Ýylykölli Türkmenleriňkide
Biz Täjigistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda geçen üç aýlyk önümçilik tejribeligimiz döwründe Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda ýerleşýän türkmen obasyna baryp gördük. Şol ýerli arkadaşlarymyz obanyň adynyň Lebapdygyny, obada örän irki döwürlerde bu toprakda mesgen tutan türkmenleriň nebereleriniňem, geçen asyryň ortalarynda göçüp gelenleriňem ýaşaýandygyny gürrüň berdiler. Ýerli ilatyň aýtmaklaryna görä, obanyň Lebap ady «leb» we «ab» diýen pars sözlerinden emele gelip, «suwuň ýakasy» diýen manyny aňladýan eken. Bu ajaýyp obanyň bir çetinden gireniňden sazlaşykly gurlan hatarlaýyn jaýlary, al-ýaşyl öwüsýän ekinzarlyklary, nar, alma we üzüm baglaryny, dag etegindäki öri meýdanlarda otlaşyp ýören sürüleri görmek bolýar. Şeýle hem sary dony egne atan atyzlarda altyn güýzüň bolluk bilen eçilen bereketli hasylyny ýygnap, arman-ýadaman zähmet çekip ýören babadaýhanlary göreniňde-de gözüň dokunyp, öz daýhanlarymyz göz öňüňden geçýär. Özge ýurtda, ata Watanyndan uzaklarda ýaşaýandyklaryna garamazdan, türkmenler bu ýerde halal zähmeti bilen güzeranlaryny aýlaýan ekenler. Elbetde, munuň özi ýylykölli arkadaşlarymyzyň örän zähmetsöýerliginden, başarjaňlygyndan, ugurtapyjylygyndan habar berýär.