Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

La­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­la­ry — ýo­ka­ry hi­liň ny­şa­ny

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň bar­lag­ha­na­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Ýa­kyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi hem şeý­le gü­wä­na­ma my­na­syp bo­lup­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Ber­len gü­wä­na­ma­lar de­giş­li dü­züm­ler­dä­ki iş­le­riň TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. ISO 9001 dün­ýä­de hi­li do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yk­rar edi­len stan­dart bo­lup, äh­li öl­çeg­ler­dä­ki eda­ra­la­ra, pu­dak­la­ra iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge, hil bo­ýun­ça yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu stan­dar­tyň işe or­naş­dy­ryl­ma­gy aras­sa­çy­lyk gul­luk­la­ryn­da iş­le­riň ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, hü­när­men­le­riň öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny, hyz­mat­la­ryň gy­şar­nyk­syz ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Sepgit — saglygy berkit

• Pasla görä geýinmeli. • Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Sport we saglyk

Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýar. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Az hereketlilik çagalaryň ösmegine zyýanly täsirini ýetirýär. Çagalarda az hereketlilik, ulular bilen deňeşdireniňde diňe bir fiziki taýdan däl-de, akyl taýdan hem bozulmalara getirip bilýär. Sport bolsa az hereketlilik arkaly döreýän näsazlyklaryň öňüni alýar. Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaşly adamlarda peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlarynyň çeýeliginiň üýtgemegine hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Welosiped sürmek adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly göwrümini ýüze çykarýar. Bu bolsa biologik esaslary kemala getirmek bilen keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Dertden özüňizi goraň!

Biz öz işimizi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, dürli keselleriň öňüni almak boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp guraýarys. Şunda ilat arasynda wagyznesihat, düşündiriş çärelerini ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Esasanda, ýokanç keselleriň öňüni almakda watandaşlarymyza ýeterlik düşünje bermek maksada laýykdyr. Ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän keselleriň biride gijilewükdir. Bu kesel gijilewük sakyrtgasynyň döredýän ýokançly deri keselidir. Kesel, esasan hem, näsag bilen ýakyn galtaşykda bolnan ýagdaýynda ýokuşýar. Gijilewük sakyrtgalary deriniň astynda ýaşaýarlar we gije hereketlenýärler. Şol sebäpli, köplenç, keselçilik ýorgandüşekden, içki eşiklerden hem geçýär. Çagalara bu kesel beýleki maşgala agzalaryndan, çagalar baglarynda bolanlarynda oýnawaçlardan, tutawaçlardan, dürli ýazuw esbaplaryndan, sport enjamlaryndan ýokuşyp bilýär.

Kädiniň dermanlyk ähmiýeti

Kädini uzak wagtlap saklap bolýar. Ol birnäçe aýyň dowamynda özüniň tagamyny we peýdaly häsiýetini ýitirmeýär. Kädi az kaloriýaly önümdir. Onuň 100 gramynda 23 kkal bar. Düzümindäki witaminlerdir mineral duzlaryň käbir görnüşleriniň mukdary beýleki gök-bakja önümlerindäkiden köpdür. Karotiniň we demriň esasy çeşmesi bolan bu önümde kaliý, kalsiý, magniý, kobalt, mis elementleri we witaminleriň C, B2, B5, E, K, PP görnüşleri hem örän köp mukdarda saklanýar. Kädi görejiň kütelmeginiň, demir ýetmezçilikli ganazlygyň (anemiýa) ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Gün şöhlesinden goranyň!

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti şöhlesinden goranmak her bir adam üçin möhümdir. Şeýle howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Haçan-da Gün şöhlesi dogry ulanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin ondan ýerlikli peýdalanmaly. Şonuň bilen bilelikde gönümel düşýän Günden baş gaplary geýmek, saýawanlary ulanmak arkaly goranmaly. Saglygymyzy goramak üçin bular bilen çäklenmän, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 9-dan 11-e çenli, öýlän 18–den soň pasla görä geýnip gezelenç etmeli.

Saglyk — baş baýlyk

♦Daşardan gelnende, nahardan öň we soň ýa-da islendik iş ýerine ýetirilenden soň, elleri sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. ♦Iş otaglaryny ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalyşmaly, çygly mata bilen süpürip, arassalap durmaly.

Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

Lukmanyň maslahaty Ýurdumyzda waksina bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Immuno-öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goramaklygyň özeni bolup durýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi netijesinde çagada berk immunitet döreýär. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, sanjym tertibine laýyklykda, ýokanç keselleriň jemi 14 sanysynyň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Melhemli kölüň boýunda

Güneşli Diýarymyzyň Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň ägirt köp möçberdäki gorlaryna eýe bolmak bilen birlikde, dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig malyny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň hem amatly çatrygydyr. Welaýatyň kartasyna nazar aýlanyňda, asuda tolkunyp ýatan mawy deňze-de, ululy-kiçili çeşme-çaýlara-da, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýylyp gidýän uç-gyraksyz, mes toprakly sähralyklardyr ýaýlalara-da gözüň düşüp, ruhuň ganatlanýar. Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazaryň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Bu ýerler ynsan saglygyny berkitmäge, dikeltmäge we sapaly dynç almaga giň mümkinçilikleri döredýän täsin künjeklere-de juda baý. Sebit ýerasty Ýasga köli, Uly we Kiçi Balkan daglary, Sünt-Hasar dagy, Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleri we beýleki täsinden-täsin görnüşleri bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Hut şonuň üçinem, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitde-de tebigatyň täsin gudratlaryny ynsan saglygynyň hyzmatynda goýmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Awaza» we «Mo

Sagdynlygyň gözbaşy

— Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmak üçin witaminlere baý bolan önümler bilen iýmitlenmeli (kädi, kelem, käşir, şugundyr, gök otlar ýaly önümleri we süýt önümlerini gündeki iýmitleriňizde ulanmaly). — Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.

Berjaý edilmeli talaplar

Oba hojalyk ekinleriniň endigan ösmegini we olaryň bol hasyly getirmegini gazanmakda ekinleri zyýankeşlerden, şeýle hem haşal otlardan goramak möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglanyşykly, oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende kesellere, zyýankeşlere garşy awuly himiki serişdeleriň dürli görnüşleri ulanylmaly bolýar. Awuly himikatlar ekin meýdanlaryna uçarlar, ýöriteleşdirilen traktorlar arkaly, ýyladyşhanalarda bolsa, degişli pürküji enjamlary bilen sepilýär. Awuly himikatlar bilen iş salşylanda onuň ulanyş, sepiliş düzgünleriniň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şol düzgünleriň bozulan ýagdaýynda atmosfera howasynyň, topragyň, gök-bakja ekinleriniň, suw çeşmeleriniň hapalanmagyna eltip biler. Şonuň üçin onuň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulmalydyr. Awuly himiki serişdeler adamyň bedenine deriniň açyk ýerlerine, ýokary dem alyş ýollaryna, agyz boşlugynyň üsti bilen içki agzalara düşüp biler. Olar adam bedenine az mukdarda düşen ýagdaýynda hem bedeniň kadaly işlemegine ters täsir edip, hatda adamyň zäherlenmegine getirip hem biler.

Şypahana — gurbat jana

Biziň ýurdumyzyň çäklerinde dürli sökellikleri bejermekde ähmiýetli mineral suwly çeşmeleriň juda köpüsi bar. Olar üç görnüşe — «ýörite goşantsyz» mineral suwlara; ýodlaşdyrylan, bromly, ýod-bromly suwlara we içmek hem-de wanna üçin niýetlenen sulfid mineral suwlara bölünýärler. Ylmy maglumatlara görä, türkmen topragyndaky şeýle çeşmeleriň sany 300-den geçýär. Olaryň 120-den gowragynyň suwunyň düzümi bolsa hünärmenlerimiz tarapyndan doly öwrenildi diýip bileris. Galanlaryny hem düýpli öwrenmek, zerur hasap edilenlerinde döwrebap şypahanalary gurup, halkyň hyzmatyna bermek babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Mukaddes türkmen topragy ynsan saglygyny dikeltmekde hem-de gorap saklamakda ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Dürli dermanlyk ösümliklerini, palçyklaryny, tebigy-howa aýratynlyklaryny aýtmanyňda-da, diňe melhemlik suwly çeşmelerimiziň özem biziň ýurdumyzy bütin dünýäde şypahana-bejeriş mümkinçiligi babatda öňdäki orunlara çykarar. Geljekde derde dowa suwy bilen eýýäm il içinde adygan Garaçagyl, Gaýnarbaba ýaly çeşmeleriň, şeýle-de Köpetdagyň, Köýtendagyň, Sünt-Hasar dagynyň bejerijilik häsiýetli täsin çeşmeleriniň, Garagum, Bathyz sähralarynyň mineral suwly ýerasty ýataklarynyň hem bejerijilik häsiýetleriniň ylmy esasda düýpli öwrenilip, halkyň sagdyn durmuşynyň hatyrasyna gönükdiriljekdigine, olaryň birnäçesinde zamanabap şypahanalaryň guruljakdygyna

Hormatly watandaşlar!

Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde sagdyn durmuşy üpjün etmek siziň özüňize baglydyr. Munuň üçin, Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy, pasla görä geýinmegi, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegi, gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermegi maslahat berýäris.

Sogap işleriň sakasy

Halkyň gündelik durmuş adatynda onuň ýaşaýyş filosofiýasy, ileri tutýan ruhy gymmatlyklary aýdyň şöhlelenýär. Bir adama alkyş aýtjak bolsalar, dokuzy düzüwlik dileýändirler. Könekiler muny adam üçin howa ýaly zerur bolan dokuz hajat bilen baglanyşdyryp, onuň ilkinjisini hem saglyk hasaplapdyrlar. Saglyk «salam» sözüniň hem özeninde durýar. Saglyk — Ýaradanyň adama eçilýän iň uly baýlygy, Zemin gymmatlyklarynyň seresi. Ony adamlar topragyň gursagyny ýaryp çykan melhemli çeşmelerden, goja daglaryň gözýaşy hasaplanýan mumyýadan, müň bir keseliň emi dermanlyk otlardan gözleýärler.

Ýurdumyzyň şypahanalar ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet rugsady wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Saglyk — baş baýlyk

— Tomus paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp we gyzyp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. — Günüň dowamynda 5-6 sany gök önümleri we miweleri iýmeli. Gök we miwe önümlerini iýeniňizde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmeli.

Gün ur­ma­syn­dan go­ra­nyň!

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Gün ur­ma­sy — bu aşa ys­sy gün­ler­de Gü­nüň gö­ni şöh­le­le­ri­niň ada­myň kel­le­si­ne uzak wagt­lap eden tä­si­ri ne­ti­je­sin­de kel­le-beý­nä ze­per ýet­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýan ýag­daý. Ol da­şar­da, de­ňiz­de, açyk meý­dan­da sa­ýa­wan­syz we baş­gap­syz Gü­nüň aşa­gyn­da uzak wagt­lap bol­nan­da ýü­ze çy­kyp bi­ler. Gyz­gyn ho­wa­da be­den su­wuk­ly­gy aşa köp bö­lüp çy­kar­mak ar­ka­ly der­le­mek bi­len go­ral­ýar. Ýö­ne der­le­mek bi­len be­den­den ge­rek­li mad­da­lar we su­wuk­lyk çy­ka­ryl­ýar. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­den, tom­su­na pas­la gö­rä açyk reňk­li nah ma­ta­dan ti­ki­len egin-eşik­le­ri, baş­gap­la­ry geý­mek we ýa­nyň­da ýe­ter­lik muk­dar­da aras­sa agyz su­wu­nyň bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Gök otlaryň peýdasy

Ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, güýz günlerinde hem miwedir gök önümleri, naharyň ýany bilen gök otlary iýmek saglyga örän peýdalydyr. Gök otlar işdäňi açýar, süňňüňi gurplandyrýar. Olaryň düzüminde ynsan saglygyna zerur maddalar saklanýar. Allergik täsiriniň ýoklugy sebäpli, ter gök otlar çagalar üçin hem peýdalydyr. Olaryň bary-ýogy 3 — 5 gramy çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen doly üpjün edip biler. Aşpezler reýhany naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly, ter gök otlaryň hatarynda goýýarlar. Onuň bejeriji we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti gadymy eýýamlardan bäri mälimdir. Reýhan B1 we B2 görnüşli ýokumlaryň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesidir. Reýhan ganaýlanyşynyň işjeňligini gowulandyrýar. Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy dişagyryny köşeşdirýär. Reýhanyň düzüminde merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýan kamfora köpdür. A ýokumynyň deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy bellidir. Reýhanda bu ýokumyň sintezlenmegine gatnaşýan karotin bar. Reýhanyň düzümindäki efir ýagy we saponinler dem alşy gowulaşdyrýar, üsgülewügi aýyrýar. Reýhan işdäňi açýar, naharyň siňmegine ýardam edýär, immuniteti berkidýär.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Biz bu jümläniň many-mazmunyna heniz mekdep partasyndakak göz ýetirip başlaýarys. Çünki arassaçylyk, saglyk, jemgyýetçilik ýerinde tertipli bolmak, tämizligi saklamak, arassa geýinmek ýaly düşünjeler okuwçy döwrümizde aňymyza guýulýar. Ýaşymyz ulaldygyça endige öwrülen bu düşünjeleri şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny goramak, sagdyn we arassa iýmitlenmek ýaly düşünjeler bilen utgaşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna, şeýle-de Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamalarynyň berilmegi ählimizi buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy netijeli durmuşa geçirilip, ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. Çünki ata Watanymyzda iň gymmatly baýlyk adam saglygydyr. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak baradaky köpugurly wezipe keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli be