Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sport — şahsyýet kämilliginiň mekdebi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ata Watanymyzyň halkara derejesindäki sport abraýyndan nyşandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatyna hem ählitaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň güýzünde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň çäginde bu ýaryşyň nyşanynyň, sport lybaslarydyr welosipediň bezeginiň taýýarlanylandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň işlenilip taýýarlanan nyşanynda türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak we alaja nagyşlary, welosipedçiniň sudurynyň görnüşi öz beýanyny tapýar. Ýaryşda çykyş etjek türgeniň egin-eşigi bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkinden we nagyşlaryndan ugur alnyp işlenip taýýarlanypdyr.

Türkmenistan — işjeň ösýän sport döwleti

Sport — saglyk, ösüş we bagtyýarlyk getirýän durmuş hakykaty. Ol ynsanlara saglyk bagyş etmek bilen birlikde, olaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýar. Halklaryň abadan we parahat durmuşyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän ýurdumyzda sport çäreleriniň giň gerim almagy kanunalaýyklykdyr. Ähli döwürlerde-de dostlugy, parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi we raýdaşlygy şygar edinen sport adamzadyň öňünde diňe oňyn maksatlary goýýar. Ýurdumyz bolsa oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde, parahatçylygy wagyz etmekde sebitde nusga bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan örän ýokary depginler bilen ösýän sport döwletleriniň biridir. Biziň Watanymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, ýokary derejeli stadionlar, atçylyk sport toplumlary gurulýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bedenterbiýe maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda şu ýyl Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, Aziýa we Okeaniýa IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň, 2022-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Batly gadamlar bilen

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen bedenterbiýe we sport ulgamy giňden rowaçlanýar. Ýaş türgenleriň sanyny artdyrmak, ýaşlary sporta çekmek we milli ruhda terbiýelemek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda maksada laýyk işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Onuň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek arkaly türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, watandaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, şeýle-de boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakdan, olaryň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin zerur şertleri döretmekden, türkmen sportuny dünýäde ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sporty ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça asylly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda sport ulgamy belent derejelere, ýokary basgançaklara göterildi. Muňa türkmen türgenleriniň halkara derejesinde, döwlet ýa

Maksada okgunly türgen

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek babatynda amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Obalarymyzda, şäherlerimizde sanlyja ýylyň içinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap, häzirkizaman enjamly sport mekdepleri, toplumlary, meýdançalary türgenleriň göwnejaý tälim alyp, kämilleşmeklerine, bedenterbiýäniň we sportuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna giň şertleri döretdi. Şeýle şertlerden ýerlikli peýdalanýan türgenlerimiz bolsa barmak büküp sanardan kän. Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sanjar Kamilow hem ýaşlygyndan sport bilen meşgullanyp, geçirilýän ýaryşlarda guwandyryjy netijeleri eýeleýän ýaş türgenleriň biri. Birinji synpdan bäri etrapdaky sport mekdebine gatnaýan Sanjar ol ýerde tälimçi Anwarjan Kurbanowdan tälim alýar. Onuň etrap, welaýat we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bolsa bir ýa-da iki däl. Ol 2018—2019-njy ýyllarda adaty karate boýunça welaýatyň açyk çempionatlarynda üç gezek 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy

Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Ýurdumyz — berkarar, ýolumyz — ýagty, ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy, bagty» atly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ata-babalarymyzdan gelýän edim-gylymlary ýaşlara dogry düşündirmek, olary jemgyýetimiziň ähli ugurlary boýunça meýletinçilige çekmek, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekdäki alyp barýan işleri, sportuň, welosiped sürmegiň adam saglygyna ýetirýän peýdasy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Ýaşlary sporta höweslendirmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Sport syýasatynyň gadamlary

Basketbolçy gyzlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň dürli görnüşlerinden ýaryşlardyr sport çäreleri guralýar.

Çempion bilen duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdep-internatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewa bilen duşuşyk geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we bu merkeziň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan duşuşyga sport mekdep-internatynyň okuwçylary, ýaş türgenler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Garryguly Garrygulyýew duşuşygy açmak bilen, onuň hormatly myhmany Ýulduz Jumabaýewany gazanan üstünligi bilen gutlady hem-de milli Liderimiziň türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi ugrundaky edýän taýsyz tagallalary, döredýän giň şertleridir mümkinçilikleri barada durup geçdi.

Çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri

Mähriban çagalar, adamyň saglygy oňa tebigy taýdan berlen iň uly baýlykdyr. Siz hem ony çagalykdan aýap we gorap saklamalysyňyz. Şu günlerde, ilki bilen iň derwaýys işi — arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmegi, agyz-burun örtüklerini dakynmagy, elleriňizi yzygiderli sabynlap ýuwmagy, köpçülikde talap edilýän 2 metrlik aralygy saklamagy dowam etdirmelisiňiz. Bu düzgünler bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşamak her bir çaga üçin kada bolmalydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi, esasan, şulary öz içine alýar: kadaly gün tertibi, arassa howa, hereket, dogry iýmitlenmek, ruhy-emosional rahatlyk. Çagalar we ýetginjekler her günde, azyndan bir sagat wagtyny fiziki işjeňlige sarp etmelidirler. Bu diýildigi diňe sport türgenleşikleri däl-de, eýsem, pyýada ýa-da welosipedli gezelenç etmek, islendik hereketli oýunlary oýnamak ýaly hereketlilik hem bolup biler. Sagdyn durmuş ýörelgesinde kadaly uka hem aýratyn orun degişlidir. Talabalaýyk dynç alan çagalar ukusyny doly almadyklardan tapawutlylykda, has sagdyn we ruhubelent bolýarlar. Şonuň üçin mekdebe çenli ýaşly çagalar 9-10 sagat, mekdep ýaşly we ýetginjek çagalar bolsa 8-9 sagat uklap dynç almalydyrlar.

Başarjaň basketbolçy

Ýurdumyzyň çar künjeginde iri sport desgalarynyň we sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi islendik ýaşdaky ildeşlerimiz üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň ýol açdy. Häzirki zaman ýaşaýyş toplumlarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynyň, tennis kortlarynyň gurulmagy ýaşlaryň we ýetginjekleriň sporta bolan söýgüsiniň ösmegine örän uly ýardam edýär. Soňky wagtlarda toparlaýyn oýnalýan sport görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Basketbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň agzasy bolan Hojanepes Hojanepesow hem şeýle ýaşlaryň biridir.

Aşgabatda tennis baýramçylygy

Gadyrly çagalar, araňyzda tennis sportuna muşdagyňyz barmy? Kändir. Ine, şol muşdak çagalar tennis duşuşyklaryna beletdir. Sportuň bu görnüşinde bir duşuşyk birnäçe sagatlap dowam edip bilýär. Ýöne duşuşygyň gidişine gyzygyp, şol sagatlaryň nähili geçendigini hem bilmän galarsyň, şeýle gyzyklydyr. Tennisiň türkmenistanly muşdaklary şu güne çenli ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlaryň birnäçesine janköýerlik etmek bagtyna eýe boldular. Aşgabat Aziadasynyň bosagasynda geçirilen halkara ýaryş, soňra Aşgabat — 2017-niň çägindäki ýaryşlar, hatda Merkezi Aziýanyň çagalarynyň arasynda hem Aşgabatda halkara ýaryş geçirildi. Sentýabr gelip, täze okuw ýylyna gadam goýjak günlerimizde bize merjen paýtagtymyzda ýene bir tennis baýramçylygy — Dewisiň Kubogy boýunça halkara ýaryşyň sebitleýin tapgyry garaşýar.

Ussat türgenleriň mesgeni

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk hem ösdürmek hem-de türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alnyp, sport mekdeplerinde ýaş zehinli türgenleri ýüze çykarmakda, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjek halkara derejeli ussat türgenleri ýetişdirmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle işler Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebinde hem mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatdaky işler Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda ýola goýulýar. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebinde jemi sportuň 14 görnüşi boýunça tälim berlip, 23 sany tälimçi-mugallym zähmet çekýär we 63 toparda 808 sany türgen tälim alýar. Sport mekdebiniň türgenleri welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän sport bäsleşikleridir çempionatlara yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bulardan başga-da, Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýyllyk meýilnamasy esasynda Gökdepe etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat, ündew-terbiýeçilik

Sport — ýaşaýşyň gözelligi

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Hakykatdan hem, gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalaryny göreniňde, geçirilýän sport çäreleriniň guramaçylyk derejesine üns bereniňde Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň ýurdudygyna, sportuň dabaralanýan, bedenterbiýäniň şöhratlanýan mekanydygyna magat göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzda bina edilen sport desgalarynda we toplumlarynda yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sport mekdebiniň türgenleriniň we tälimçileriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda sport m

Türgenleşikde-de ýaryşda ýaly...

Wagtyň salymy ýok. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň birinji çärýegi hem tamamlanyp barýar. Bagtyýarlyga, toýdur baýramlara beslenýän günler bizi şanly senelere, şeýle hem iri sport ýaryşlaryna barha ýakynlaşdyrýar. Şu ýylyň altyn güýzüniň 43-nji gününden badalga alyp, 47-nji güni tamamlanjak Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýjak iri ýaryşlaryň biri boljakdygyna ynanýarys. Şu günler Welotrek boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleri hem bu ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Olar sport ussatlygyna dalaşgär Nargeldi Igdirowyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Gökdere jülgesindäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Biz ýakynda bu ýerde tälimçi Nargeldi Igdirow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol öz işleri barada şeýle gürrüň berdi:

Watanymyz altyn medallaryň öwüşginine beslenýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda dünýä ölçeglerine gabat gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary halkymyza hyzmat edýär. Şolarda ýokary derejedäki iri ýaryşlary geçirmäge hemme mümkinçilik bar. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň sport giňişliklerinde ýokary netijeleri gazanmagy we ata Watanymyzyň sport abraýyny belende götermegi üçin zerur tagallalar edilýär. Bu gün türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler we baýrakly orunlary eýeläp, dürli derejeli medallara eýe bolýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy sport döwletine öwürmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallasynyň we oňyn başlangyçlarynyň aýdyň miwesidir. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, eziz Diýarymyzda ýokary netijili sport hereketi giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ähli ilaty, aýratyn-da, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýä derejeli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hü

Türkmen sporty halkara hyzmatdaşlygynda

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň sport ulgamynda işjeň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy döwletimiziň dünýäniň halkara sport ulgamyna netijeli goşulyşmaga ymtylýandygyny aýdyň tassyklaýar. Olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek meselesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy. Munuň şeýledigine Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenlerimiziň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri-de mysal bolup durýar. Türgenlerimiziň dürli ýurtlaryň güýçli türgenleri bilen bäsleşikde bütin dünýä möçberindäki şeýle uly ýaryşlara gatnaşmagy türkmen sportunyň gazanan uly üstünligidir. Olimpiýa oýunlary, sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk taglymlaryny durmuşa geçirmegiň özboluşly ädimidir. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatdaky iş döwlet tarapyndan goldanylýar, bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça birnäçe döwlet maksatnamalary hereket edýär. Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy”, şeýle-de şu Maksatnamany amal

Milli sportumyzyň abraýy artýar

Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen sportunyň abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny — altyn medalyny gowşurmagy mynasybetli guralan dabara hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Milli sportumyzyň taryhyndaky bu şanly waka mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda tälimçileriň, türgenleriň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda ussat türgenleri ýetişdirýän tälimçilere we öz ýeňişleri bilen eziz Diýarymyzyň sport abraýyny belende galdyrýan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň hemişe uly hormat-sarpa goýýandygyny, Şa serpaýlary bilen sylaglap, tälimçileriň, türgenleriň has netijeli işlemekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Ý.Jumabaýewanyň hem-de onuň tälimçisiniň eýe bolan sylag-serpaýlarynyň munuň subutnamasydygyny belläp geçdiler. Türkmen sportunyň hak howandary Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

Dört ýyldan soň ýene-de çempion

ABŞ-nyň Florida ştatynda golf boýunça geçirilen 48-nji «Players Championship» ýaryşynda amerikaly Jastin Tomas ýeňiş gazandy. 27 ýaşyndaky golfçy 274 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. Ol bu ýerde 2017-nji ýyldan soň ikinji gezek çempion bolmagy başardy. Bu çempionlyk onuň 16-njy kubogy bolup, ol 2017-nji ýylda geçirilen «PGA Championship» atly uly bäsleşikde ýeňiş gazanypdy. Ýaryşda Li Westwud 2-nji orna mynasyp boldy. Umumy baýrak gaznasy 15 million dollara deň bolan ýaryşda ýeňijä 2,7 million dollar pul sylagy berildi.

Tälimçiniň ilkinji ýeňşi

«Barselona» toparynyň ozalky ýyldyz futbolçylaryndan Hawi Hernandesiň tälim berýän «Al-Sadd» topary Kataryň çempionaty Ýyldyzlar ligasynda çempion bolmagy başardy. Topar 18-nji tapgyrda «Umm Selal» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňişden soň, 2-nji ýerdäki «Al-Duhail» topary bilen ara tapawudy ep-esli açmagy başaran «Al-Sadd» Hawiniň tälimçiligindäki ilkinji, umumylykda-da 15-nji çempionlygyny gazandy. 41 ýaşyndaky Hawi Doha şäheriniň wekiline 2015-nji ýylda futbolçy hökmünde transfer bolupdy. 2019-njy ýylyň maýynda-da bu topara tälimçi bellenen Hawi şol döwürde ilkinji gezek çempionatda çempionlyk gazandy. Topar Hawiniň tälimçiliginde Kataryň Kubogyna 2, Kataryň Naýbaşy Kubogyna, Katar Emirliginiň Kubogyna, Kataryň Ýyldyzlar Kubogyna 1 gezek mynasyp boldy.

Türgeniň şowly çykyşy

Darts boýunça Angliýada geçirilen «Açyk» çempionatda ýerli türgen Jeýms Weýd ýeňiş gazandy. Ol çekeleşikli geçen birnäçe duşuşyklardan soň, finalda başga bir iňlis türgeni Lýuk Hamfris bilen duşuşdy. Duşuşykda Jeýms Weýd watandaşy Lýuk Hamfrisi 11:5 hasabynda ýeňip, çempion bolmagy başardy. 37 ýaşyndaky türgen bu ýaryşda 2008-nji we 2011-nji ýyllardan soň 3-nji gezek çempionlyk gazandy. Ol umumy baýrak gaznasy 450 müň funt sterlinge deň bolan ýaryşda 100 müň funt sterling möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy.

Sagdynlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwlet syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Jemgyýetiň ruhy we fiziki sagdynlygy döwrüň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Bagtyýar ýaşamaklygyň esasy şertiniň durmuş sazlaşygyndadygy hemmämize mälimdir. Mähriban halkymyz döwletliligi, agzybirligi, jebisligi halal zähmetde hem-de sagdynlykda görüpdirler. Pederlerimiz «Herekete — bereket» diýlen pähimi hem hut şu maksatlardan ugur alyp döredendir. Hereket sagdynlygyň, gözelligiň, zähmete höwesiň, bagtly ýaşamagyň gönezligidir. Hormatly Arkadagymyzyň: «Belent ruh we ynam sportuň hem-de sagdynlygyň esasy gözbaşydyr. Diňe sagdyn jemgyýetde medeniýet, bilim, ylym ýaly ulgamlar rowaçlyklara beslener» diýip bellemeginiň düýp özeninde bu ugurdaky belent maksatlar göz öňünde tutulýar. Jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň kämil düşünjeli, watansöýüji, halal zähmeti söýýän, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän bolmagy üçin hem sagdyn durmuşyň kemala getirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Ähli gowulyklaryň we rowaçlyklaryň sakasy saglykda hem-de sagdyn ýörelgelerde jemlenendir. Beden sagdynlygy, ruhy sazlaşyk, gujurlylyk, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşyň berk bitewüligi, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygider