Şanly ýylyň ýeňişli menzilleri
Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri döwletimiziň sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleriniň oňyn netije berýändigini tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ildeşlerimiz abraýly halkara ýaryşlarda gazanan köp sanly medallary bilen sport muşdaklaryny begendirdiler. 4 – 7-nji ýanwar aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda ildeşlerimiz iki altyn medal gazandy. 5 – 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik eden Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. 31-nji ýanwar – 3-nji fewral aralygynda Gazagystanyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 6 bürünç medal gazanmagy başardylar.