"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Söz sizden, ýaş alymlar!

Mähri BERDIÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň kliniki ordinatory: — Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak babatda ýokanç keselleriň öňüni almak wezipesi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän saglyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda ilatyň arasynda çalt ýaýrap biljek ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda degişli ugurda amala aşyrylýan işler we giň gerimli özgertmeler lukman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda durmuşa geçirilýär. Men hem ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle giň möçberli işlerden ugur alyp, degişli ugurda dürli seljermelere baý ylmy iş ýazdym. Bu işim bilen men ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak, olaryň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esaslaryna täzeçil çemeleşmeleri kemala getirip, olaryň ylmy taraplaryny öwrendim. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelmek bilen, ylmy esaslanmalaryň has-da kämilleşdirilmegine ýardam berýär. Bu işim bilen ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmagym bolsa, meni geljekki ylmy gözleglere has-da ruhlandyrdy.

Türkmen ylmynyň röwşen geljegi

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bu bäsleşige öz işläp taýýarlamalaryny, döredijilik gözleglerini we ylmyň hem-de tehnologiýanyň möhüm ugurlary boýunça barlaglaryny görkezýän ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 53-si gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 57-sini kesgitlediler. Olaryň 32-si talyplar, 25-si bolsa ýaş alymlardyr. Hödürlenen taslamalarda we işlerde ylmy täzeçillik, onuň wajyplygy, iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýeti hem-de taslamalary önümçilige ornaşdyrmagyň geljegi esasy talap boldy.

Gadamy batly bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Geçen hepde ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilmegi hem bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýerlerinde okaýan we zähmet çekýän ýaşlarymyz gatnaşdylar. Şol dabara gatnaşyp, hünär başarnyklaryny kämilleşdirip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz açyşlary, täze oýlap tapyşlary bilen goşant goşýan, ylmy işleri boýunça ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Täzeçil tehnologiýalar — ösüşiň binýady

Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady.

Milli ylmy mynasyp dowam etdirijiler sylaglandy

AŞGABAT, 12-nji iýun (TDH). Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan bu bäsleşik ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem-de onuň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornunyň berkidilmegine, ägirt uly döredijilik ukyby bolan alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, has zerur we wajyp ugurlarda alnyp barylýan ylmy işleriň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Röwşen geljegiň ýoly

12-13-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen maslahat halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk etdi. Oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň çar künjeginden alymlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlaryň käbirinden bölekleri okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. Murat ŽURINOW,Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik:

Ýaş alymlaryň ynamly gadamlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşiginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky tapgyrynda ýaşlaryň 57-si ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýeňiji bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şahadatnamalardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz dabarada bolup, ýaş alymlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk.

Sanly ulgam — ylmy giňişlikde

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karary möhüm ähmiýete eýedir. Ol ylmyň gazananlaryna esaslanýan, bilim babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini durmuşa ornaşdyrmaga, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim bermegiň görnüşlerini artdyrmaga, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary çekmäge itergi berdi. Döwletimizde ylym we bilim pudaklarynyň edaralarynyň internetiň ählumumy ulgamyna birikdirilmegi sanly tehnologiýalar babatda döwrebap ösüşlere badalga berdi. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä tejribesinde bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli ýollarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly okatmagyň elektron görnüşi netijeli ulanylýar. Bu işleriň ýurdumyzda döwrebap ýola goýulmagy uzak aralykdan maglumat alyşmaga we özara işleşmäge, multimedia enjamlaryny we interneti peýdalanmak arkaly, okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda dürli derslerden okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmagy we bu işleriň ylmy esasda ýola goýulmagy möhüm wezipeleriň birine öwrüld

Ylmyň batly gadamlary — sanly ulgamyň kämilligi

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ata Watanymyzyň ilkinji «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň açyp görkezdi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişiniň, radioýaýlymlaryň eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, daş aralykdan teleokuwlary, telelukmançylyk aragatnaşygy guramaga oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli çäginde ýokary hilli internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, öýjükli aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işinde aýrokosmosdan surata düşürmeleriň topograf-geodeziýa, kartografiýa, toprak, agrohimiýa, geobotanika we beýleki barlaglaryň geçirilip, ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Esasan hem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ilerlemelerine, önümçilik-tehnologiýa netijeliligine oňyn şert döredýän nazary bilimleriň, ylmy-inženerçilik pikirleriň we halkara ülňülerine daýanýan sanly ulgamyň döwrebap ösdürilmegine täzeçe badalga berdi. Bu günki gün ylma esaslanýan hem-de ýokary tizlik bilen ýaýraýan sanly ulgam dünýä ýurtlarynyň ösüş-özgerişiniň baş şertleriniň biri bolup durýar. Çünki sanly giňişligiň strategik ugurla

Ýaşlaryň täzeçil ylmy çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar

Çözgüt — haýsydyr bir mesele dogrusynda gelnen karar, netije. Belli bir karara, netijä gelmek bolsa irginsiz pikirlenmäni, dowamly gözlegi talap edýär. Täzeçil ylmy çözgüde ýetmek üçin döwrebap bilimleriň we ylmy garaýyşlaryň toplumyny ele almak zerur. Şu babatda ýaş alymlarymyz we talyp ýaşlarymyz professor-mugallymlaryň, halypa alymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy ugurlaryň dürli görnüşleri boýunça taslamalary ýerine ýetirýärler, irginsiz kämilleşýärler. Muny Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Ylym — önümçilik — işewürlik

Ykdysady gatnaşyklaryň dünýä derejesinde ösýän, milli ykdysadyýetleriň sanlylaşýan döwründe, ilkinji nobatda, ylma daýanýan sanly innowasiýalara ähmiýet berilýär. Çünki sanly ulgam arkaly önümçilikleriň hili kämilleşdirilýär, netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň, şeýle hem ykdysady önümçiligi guramakda täzeçil çemeleşmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi hut şol ugra gönükdirilendir. Şu ýerde bu gezekki bäsleşigiň geçen ýylkydan aýratynlygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Geçen ýylky ylmy taslamalara «Bilim — Ylym — Önümçilik» ugry boýunça seredilen bolsa, bu gezek ol ugur has kämilleşdirilip, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesi göz öňünde tutulyp, işlere «Ylym — Önümçilik — Işewürlik» ugry boýunça garaldy.

Bagtly geljege ak ýol

Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup,  bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi juda parlak ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny çäksiz goldaw bilen gurşamagynyň netijesinde alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna siňip, açyşlar, oýlap tapyşlar älemine aralaşmaklary üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu bolsa Watanyň kuwwatly geljegi bolan ýaş nesli ylym bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Şol sebäpden ylym diýlen jadyly barlyga aralaşyp, netije gazanýan ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň hem sany barha artmak bilen. Ýylyň-ýylyna «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-taslama bäsleşigine, şeýle-de Halkara olimpiadalara gatnaşyp, ýurdumyza baýrakly dolanýan ýaşlarymyzyň az däldigi bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Ylmyň innowasion ösüşi

Islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Ýaşlar jemgyýetiň ösüşiniň amala aşyrylmagynyň hereketlendiriji güýji bolýan bolsa, ylym we bilim şol hereketlendiriji güýji ösüşlere ugrukdyrýar. Ähli döwürlerde ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň merkezinde durandygyny hem-de onuň häzirki derejesiniň gazanylmagynda türkmen jemgyýetiniň mynasyp paýynyň bardygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Bilim-ylym ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde, umumybilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý, ýapon dillerini okatmagyň ýola goýulmagynda şöhlelenýär.

Ylym — ösüşleriň gözbaşy

Uly ähmiýet berilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly tutumly işlere badalga berdi. Bu ulgamda amala aşyrylan düýpli özgertmeler gysga döwrüň içinde gowy netijesini berdi. Garaşsyz döwletimiziň ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy. Alymlaryň we ylmy işgärleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, döredijilikli zähmet çekmeklerine ähli zerur şertleri döretmekde giň möçberli işler bitirildi.

Öňdebaryjy tehnologiýalar — rowaçlygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň ylma we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti durnukly ösýär. Täze-täze inženerçilik desgalary, binalar, zawod-fabrikler gurlup, önümçilige ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň ösmegi bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Şeýle şertlerde düýpgöter täze tehnikalarda we tehnologiýalarda öz ornuny tapýan ylmy pikirlerdir çözgütleriň başlangyjy bolan ylmyň ähmiýeti has hem artýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, 2015-nji ýylda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary tassyklandy.

Ylym — kuwwatlylygyň kepili

Şu ýyl şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen ykbalynda täze eýýamyň başlangyjyny goýdy. Bu ajaýyp zamanamyzda halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, milli-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy bilen bir hatarda ylymda, bilimde dünýä belentliklerine tarap ak ýol çekildi. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamlarynda amala aşyrýan özgertmeleri, durmuşymyza ornaşdyrýan täzeçillikleri ylmy, bilimi uçar ganata deňeýän halkymyzyň geljegimiziň mundan-da röwşen boljakdygyna bolan ynamyny has-da berkidýär. Milli Liderimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek, biz ylmyň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözleri bu günki gün her birimiziň, ylaýta-da, bagtyýar ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Bu günki gün dünýä ylmy tehnologiýanyň iň bir ösen derejelerine bil baglaýar. Bu ugurdan ýylyň-ýylyna täze-täze enjamlaryň döredilip, dünýäniň çar künjüne ýaýradylyp durulmagy her bir ösen döwletiň şol depginlere deňleşip gadam urmagyny talap edýär. Munuň özi häzirki zaman ösüşleriň depginini kesgitleýär. Hut şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda zerur bolan ähli şertler döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda-d

Ösüşleriň altyn açary

Maglumat asyrynyň özgerişleri netijesinde adamzat jemgyýetiniň ösüş ýolunda täze tapgyr açyldy. Bu bolsa, esasan, ýaşaýşyň aň-paýhasyň ösüşi netijesinde döredilýän tilsimat bilen dolandyrylýan zamanasynyň binýadyny goýdy. Bu gün ösen aň-paýhasa, ýokary ylmy netijelere bolan talap has öňe çykyp, jemgyýetiň öňdebaryjylygy bu ugurda ýetilýän derejeler bilen kesgitlenip başlandy. Bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ymtylýan ýurtlar, ilkinji nobatda, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge çalyşýarlar. Şeýlelikde, milli baýlyklaryň egsilmez çeşmesi hasaplanýan ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ykdysadyýetde goşmaça gymmaty döretmek, jemgyýeti ösdürmek wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ylmy-innowason we sanly-tehnologiýalar ulgamynyň ösüşiniň döwlet syýasatynyň esasy strategik ugruna öwrülmegi, bu ugurda täze özgertmeleriň durmuşa geçirilip, ýörite maksatnamalaryň kabul edilmegi soňky ýyllarda milli ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda we berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen, her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni döwlet tarapyndan bu ugra mynasyp ünsüň gönükdirilýändigini görkezýär. Ylym jemgyýetiň öndüriji güýji we möhüm durmuş serişdesi hökmünde barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Ylym adamyň daş-töweregini gurşap alýan ähli zatlar, ýagdaýlar baradaky bilimlerid

Takyk we tebigy ylymlar — durmuşyň geljegi

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. Bu resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugur

Ylym — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny ýaýbaňlandyrmak, bäsleşige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek we önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir ugrunyň ylma daýanyp, ýokary ösüşe eýe bolmagy üçin aýdyň çözgütleri kabul edýär. Milli Liderimiziň ylym özgertmelerinden gözbaş alýan çözgütler ýurdumyzyň ösüşleriniň binýadyny berkidip, täze işlere badalga berýär. Çünki hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde, ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň ylym özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär.

Ylym — beýik ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ylym-bilimiň ähmiýetine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň netijesinde dünýä ylmyndaky iň täze tehnikalar, tehnologiýalar we tejribeler ýurdumyzda önümçilige, bilime giňişleýin ornaşdyryldy. Ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýan Diýarymyz öňdebaryjy tejribäni hem-de ösüşlere beslenen işleri giňişleýin öwrenýär, özleşdirýär we kämilleşdirýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan nusga kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilimiň ösüşi ýokary depginlere eýe bolýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň giňden bellenilip geçilmegi bu ulgama ýokary ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaş alymlary bilen söhbetdeşlik taýýarladyk. Biz şol söhbetdeşligi giň okyjylar köpçüligine hödürleýäris. Maýagözel JEPBAROWA,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri: