Deňiz suwunyň saglyga peýdasy

20 Awgust 2024
558

Melhem suwlar barada gürrüň edilende, gojaman Hazar deňziniň müň derdiň dermany hasaplanýan şypaly suwunyň ähmiýetini aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Hazaryň ajaýyp kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginde çuňňur many bar. Häzirki wagtda bu täsin zolakda şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň onlarçasy işleýär. Zolakda bina edilen şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň düzüminde saglygy goramak we bejeriş bölümleriniň, melhem suwly howuzlaryň, sport toplumlarynyň, trenažýor zallarynyň, şeýle hem beýleki saglyk desgalarynyň bolmagy olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Bu günki gün adamlar deňziň hoştap howasyndan dem alyp, düzümi saglyk üçin peýdaly birnäçe maddalara baý bolan suwdan şypa tapýarlar. Dünýä lukmançylygynyň şaýatlyk etmegine görä, dargursaklyk, huşsuzlyk, döredijilik iş öndürijiliginiň peselmegi adamyň beýnisine ýeterlik mukdarda kislorodyň barmaýanlygy bilen baglydyr. Adam bedenine deňiz suwunyň üsti bilen, şeýle-de çygly howa arkaly dem alyş ýollarynyň üsti bilen siňýän ýod köp keselleriň öňüni almakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirmekde, bagryň we öt işläp çykaryş ýollarynyň işjeňligini artdyrmakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerine we kelle beýnisiniň aterosklerozyna garşy göreşmekde Hazaryň dürli mikroelementlere baý howasynyň we suwunyň belli bahasy ýokdur. Deri keselleriniň dürli görnüşlerine, bogunlardaky agyrylara deňiz suwunyň we gyzgyn çägäniň em bolýandygyny aýtmaly. Balyk önümleriniň üsti bilen adam bedenine düşýän fosfor, Gün şöhlesi we balyk ýagy arkaly bedene ornaýan D witamini hem beýni, ýürek ulgamynyň kadaly işini üpjün edýär.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar