"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ylym — uly güýç

Hormatly Prezidentimiziň golaýda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň meselelerine bagyşlap geçiren iş maslahaty bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz bu ugry ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil, döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Iş maslahatynda, aýratyn hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň işi bilen bagly berlen tabşyryklar geljekki işimize özboluşly badalga berdi.

Ylym: baş maksat — netijeliligi has-da ýokarlandyrmak

Hormatly Prezidentimiziň önümçilige ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak babatdaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň hususy işewürleri hem öz alyp barýan işlerini ylmy esasda guramaklyga we kämilleşdirmeklige uly ähmiýet berýärler. Muňa olaryň her hepdäniň şenbesinde ýörite ylmy gün hökmünde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolup, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän ýer eýeleriniň, beýleki adamlaryň gatnaşmagynda dürli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, olardan alynýan önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmagyň ylmy esaslary, iş usullary, ugurlarydyr mümkinçilikleri barada özara maslahatlaşyp durmaklary-da aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda her hepdäniň şenbe gününi ylmy gün hökmünde yglan edip, her gezek saýlanyp alnan haýsydyr bir ugur boýunça ýörite maslahatlary geçirmek başlangyjy «Ter önüm» hojalyk jemgyýetine degişlidir. 2018-nji ýyldan başlap şeýle maslahatlar hojalyk jemgyýetiniň öz binasynda guralýardy. Soňabaka gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sanynyň barha artmagy bilen, onuň gerimi has-da giňeldi. Indi bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde yzygiderli geçirilip gelinýän şeýle maslahatlar özara pikir we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ýola goýlan çäre bilim bilen tejribäniň utgaşdyrylmagy, gatnaşyjylaryň, şol

Yl­my özgertmelere sal­dam­ly go­şant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Dünýä ylmyndaky iň täze gazanylanlar, döwrebap tehnologiýalar ylym-bilim edaralarynyň işine giň gerimde ornaşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýulýan wajyp wezipeleri amala aşyrmak üçin ýaşlary döwrebap okatmak, kesbine kämil hünärmenleri ýetişdirmek işini barha kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Bu ugurda birnäçe döwlet resminamalary taýýarlanylýar we amalyýete ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanylan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda bu ugurdaky dersleri okatmagyň usullary jikme-jik beýan edilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ylmynyň we döwrüň ýokary tizlikdäki ösüşinden ugur alyp, matematikany okatmagyň usulyýeti, ylmy-derňew işleriň esaslary, matematikanyň taryhy ýaly dersleriň okuw maksatnamalaryna özgertmeleri girizmek wajypdyr. S

Ruhy baýlygy wagyz edip

Kitap adamlary, jemgyýetimizi kämilleşdirmekde gymmatly ruhy serişde bolmagynda galýar. Ol adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine, biliminiň artmagyna ýardam edýär. Kitap halka bilim berýän, adamzady dogry ýola ugrukdyrýan hazynadyr, her bir halkyň, döwrüň, jemgyýetiň ruhy gymmatlygydyr. Ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, wepalylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri giňdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik adamlary, medeniýet işgärleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary, alymlar, kitap söýüjiler köpçüligi üçin gapylary giňden açylan kitaphanalar özboluşly täsinlikler dünýäsi hökmünde olary özüne çekýär.

Ylma höwesli ýaşlar

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde iňňän derwaýys meseleleriň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň hatarynda her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylyp, ýaşyl zolaklaryň döredilmegini, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylmagyny aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berildi. Bu Karardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda bu ylmy-önümçilik merkezinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

«San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça»: in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 6-njy few­ral­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da ta­lyp­la­ryň, mu­gal­lym­la­ryň we yl­my iş­gär­le­riň de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça yl­my açyş­la­ry, oý­lap ta­pyş­la­ry üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni we ola­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len bir­lik­de, Türkmenistanyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýalar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da dö­re­di­len, ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gy esa­syn­da iş­le­ýän «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de bu ugur­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ýer­de ta­lyp­lar, mu­gal­lym­lar we hü­när­men­ler tä­ze tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­ga we önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga gat­naş­ýarlar, tej­ri­be alyş­ýarlar hem-de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça okuw­la­ry geç­ýär. Türkmenistanyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­tyn­da ta­lyp ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ta­lyp­la­ry yl­my we tas­la­ma iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge çek­mek, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry okuw iş­le­ri­ne giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu b

Şöhratdan doly bakylyk

«Pedagogika» grek sözi bolup, çagany elinden tutup ýöredýärin diýen manyny aňladypdyr. Häzirki zaman pedagogikasynyň gysga, umumy we dogry kesgitlemesi – çagany terbiýelemek baradaky ylymdyr. Bu ýerde «terbiýe» sözi giň manyda ulanylyp, ol bilim bermegi, okatmagy, ösüşi öz içine alýar. Durmuşda ösüp gelýän ýaşlara terbiýe bermekde tejribe toplan ussat adamlaryň döremegi pedagogika ylmynyň peýda bolmagyna getiripdir. Ýörite taýýarlygy bolan, pedagogiki iş bilen meşgullanýanlara “mugallym” diýilýär. Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” atly romanynda mugallymy bagty çüwen adam hökmünde belläp geçýär we ol “öz döwründe-de, geljekde-de öçmejek yz galdyrýar. Bu babatda mugallymdan bagty çüwen ýok. Çünki olaryň sepen tohumlary döwürdeşleriniň, soňra olaryň nesilleriniň ynsan mertebesinde mynasyp orun alýar...” diýip beýan edýär. Her bir adamyň durmuşy bilen bagly başga bir hünäri göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Ýerine ýetirilýän işleriň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr diýsek ýalňyşmarys. Mugallymçylyk aýratyn hormatly kärdir. Durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň ertir nähili boljakdygy şu günki mugallymlaryň işiniň netijesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz “Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” eserinde: “Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her bir

Ekologiýa arassaçylygynyň hatyrasyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talybyň işläp taýýarlan bioplastik torbalary ekologiýa zyýanly galyndylary azaldar ÝAŞ ALYM BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT: Patma Igdyrowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Röwşen günlere guwanan («Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan)

Anyk ýadymda galypdyr, 1998-nji ýylyň alabaharydy. Bir gün iş ýerime —«Garagum» žurnalynyň redaksiýasyna ýazyjy Rejepmyrat Durdyýew geldi. Asla-ha ol Metbugat öýüne ýygy-ýygydan gelýärdi. Sebäbi iş ýeri «Magaryf» neşirýaty bu ýerden taýakatym ileridedi. Sulhumyz alşansoň, meni hamrak görýän ýazyjy şol gezek goltugynda göterip gelen galyň papkasyny uzatdy: — Inim, boş wagtyň şuny bir okap görsene. Redaktirlejek diýseňem garşy bolup durman. Iki bähbidiň bolar, hem-ä bilmeýän zatlaryňy taparsyň, hemem eliň türgenlener. Höweseklik bilen okap ugradym. Hat ýazýan maşynkadan geçen kagyzlaryň ilkinji sahypasynyň dik depesindäki ýazgyda nazarym esli eglendi: «Gardaş! Bir pursat aýak çek-de, daş-töweregiňe, geçmişiňe ser sal! Ömrüňde näme işler bitirdiň? Geljek nesle nämeler goýýaň?». Kelläme gelen pikir: «Beh, bu adam aňyrdan-durmuş filosofiýasyndan tutýar-aý. Beýle towlamy başdan berk işilen eseriň bir hikmeti-hä bolmaly».

Täze saýt ― täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly ulgamlardan giňden peýdalanmak baradaky tabşyryklaryna jogap edip, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýty açyldy. Ol «Baş sahypadan», «Täzelikler», «Fakultetler», «Ylym», «Dalaşgärler üçin», «Biz barada» we «Habarlaşmak» sahypalardan ybarat. www.tdmugi.edu.tm salgysynda ýerleşýän resmi saýtyň «Baş sahypasyny» institutyň resmi nyşany we surat galereýasy bezeýär. Şeýle hem bu ýerde beýleki sahypalaryň gysgaça görnüşleri ýerleşdirilipdir. «Baş sahypanyň» aşaky bölümleriniň birinde institut barada umumy maglumatlar bar. Bu maglumatlarda onuň fakultetleriniň, hünärleriniň, mugallymlarynyň we talyplarynyň umumy sany görkezilýär.

Ylym — ösüşleriň gözbaşy

Berkarar Watanymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüş-özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň edýän taýsyz tagallalaryndan, kabul edýän milli we döwlet maksatnamalaryndan gözbaş alýar. Bu gün ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzy ählitaraplaýyn gülledip ösdürmekde ylma aýratyn uly bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Sazlaşykly ösýän Bitarap Türkmenistan dünýäniň ylmy giňişligine işjeň goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy ösdürmekde, täze senagat pudaklaryny döretmekde, iri taslamalarydyr milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylmyň ähmiýeti uludyr» diýip bellemek bilen, ylmyň ösüşine ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Türkmen ylmynyň maksatnamalaýyn esasda ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryň ähmiýeti aýratyn uludyr. Geçen ýyl «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 202

Ylymly il ozar

Mälim bolşy ýaly, döwletiň kuwwatlylygy onuň ylym derejesi bilen kesgitlenilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil sowatly bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladalar öz miwesini berýär. Bu gün geljegiň kämil binýadyny ylym-bilimde görýän bagtyýar ýaşlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim, ylym alyp, hormatly Prezidentimiziň ynamyna wepaly bolmaga çalyşýarlar. Tehnologiýanyň ösýän döwründe sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen ýaşlar üçin uly mümkinçilikler açyldy. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary peýdalanylyp, elektron kitaplar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullar ulanylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin döwrebap usul bolup, hil taýdan bilimiň kämilligini, netijeliligini artdyrýar.

Ylmy gözleglere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň güýji-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym, bilim edaralarynda okamaklary, saýlap alan hünärinde kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy-ýakynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da giň gerim almagynda wajyp ädim bolup durýar. Çünki jemgyýetiň ösüşi, onuň aýdyň geljegi ýaş nesliň kämil aň-düşünjeli, bilimli-terbiýeli bolmagyna baglydyr.

Ylmyň önümçilige gatnaşyklary

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi we onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda Türkmenistanyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamaga möhüm orun degişlidir. Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň ylmyň önümçilige işjeň goşulyşmagy babatda öňde goýýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň işlerinde öz beýanyny tapýar. Alymlar öz ylmy-barlag işlerini Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alyp barýarlar. Häzirki zaman alymlary ykdysadyýetiň binýadynyň, esasan, üç sütünden, bitewi üç halkadan, üç esasda tutulandygyny belleýärler. Hususan-da, bu üç bitewiligi ykdysadyýetçileriň dilinde aýdanymyzda, birinji esas — bilim innowasion tehnologiýalarda, milli we dünýä tejribesiniň gazananlarynda guralýan häzirki zaman önümçiligini dolandyrmak üçin halkara derejeli hünärmenleriň zerurlygyny talap edýär.

Ylym — ygtybarly ösüşiň aýdyň ýoly

Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, sanlyja ýylyň içinde döredilen ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Halk hazynasyndan ylym hazynasyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talyp il arasyndan halk döredijilik eserlerini ýygnap, olary ylmy taýdan öwrenmäge goşant goşdy Ýaş alym barada maglumat: Gunça Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby. Ylmy işi: «Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde milli medeniýet hadysasynyň ylmy-çeper teswiri».

Türkmen ylmynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Almany uzak wagtlap ter saklamagyň ylmy usuly

Biziň «Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde miweleri we gök-bakja ekinlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly tema boýunça alyp barýan ylmy-barlag işimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnyp, onuň maksady ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän almanyň giçki möhletlerde bişip ýetişýän sortlaryny öý şertlerinde we sowadyjylary ulanyp, önümiň harytlyk çykymyny ýokary derejede saklamakdan, ahyrynda önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Biz, esasan, alma miweleri uzak saklananda, onuň biohimiki görkezijilerine täsirini anyklamak boýunça ylmy işleri geçirýäris. Geçirilen biohimiki barlaglaryň netijelerine görä, tejribelerde ulanylan almalaryň himiki görkezijileri özara ep-esli derejede tapawutlanýarlar. Almanyň «Renet Simirenko» we «Starkrimson» sortlarynda gury maddalaryň mukdary, takmynan, bir derejede saklandy. «Golden delişesde» bolsa bu görkeziji beýleki sortlara görä, 2 göterime çenli ýokary boldy. Miweleriň şireleriniň düzümindäki gantlaryň mukdary babatynda «Golden delişes» sorty düzüminde 15,9 göterim gant saklap, ol barlanan nusgalaryň arasyndan iň hoşboý tagamy bilen tapawutlandy. Bu bolsa önümiň harytlyk gymmaty üçin ähmiýetli görkezijidir.

Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasy durmuşa geçirilip başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar. Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyn gurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýa-da beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.

Ýurdumyzyň himiýaçy alymlarynyň derman önümçiligine goşandy

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag instituty Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öz işlerini amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň lukmançylyk senagatyna uly goşant goşýar. Himiýa instituty ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ilkinji bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Degişlilikde, onuň ähli bölümleri buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni üpjün etmäge geçirildi.