Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýeňişleriň hemde şöhratly ösüşleriň mekanynda

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ähli durmuş düzümlerini sazlaşykly ösdürýän beýik başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her gününi şanly wakalara, uly üstünlikleriň baýramyna besleýär. Şu ýylyň 10njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara hem bu babatdaky aýdyň beýandyr. Türkmen türgeniniň dünýäde gazanan uly üstünligi mynasybetli guralan bu dabara hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna hemde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanan möhüm wakalary mynasyp mazmun bilen bezedi. Munuň özi Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň täze Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Bu barada dünýäniň habar beriş serişdelerindede öwranöwran nygtalýar.

Sport — sagdyn durmuşyň badalgasy

Hormatly Prezidentimiz: «Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär hem-de ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns gönükdirýär. Munuň özi türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagyna, ussat türgenleriň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri açýar, berkarar Watanymyzyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň belende galmagyna şert döredýär. Bu gün her birimiziň türkmen sportunyň ösüşine guwanmaga we buýsanmaga hakymyz bardyr. Häzirki wagtda diýarymyzyň dürli künjeklerinde köp ugurly sport toplumlary, döwrebap sport mekdepleridir meýdançalary, stadionlar hereket edýär. Olarda ýaşlar üçin türgenleşik geçmäge, sportda barha taplanmaga, şeýle-de dürli görnüşli ýaryşlary guramaga giň şertler bar. Bu bolsa, türkmen sportunyň abraýyny arşa göterjek türgenleri kemala getirmegiň esasy şertlerini üpjün edýär.

Buýsanja beslenen taryhy waka

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň sport ulgamynda hem ýokary derejedäki ösüşler, ýeňişler yzygiderli gazanylýar. Türkmen türgenleri dünýä ýaryşlarynda, olimpiadalarda, uniwersiadalarda ýokary netijelere eýe bolýarlar. Türgenleriň sport bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleri köp babatda halypalarynyň, tälimçileriniň irginsiz zähmetine, talabedijiligine hem-de türgenleşik işlerini ylmy esasda alyp barmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigini islendik türgen bilen söhbetdeş bolanyňda göz ýetirse bolýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewanyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony adyna mynasyp bolandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar. Sport ruhy we beden saglygynyň daýanjy, jemgyýetiň kämilleşmeginiň binýady hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen bir hatarda ýaşlarda sporta bolan höwesiň, söýginiň döremegine hem uly üns berýär. Ýurdumyzyň sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Stadionlar, sport desgalary gurulýar. Olarda häzirki zaman sport enjamlary gurnalýar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini alyp göreliň, ol ýerde dünýäniň iň täze sport enjamlary ýerleşdirilen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Belent hormatyň göreldesi

Ýulduz JUMABAÝEWA, agyr atletika boýunça dünýä çempiony: — Biz, türgenler, hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsak hem bärden gaýdýar. Iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşýäris. Biziň üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olara halkara ýaryşlardaky üstünlikler bilen jogap bermek — biziň esasy borjumyz. Halkara ýaryşlaryň birnäçesinde, şol sanda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem muny başarandygyma diýseň begenýärin. Ýurdumyzyň taryhynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji zenan türgen bolmak, şol ýaryşda ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzelemek, bu gün bolsa altyn medallary hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden almak — ykbalymyň beýik peşgeşi. Gahryman Arkadagymyz «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna-da mynasyp gördi, döwrebap awtoulag-da sowgat berdi.

Gyzykly geçen bäsleşik

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, maşgalada agzybirligi, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda geçiren çäresem şol maksatlardan ugur aldy. «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen maşgala toparlarynyň arasynda guralan sport bäsleşigi diýseň gyzykly hem çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Sport — parahatçylygyň ilçisi

Hormatly Prezidentimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi 9-njy martda milli Liderimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Ýurdumyzyň sport abraýy pugtalanýar

Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça rowaç gadamlar bilen öňe barýar. Şolar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sport abraýy hem bütin dünýäde dabaralanýar. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ili türkmen, ady Ýulduz

Her bir ynsanyň ömründe gaýtalanmaýan pursatlar bolýar. Är ömrüni ýaşanyňda agtyk-çowluklaryňy daşyňa üýşürip, döretmek, gurmak üçin gysga, garaşmak üçin uzyn görünýän ömrüň dowamynda şaýat bolan buýsançly wakalaryňdan söz açyp, boý boýlarsyň. Dädem Gorkutdan miras galan bu däbi dowam edip, ömürboýy ýüregiňde göterip gezen, her gezek ýatlanyňda ýylysy diňe kalbyňa däl, eýsem, bütin süňňüňe ornap gidýän ýatlamalaryňy nesliň-neberäň bilen paýlaşarsyň. Olaryň bu ýörelgäni dowam etdirerini bolsa halys ýüregiňden islärsiň. Biziň şu günki bütin il bolup buýsanýan türgen gyzymyz ýaňy iki onlugy egninden aşyran günleri ähli türkmen nesline buýsanmaga esas boljak işiň hötdesinden geldi. Türkmen halkynda hötdesinden gelmesi agyr iş amal edilse, «Är işini bitirdi» diýilmesi bardyr. Müçesiniň kiçidigi üçin daşyndan göräýmäge agyr atletikaçydyr öýtdürmeýän bu gyz türkmen halkynyň şanly-şöhratly taryhynyň gatynda orun alan edermen zenanlarymyzyň görüm-göreldesine eýerip, dünýä çempionatynda «Är işini bitirdi». Şol wakanyň dabarasy bolsa dumly-duşa at saldy. Sanly tehnologiýalaryň parlap-pajarlap ösýän zamanasynda bu hoş habar, ýagny türkmen gyzynyň dünýä çempiony bolandygynyň «buşlugy» ilki elektron neşirlerde ýerleşdirildi, soňra habar beriş serişdeleriniň sahypalaryndan orun aldy.

Türkmenistanyň sport abraýy artýar

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Ha­ly­pa bol­mak bag­ty

Durmuşynyň 40 ýyla golaýyny spor­ta ba­gyş­lan, ýur­du­my­zyň kä­mil sam­bo­çy­la­ry­nyň ha­ta­ry­na şägirtleriniň bir­nä­çesini go­şan halypa — birinji derejeli ussat tälimçi Serdar Açilow Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 4-nji sport mek­de­bin­de jiu-jit­su, sam­bo hem-de sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça ýaşlara tälim berýär. Ol sporta ilki gadam basan döwründe 14 ýaşly ýetginjekdi. Onda sporta bolan höwesi aýal dogany döredipdir. Serdar doganynyň maslahaty bilen ussat tälimçi Paýzulla Rozmammedowdan sambo boýunça ilkinji tilsimleri öwrenipdir, soňra göreşiň bu görnüşi bilen ymykly gyzyklanyp başlapdyr. Ol 1979-njy ýylda Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 27-nji or­ta mek­de­bi üs­tün­lik­li ta­mam­lap, şol ýylda Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe fa­kul­te­ti­ne oku­wa girýär. Oku­wyň da­şyn­dan ýur­du­my­zyň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lýar. Ser­dar Açi­low şol ýyllarda ge­çi­ri­len çem­pio­nat­lar­dan, ku­bok ug­run­da­ky ýa­ryş­lar­dan al­tyn, kü­müş, bü­rünç me­dal­lar bi­len do­la­nyp­dyr. Ol 1983-nji ýyl­da ýo­ka­ry okuw mekdebini ta­mam­lan­dan soň­ra Türkmenabat şä­heriniň ça­ga­lar ýet­gin­jek­ler sport mek­de­bin­de tä­lim­çi bo­lup işe baş­lap­dyr. 2007-nji ýyl­da Ser­dar Açi­low Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 4-nji sport mek­de­bi­nde dzýu-do, sam­bo bo­

Türkmen sporty dünýäde meşhurlyk gazanýar

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda Welotrek boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy. Dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçiriljekdiginiň çuňňur manysy bardyr. Bu çempionata dünýäniň 186 ýurdundan wekiller gatnaşar. Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermeklerine görä, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de işjeň wagyzçysy bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda diňe bir bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak üçin däl, eýsem, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredildi. Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde paýtagtymyzda özboluşly sport toplumy bolan, diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruld

Göreldeli sport mekdebi

Ýurdumyzda saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gurulýan sport toplumlarydyr merkezleri, stadionlar, sport mekdepleri we beýleki döwrebap sport desgalary muňa aýdyň mysaldyr. Şeýle ähmiýetli işleriň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesi pugtalanýar, sport bilen gyzyklanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Bu gün ýurdumyzda hereket edýän döwrebap sport mekdepleri ýaş nesilleriň sport ulgamynda has-da kämilleşmegine itergi bolýar. Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebinde hem sagdyn, berk bedenli, ruhubelent hem-de sportda ýokary netijeleri gazanýan türgenleriň kemala gelmeginde guwandyryjy işler alnyp barylýar. Mekdebiň kaşaň binasy döwrebap ülňülere laýyklykda gurlup, ähli şertler bilen üpjün edilen giň zallary bar.

Zehiniň zyýat bolsun! (Siziň deň-duşuňyz)

«Adama zehin owaldan berilýär» diýlenine tüýs ýürekden ynanmaly. Sebäbi ulularyň başarmaýan zatlaryny käbir kiçi ýaşly çagalardyr ýaşlaryň başarýandygy haýran galdyryjy waka. Ine, Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Züleýha Güýçmyradowa hem tebigy zehinli çagalaryň biri. Ol heniz 1-nji synpda okaýarka Wekilbazar etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy — atasy Suhanberdi Allajaýewden küşt oýnunyň inçe tilsimlerini öwrendi. Haçan-da Suhanberdi aga ýoldaşlary bilen küşt oýnamaga başlasalar, Züleýha hem derrew olaryň ýanynda häzir bolupdyr. Soňlugy bilen ol ata-enesiniň goldaw bermegi esasynda ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine gatnap başlaýar. Ýüregi joşgunly gyz tälimçisi Meretgeldi Amangeldiýewiň ýardamy, şeýle-de yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Aşgabat şäherinde hem-de ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde deň-duşlarynyň arasynda küşt boýunça guralan bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýär. Ýaşajyk küştçi geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda 1-nji orny eýeländigi üçin Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy. Maşgalanyň iň uly perzendi bolan Züleýha jigileri Ýusup bilen Raşide oňat görelde görkezýär. Orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýan Ýusup hem-de heniz çagalar bagynda terbiýelenýän R

Arkadagyň taglymaty — baş ýörelgämiz

Şu ýylyň 19-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreler, «Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy dogrusynda aýdylmagy ýurdumyzda sporta berilýän ähmiýetiň uludygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda welosiped sporty hem uly ösüşlere eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem bu ugurdaky işleriň rowaçlanýandygyny, ata Watanymyzyň kuwwatly sport döwletine öwrülýändigini tassyklaýar. Häzirki wagtda bu iri ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Sagdyn maşgala — sagdyn nesil

Şeýle at bilen Änew şäherindäki sport mekdebinde köp çagaly maşgalalaryň arasynda maşgala sport bäsleşigi geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan köp çagaly maşgalalar gatnaşdy. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen maşgalasynyň beden taýdan sagdynlygyny we bitewüligini gazanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrundaky tagallalary barada söz açylyp, ýaryşa gatnaşýan bagtyýar maşgalalara üstünlik arzuw edildi.

Sport — saglygyň gözbaşy

Ak mermere beslenen, Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel Aşgabadymyzda, welaýatlarymyzyň ähli ýerlerinde mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ösen tehniki sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport desgalary, suw toplumlary gurlup ulanylmaga berlip, olar ýaşlaryň, sport söýüjileriň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp günlerinde geçiriljek bäsleşikleriň, dabaralaryň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda peýdaly we ekologiýa taýdan arassa bolan welosiped sporty köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzda welosiped sporty boýunça köpçülikleýin ýörişleriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Şeýle ýörişler welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna ýol açýar.

Hepdede näçe gün maşk etmeli? (Ýaşlar we sport)

Sportda üstünlik gazanmak üçin yzygiderlilik zerurdyr. Gündelik durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen ýagdaýynda fiziki hereket adama şähdaçyklyk berýär. Sporty durmuş ýörelgesine öwren adam uzak ýaşaýar, sagdyn bolýar. Eýsem, hepdäniň dowamynda näçeräk wagt sport bilen meşgullanmaly? Ine, bilermenleriň bu sowala berýän jogaplary! Sporta täze başlan adamlar bir aý çemesi wagt bedenini öwrenişdirmeli. Bu döwürde gan damarlary, dem alyş ýollary maşk hereketlerine uýgunlaşýar. Şol sebäpli ilkibaşda hepdede üç gün sport bilen meşgullanmak talabalaýyk hasaplanýar. Üç hepdeden soňra hepdede dört gün sport bilen meşgullanmak dogry hasap edilýär. Wagtyň geçmegi bilen bedeniň kabul edişine görä, her gün yzygiderli sport bilen meşgullanmak bolýar. Bular, esasan, türgenlere degişli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler bolsa her gün ýeňil maşklary ýerine ýetirip bilerler. Bulara ýöremek, özüňe agram salman ylgamak we ýüzmek ýaly hereketler degişli. Her gün 15 — 20 minut ýöremek kadaly gan aýlanyş üçin möhüm hasaplanýar. Şol sebäpli hepdede 5-6 gün ýöremek maslahat berilýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ýaşlara bildirilýän ynam Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi biz — ýaşlarda uly joşgun döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, eziz Watanymyzyň sport abraýynyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýan türgenleriň sany şäherimiziň sport mekdebinde hem ýylsaýyn artýar.

Welosiped sporty — sagdyn durmuşyň girewi

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle-de oňa gatnaşjak guramaçylyk toparydyr türgenleriň lybaslarynyň, olaryň welosipedleriniň bezeg işleri tassyklandy. Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň aýrylmaz düzüm bölegine öwrülen sport we bedenterbiýe her bir raýatymyzyň saglygyny, akyl-paýhas ukyplaryny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berk berjaý etmekde, jemgyýetde sazlaşykly gatnaşyklary kemala getirmekde durmuş gymmatlyklarynyň özeni bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Welosporty ösdürmek babatynda hormatly Prezidentimiziň hut öz başlangyjy bilen beýik işler amala aşyrylýar. 19-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak ýaly işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy hakynda bellenilmegi bolsa sportuň bu görnüşiniň has-da giň gerim almagyna itergi berer.

Meşhur pälwany ýatlap

Aýdanlaryňy aňyňda aýlap, diýeniňe erk edip bilmek edermenlik. Aýdanlaryňy amala aşyrmak — geljege ynamly gezelenç. Sözüňi iş bilen berçinlemek — ajaýyplygyň ajaby. Pälwan endige öwrülen edebinden ýeňiş serpaýyny ýapyndy. Toýlarda bolýan göreşlerde bil tutuşdy, bekeşdi. Obalarda etraplarda, welaýatlarda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňişleri ýaran edindi. Öz agramy boýunça ýurtdaş pälwanlardan saýlandy. Şol döwürde atlandyrylyşyna görä Orta Aziýa boýunça (häzirki Merkezi Aziýa) Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki bil tutluşygyň bismillasyny türkmen pälwany bilen özbekleriň Pürs pälwany başlamaly boldy. Göreş meýdanyna çykan pälwan ýigit bekewüliň görkezen ýerinde daýandy. Asyr aşan ojara çalymdaş ýogyn baldyrlar topragyň çuňlugyna çümdürilen ýaly sarsanokdy. Ýognas göwre göze gelüwlidi. Boýun beden bilen bile biten ýalydy. Ortadan beýigräk boýnuň iki egni tekizlenip, eginler ýasy, döş meýdanlydy. Gazan gapagy goýlan ýaly güberçekleýärdi. Dartylan damarly gollar has-da gujurly görünýärdi. Tirsekden egin aralygyndaky çiginler çogum-çogum. Gysby gysylan barmakly ýumruk demirçi ussanyň ýekedabanyny ýatladýardy. Pälwan ýigit başyny galdyryp, salyhatlylyk bilen töweregine nazaryny aýlady. Märeke hyň berýärdi, tomaşa teşnelerden hyryn-dykyndy. Asmandan alma oklasaň, ýere düşjek däldi. Öz pälwanlarynyň ýeňşiniň şatlygyna şä