­nyl­ýar. Dü­zü­min­de ug­le­wod­la­ryň, wi­ta­min­le­riň, be­lok­la­ryň, hi­mi­ki ele­ment­le­riň köp­dü­gi se­bäp­li gök çaý adam be­de­ni üçin örän peý­da­ly­dyr. Şeý­le hem bu peý­da­ly iç­gi an­ti­ok­si­dant­la­ra we po­li­fe­no­la örän baý­dyr. Luk­man­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, be­den­dä­ki ar­tyk­maç ýag­lar­dan dyn­mak­da, be­de­niň kad­dy-ka­ma­ty­ny sak­la­mak­da, ýa­daw­ly­gy aýyr­mak­da, art­ri­tiň agyr­la­ry­ny pe­selt­mek­de gök ça­ýyň haý­ry kän­dir. Şeý­le hem gök çaý kä­bir be­den ag­za­la­ry­nyň we de­ri­niň so­wuk­la­ma­sy­nyň be­jer­gi­sin­de giň­den ula­nyl­ýar. Be­de­niň ke­se­le gar­şy uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da, çy­dam­ly­ly­gy ber­kit­mek­de hem gök çaý iç­me­giň ar­tyk­maç­lyk­la­ry bar­dyr. Luk­man­lar ýü­rek-da­mar, süý­jü­li dia­bet ke­sel­le­rin­den ejir çek­ýän­le­re-de gök ça­ýy köp­räk iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 To­mus möw­sü­mi­nde ho­wa­nyň aşa gyz­ýan gün­le­rin­de Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­ma­ly, şeý­le-de şah­sy, jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li.

Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet

Ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi baradaky ikinji Meýletin milli synyny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynda tanyşdyrylan bu syn giň goldaw tapdy. Forumyň mowzugy «COVID-19-dan soňky dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi» diýlip atlandyryldy. Türkmenistan BMG tarapyndan öňe sürlen maksatlardan başga-da, ýurduň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen baglanyşykly goşmaça maksatlary Meýletin milli syna girizdi. Olar durmuş derejesini ýokarlandyrmak (1-nji maksat); azyk howpsuzlygy (2-nji maksat); sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek (3-nji maksat); ýokary hilli bilim (4-nji maksat); gender deňligi (5-nji maksat); howanyň üýtgemegi (13-nji maksat) ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Arassa suw we sanitariýa (6-njy maksat); elýeterli we arassa energiýa (7-nji maksat); senagatlaşma, innowasiýa we infrastruktura (9-njy maksat); durnukly şäherler we ilatly nokatlar (11-nji maksat); durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk (17-nji maksat) şunda esasy maksatlar hökmünde kesgitlenildi.

Sagdynlyk we ruhubelentlik — kämilligiň gözbaşy

Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi şu jähetden möhüm ähmiýetli wakadyr. Ir bilen döwlet Baştutanymyz ýakymly howa gurşawy emele gelen deňiz kenaryna bardy. Çünki Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Gymmaty egsilmeýän baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen topragynda ösýän endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu kitap öz saglygy barada aladalanýan her bir adam üçin peýdaly maglumatlaryň hazynasydyr. Onuň jiltlerinde kerem-keramatly türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, ýaýraýşy, olardan melhem taýýarlanylyşy, ulanylyşy we saklanylyşy bilen bagly baý maglumatlar anyk hem giňişleýin beýan edilýär. Bu kitabyň häzirki wagta çenli 15 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işine daşary ýurtlarda hem gyzyklanma bildirilýär. Sebäbi ol dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşant bolan eserdir. Kitabyň aýry-aýry jiltleriniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär. Gymmaty egsilmejek bu kitap ýakynda pars diline hem terjime edilip başlandy.

Gün urmadan goranyň!

Tomsuň yssy günlerinde irden 09:00-dan agşam sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda gezmekden saklanmaly. Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil eşikleri geýmek maslahat berilýär. Kelläňe hökman başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly, saýawan götermeli. Ýanyňda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny göterip, suwsan mahalyň az-azdan içip durmaly. Bu yssy howada teşneligiňi gandyrmaga kömek edýär. Gün uran adamda umumy ysgynsyzlyk, güýçli kellagyry, bedende gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýa duçar bolany, ilki bilen, kölegä ýa-da salkyn howaly ýere geçirmeli. Dem almasy gowulanar ýaly, egin-eşiklerini gowşatmaly. Köp mukdarda suwuklyk içirmeli hem-de lukmana ýüz tutmaly.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Saglygyňy goramagyň, berkitmegiň iň ygtybarly usuly bolsa bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdyr. Sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde, raýatlaryň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimize has giňden ornaşdyrmakda, sporty ösdürmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigi guwandyryjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriniň netijesinde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Ýurdumyzda köpçülikleýin medeni-sport çäreleriniň yzygiderli guralmagy, esasan-da, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimiň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Ýaş nesilleriň sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa diňe bir ezber türgenleriň kemala gelmeginde däl-de, eýsem, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagynda hem wajyp ähmiýete eýedir.

Tomus paslynda —

Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň. * * *

Baýlyklaryň seresi

«Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň süňňünden syzylyp çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň iň çetki ýerlerinde-de döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. 

Sagdynlygyň goragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Çünki Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtdur. Döwlet Baştutanymyz nebit senagatynyň işiniň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda ulanylýan tehnologiýalaryň adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydygyny yzygiderli nygtaýar. Häzirki wagtda öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak bilen tebigaty goramagyň standartlary işlenip düzülýär, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde täze mümkinçilikler öwrenilýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýäniň energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Halkara derejede howanyň üýtgemegini dolandyrmak boýunça ählumumy ulgamy guramak ugrundaky ilkinji ädimler 1992-nji ýylda ädildi. Şonda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekildi. Ýer ýüzüniň howasyny dolandyrmak boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Hepdelige bagyşlanan maslahat

Ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda ene süýdüniň milli hepdeliginiň geçirilmegi-de şu asylly maksatlara gönükdirilendir. Ene süýdüniň bäbek üçin möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi ol çaganyň sagdyn ösüp ulalmagyna amatly şertleri döredýär. Özüniň hili boýunça ene süýdi çagalara berilýän beýleki iýmitlerden has ýokarda durýar. Ol ýokumly maddalary we kesellerden goraýjy elementleri özünde saklaýar. Ene süýdi kiçi ýaşly çagalar üçin iň gowy iýmit içgi bolup durýar. Doglandan birinji alty aýyň içinde bäbeklere hiç hili başga iýmit gerek däl. Ene süýdüniň düzüminde hatda howanyň iň yssy we gurak şertlerinde hem çaga üçin gerek bolan ýeterlikli suw bardyr. Çaga ene süýdüniň düzümindäki suwuklygy içiriljek islendik suwuklykdan gowy siňdirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Awaza, 14-nji awgust (TDH). Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.