"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ylmy sözleýişde baglanyşyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryna düýpli üns bermegi netijesinde, esasy halkara dilleriň biri bolan iňlis diliniň has giňden öwrenilip başlanmagy uly ähmiýete eýe boldy. Indi çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdebine çenli, hatda aspirantura döwründe hem bu dilde hünär bilen bagly sözleýiş endikleriniň kämilleşdirilmegi işjeň alnyp barylýar. Netijede, halk hojalygymyzyň dürli pudaklaryny, bazar ykdysadyýetini, ylmy, medeni, syýasy gatnaşyklary dünýä derejesine ýetirmekde iňlis diliniň hyzmaty möhüm. Sebäbi islendik hünärdäki adamlaryň şu dilde hasabatlary, teklipnamalary taýýarlamagy, ylmy maslahatlarda çykyş etmegi, taslamalaryň ylmy-tehniki esaslaryny ýazmagy we bir dilden beýleki bir dile terjime işlerini alyp barmagy ussatlygy talap edýär. Öňde duran şu maksatlara ýetmek üçin, dil öwretmekde usulyýetiň has netijeli görnüşlerine geçmek derwaýys hasaplanýar. Täze dil öwretmek usulyýeti nähili häsiýete eýe? Onuň amal edilmegi üçin haýsy ylmy-usuly şertler zerur? Bu usulyýet iňlis diliniň maksatlaýyn öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Okatmagyň mazmuny we onuň bilen bagly käbir usuly aýratynlyklar öňe çykýar. Bu diýildigi, ilki bilen, iňlis diliniň başlangyç esaslaryny, gepleşik dili resmi-dolandyryş, ylmy, ýazuw görnüşlerini we olara degişli okatmak usulyýetlerini aňladýar diýildigidir

Öwütlere eýermek — borjumyz

Her gezek çykyşlaryny diňlänimde, jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny okanymda, hormatly Prezidentimiziň nähili giňişleýin möçberde pikirlenýändiginiň, ýurdumyzyň şu güni we geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň hiç birini-de ünsden düşürmän gelýändiginiň şaýady bolýaryn. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyna gatnaşmak we onda eden taryhy çykyşyny diňlemek bagty miýesser etdi. Şonda ýene-de bir gezek milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli aladalarynyň global häsiýete eýediginiň şaýady boldum. Onda aýdylanlaryň ählisi barada gürrüň etjek bolsaň, bir makalanyň möçberi ýeterlik bolmaz. Şonuň üçin hem şu ýazgylarymda ýaşlara ylym, bilim we terbiýe bermek boýunça milli Liderimiziň beren maslahatlarynyň, bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işleriň käbirleri barada durup geçmekçi. Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda: «Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris» diýip, ylmyň, bilimiň we terbiýäniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Olaryň ýokary derejede döwrüň talaplaryna we häzirkizaman pedagogikasynyň gazananlaryna daýanylyp berilmegi üçin bolsa ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalar b

Ylym - beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Milli Liderimiziň ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslenýär. Zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin hemmetaraplaýyn we ylmy esasda zerur meýilnamalar kabul edilýär. Häzirki döwürde ýaş alymlar halypalary bilen bir hatarda ylmy-barlag, taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Üstünlige ruhlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täzeden dikeldilip, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň we kliniki ordinaturalaryň döredilendigini buýsanç bilen ýatlap geçmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, milli aýdym-saz sungatymyzy dürli taraplardan öwrenip, bu ugurda kandidatlyk, doktorlyk alymlyk derejelerini gorajaklara giň mümkinçilikler döredilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň birnäçesi saýlap alan ugurlary boýunça ylmy dissertasiýalaryny üstünlikli gorap, «Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesine eýe boldular. Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň hem birnäçesi bar.

Barlaghanada ylmy-barlag we tejribe işleri ýerine ýetirilýär

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ägirt uly tebigy uglewodorod baýlyklaryna esaslanýan nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär, ylmy-barlag institutlarynyň barlaghanalary innowasion esasly täze barlaghana enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Laboratoriýa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy «FANN Instrument» we «Chandler Engineering» kompaniýalarynyň ylmyň soňky gazananlaryny öz içine alýan häzirki zaman enjamlary we gurallary bilen üpjün edilendir. Olaryň kömegi bilen guýularyň dag-geologik şertlerini modelirlemek bolýar. Bu enjamlar arkaly dürli görnüşli tamponaž sementleriniň Türkmenistanyň standartlarynyň bildirýän talaplaryna laýyklygynyň barlag işlerini hem geçirmek bolýar.

Beýik maksatlaryň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, aýratyn hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň her bir güni kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýaly ajaýyp ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde umumy okuw sapagyny geçmegi ähli halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolmaga çagyrýan, täzeçil garaýyşlar toplumyny özünde jemleýän umumy okuw sapagynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulanmagy ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ýeten mümkinçilikleri, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary häsiýetlendirildi.

Ylym — kämilligiň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda ylma, sanly tehnologiýalary ösdürmäge yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy okuw sapagynda taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyzyň ylymdan üzňe ýaşamandyklaryny, häzirki döwrüň ýaşlarynyň pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýändiklerini, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlaryň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidiklerini aýratyn belledi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli döwrebaplaşdyrmak, Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, zehinli, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esasla

Ylym-bilim — täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary we miweleri, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň wezipe borçlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Şular dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy SUWHANOWYŇ, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hezretguly DURDYÝEWIŇ, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Janabaý ŞYHYÝEWIŇ, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Kömek KULYÝEWIŇ, Aşgabat şäherindäki 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Hemra ARAMEDOWYŇ gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik taýýarladyk. — Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda öňe süren garaýyşlary täze eýýamyň paýhas esasyny düzýär. Olar döwrebap nesli kemala getirmegiň binýadydyr.

Halypa alymyň manyly ömri

Ýiti galamyna ezberlik bilen erk edýän ussat halypa Amanmyrat Kiçigulowyň ýakynda metbugatda çap edilen «Sagat näçe bolduka?» atly makalasyny uly gyzyklanma bilen okap, çuň pikirleriň girdabyna düşenimi duýman galdym.. Bütin ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge bagyş eden halypa alymlaryň biri Walentin Georgiýewiç Ignatýew bilen institutda gündelik geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri, indiki ädilmeli ädimler barada maslahatlaşylýan iş pursatlarynda edilmeli işleriň köpdügini, wagtyň bolsa çäklidigini aňynda aýlaýan halypamyzyň «Sagat näçe boldy?» diýip soraýandygy biygtyýar serime dolýar.

Diplomatik gatnaşyklarda ilçileriň orny

Diplomatik gatnaşyklaryň emele geliş taryhy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Dünýäde ilkinji döwletleriň emele gelmegi, olaryň resmi görnüşde özara ylalaşyklary we şertnamalary bilen diplomatik gatnaşyklaryň başlangyç görnüşleri hem döräpdir. Dürli şertnamalardan başga-da diplomatiýa müňýyllyklaryň dowamynda, köplenç ýagdaýda, umumy kabul edilen kadalar, halkara gatnaşyklarynda emele gelen däp-dessurlar arkaly amala aşyrylypdyr. Gadymy Gündogaryň diplomatiýasynyň taryhynda häzirki Hindistanyň çäklerinde mundan IV müň ýyl ozal dörän Manu kanunlary ilkinji mysallaryň biri bolup durýar. Olar Manu atly hindi hökümdaryň ady bilen baglanyşykly bolup, olarda diplomatiýa arkaly uruşlaryň öňüni almak we parahatçylygy berkitmek sungat derejesine ýetipdir. Manu kanunlarynda diplomatik gatnaşyklaryň netijeleri, ýagny, parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýa-da özara gatnaşyklaryň bozulmagynyň ilçileriň hyzmatyna baglydygy bellenilipdir. Ilçiler öz hökümdarlaryny keseki hökümdarlaryň meýilleri we maksatlary barada habardar edipdirler. Şeýdibem, ilçiler köp howplaryň öňüni almaga ukyply bolupdyrlar. Ilçileri saýlap almaklyga hem aýratyn üns berlipdir. Hemmetaraplaýyn bilimli, alçak, dilewar hem-de wezipe borçlaryna ygrarly adamlary hökümdarlar ilçi edip belläpdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty — ylym-bilimiň beýik ösüşleri

  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu günki bagtyýar günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýarys. Şeýle şanly baýramlarymyz, şanly toýlarymyz belentden dabaralanýar. Ynha, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki döwrümizde Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Altyn güýzüň ilkinji güni, has takygy 1-nji sentýabr güni hormatly Prezidentimiz bize täze bagtyýarlygy peşgeş etdi. Has takygy hormatly Prezidentimiz talyplar we okuwçylar bilen duşuşygynda umumy okuw sapagyny geçirdi, ylmy nukdaýnazaryny giňişleýin beýan etdi. Öňi bilen bellemeli zatlaryň bir hem, Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem hormatly doktory, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly akademigi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň peder ýoly mugallymçylykdan gözbaş alýar. «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew — esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym. Berdimuhamet Annaýew öz döwründe ýaşlara bilim öwretmekde, terbiýelemekde nusgalyk ýol goýan ussat mugallym. Şonuň üçin hem asylly

Ylmy gözleglerde ilkinji ädimler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmek ýurtda alnyp barylýan beýik işleriň esasy ugruna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hünärmen taýýarlamak bilen bir hatarda, ylmyň nazary hem amaly meselelerini çözmäge öz goşantlaryny goşýar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebinde we ylmy institutynda aspirantura bölümleri işleýär. Olarda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli aspirantlar önümçilikden aýrylmak we aýrylmazlyk şerti bilen okadylýar. Ylmy derejäni almaga çalyşýan dalaşgärleriň ylmy-gözleg işleriniň üstünde ýokary okuw mekdebiniň tejribe-synag, innowasion tehnologiýalar we dünýä tejribeleri bilen üpjünçilikli otaglarynda erkin işlemeklerine zerur şertler döredilendir. Olar ylmy işleriniň temalaryny pudaklaryň sargytlary, Milli maksatnamalaryň talaplary boýunça saýlaýarlar. Temalaryň üstünde işlenilende daşary ýurt edebiýatlaryndan, milli tejribeden, önümçiligiň häsiýetli aýratynlyklarynyň talaplaryndan peýdalanýarlar.

Ylym — ösüşiň binýady

Az wagtdan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Bu taryh üçin onçakly uly möhlet däl. Şu gysga döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde asyrlara barabar ýol geçildi. Bu gün bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-owazasy dünýäniň çar künjüne ýaň salýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyz diňe ösüşlere beslenýär. Ähli ösüşler, özgerişler, öňegidişlikler bolsa ylym-bilimden gözbaş alýar. Türkmen — ylma çäksiz sarpa goýýan halk. Bu geçen taryhy döwürlerde-de şeýle bolupdyr, häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de şeýledir. Muňa ata-babalarymyzyň «Ylym okan ýol tanar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylym pul bilen alynmaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen ýaly gyzyldan gymmatly jümleleri-de şaýatlyk edýär.

Bişofiti toplumlaýyn peýdalanmagyň usullary

Hormatly Prezidentimiziň kärhanalarda harçlanylýan harajatlary peseldip, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, çykarylýan harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly çözgütleri gönüden-göni ýurdumyzyň senagatynyň dürli pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilendir. Bu babatdaky ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleri bolsa, ilkinji nobatda, himiýa ylmyna degişlidir. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky Karary bilen, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň köp ugurlary senagat pudagyna degişli bolup, olar hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek, täze önümçilik ýerlerini döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, döwrebap tehnologiýalary işläp düzmek ýaly wajyp meseleler bilen baglydyr.

Bagtly zenan

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Her bir ynsanyň gyzyklanmalary, meşgullanýan ugry oňa mynasyp durmuşy we öz ýaşaýan jemgyýetinde uly hormat-sylagy bagyş edýär. Belent sarpanyň eýesi bolan alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Häsiýet Asadowanyň bilim älemine ykbalyny bagyşlamagy tötänden däl. Onuň ejesi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Rysalat Asadowa öz belent adamkärçiligi, bilim ulgamyny ösdürmäge goşan goşandy, zähmetsöýerligi, halallygy bilen perzentlerine göreldedi. Şonuň üçinem Häsiýet Asadowa ejesiniň maslahat bermegi bilen onuň ylmy ýolbaşçylygynda 1990 — 1993-nji ýyllarda ady agzalan ýokary okuw mekdebinde aspiranturada okady. 1995-nji ýylda «Mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmegiň pedagogik meseleleri» diýen mowzukda ýazan kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorap, pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy.

Sahaba siňen sungat

Hormatly Prezidentimiz: «Keremli topragymyzda döredilen ylym öýleri — akademiýalar arap-ajam ýurtlarynda nusgalyk bolup hyzmat edipdir» diýip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belläp geçýär. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz dürli döwürlerde dörän beýik şahslaryň türkmenler baradaky dünýägaraýyşlaryna anyk we takyk beren ylmy maglumatlaryna türkmen topragyna esaslanyp, orta asyrlarda senetçiligiň, ylmyň we medeniýetiň ösen ýeri bolandygyny dolulygyna subut edýär. Ylmyň gönezligini özünde jemleýän golýazma kitaplaryny döreden uly mekdepleriň hem bolandygyny biz taryhdan bilýäris. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan, ösüş döwrüniň ähli tapgyrlaryny geçen nusgawy ýazuw ýadygärliklerimiz hem şaýatlyk edýär. Ýazgylardyr şekiller bilen taýýarlanylan her bir golýazmanyň ähli bölekleri sungatyň taryhy ösüşini, medeniýetini özünde jemleýän maddy gymmatlyk bolup durýar. Kitap ussalarynyň, kagyz we syýa ýasaýjylaryň, hatdatlaryň, nagyş we miniatýuraçylaryň, sahapçylaryň siňdiren el zähmetleriniň güýji bilen ylymdar adamlaryň gymmatly pikirleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu iş bilen meşgullanýan adamlar kitaby owadanlamak we daşyny gaplamak işlerine uly üns beripdirler. Golýazma kitabynyň döreýşi basgançakly bolup, ilki papirus we pergament düýrlenen kagyzlar

Ynsan ähline nusga

Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne bir söz bolman, eýsem, olar çaganyň edim-gylymlarynda, özüni alyp barşynda öz beýanyny tapýar. Mugallymyň häsiýetleriniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolup galýar. Islendik käriň eýesi, isle alym, lukman, inžener bolsun, ählisi mugallymdan bilim-ylym, edep-terbiýe alýar. Mugallym ýaş nesliň bilimli, giň gözýetimli bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Mugallym — hemmeleriň halypasy, ýaşlary durmuş ýoluna atarýan ynsandyr.

—Bilgirje, kosmonawtlaryn geýimleri barada gürrün beräýsen!

—Kosmonawtlaryň geýimleri «skafandr» diýlip atlandyrylýar. Skafandrlar adamy amatsyz we gazaply daşky gurşawdan, ýagny daşky gurşawyň zyýanly şöhlelerinden we zäherli gazlaryndan goraýar. Skafandryň içi elmydama adam üçin kadaly basyşy hem-de temperaturany saklaýar. Şeýle-de ol adama zerur bolan kislorody tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Käbir adamlar skafandrlary diňe kosmonawtlaryň eşigi hökmünde tanaýarlar. Emma olaryň: guwwaslaryň (suwuň düýbüne çümýänleriň) skafandrlary, awiasion skafandrlar we kosmos skafandrlary ýaly üç görnüşi bardyr.

Talyplyk bagty

Milli Liderimiz ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ýaşlaryň hem ylymly-bilimli, hünärli bolmaklary üçin uly aladalary edýär. Şol aladalaryň çäginde her ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlara öwredilýän hünärleriň we ugurlaryň sany artdyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda köpsanly deň-duşlarym bilen bir hatarda maňa-da talyplyk bagty miýesser etdi. Fizika, algebra we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilen giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa fakultetine okuwa girdim. Nesip bolsa, men maşgalamyzdaky ilkinji geolog bolaryn.

Ykdysady taýdan seljeriş işleriniň geçirilişi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Önümçilik serişdeleriniň ekstensiw ulanylyşyny gowulandyrmak diýlende, bir tarapdan, kalendar döwründe hereket edýän enjamlaryň işiniň wagtynyň köpeldilmegi, beýleki tarapdan, kärhanada bar bolan hemme tehnologiýalaryň düzüminde hereket edýän enjamlaryň udel agramynyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Işlenen wagtyň köpeldilmegini içki çalşyk boş durmalary kemeltmek we ýok etmek, enjamlary abatlaýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, esasy önümçiligi işçi güýji, materiallar, ýangyç we beýleki serişdeler bilen gerekli wagtynda üpjün etmek, enjamlaryň bütin gün boş durmasyny gysgaltmak, çalşyklyk koeffisiýenti ýokarlandyrmak, enjamlaryň artykmaç sanyny kemeltmek we gurulmadyk enjamlary önümçilige tiz işe girizmek bilen gazanyp bolar.