Welosiped sporty — sagdyn durmuşyň girewi

26 Fewral 2021
1588

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle-de oňa gatnaşjak guramaçylyk toparydyr türgenleriň lybaslarynyň, olaryň welosipedleriniň bezeg işleri tassyklandy.

Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň aýrylmaz düzüm bölegine öwrülen sport we bedenterbiýe her bir raýatymyzyň saglygyny, akyl-paýhas ukyplaryny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berk berjaý etmekde, jemgyýetde sazlaşykly gatnaşyklary kemala getirmekde durmuş gymmatlyklarynyň özeni bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Welosporty ösdürmek babatynda hormatly Prezidentimiziň hut öz başlangyjy bilen beýik işler amala aşyrylýar. 19-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak ýaly işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy hakynda bellenilmegi bolsa sportuň bu görnüşiniň has-da giň gerim almagyna itergi berer.

Selim HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar