Ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy

22 Mart 2021
1564

Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Ýurdumyz — berkarar, ýolumyz — ýagty, ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy, bagty» atly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ata-babalarymyzdan gelýän edim-gylymlary ýaşlara dogry düşündirmek, olary jemgyýetimiziň ähli ugurlary boýunça meýletinçilige çekmek, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekdäki alyp barýan işleri, sportuň, welosiped sürmegiň adam saglygyna ýetirýän peýdasy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Ýaşlary sporta höweslendirmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar