Ýurdumyzyň şypahanalar ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

26 Awgust 2024
499

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet rugsady wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýedir.

«Nesil».
Beýleki habarlar