Golaýda döwlet edaralarynyň işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda bank işgärleriniň arasynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli sportuň woleýbol we şaşka görnüşleri boýunça «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» ady bilen ýaryşlar geçirildi.
Netijede woleýbol ýaryşy boýunça Türkmenistanyň «Halkbank» PTB-niň Daşoguz şahamçasy 1-nji, Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy 2-nji, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz şahamçasy 3-nji ýerleri eýelemegi başardylar.