"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýörite maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Gundo WEÝLER,BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:

Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebit durnuklylygynyň möhüm şerti

Kaha IMNADZE,BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy. Hormatly Türkmenistanyň raýatlary!

Tejribeler. Taslamalar. Mümkinçilikler

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. 6 — 8-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi, şeýle-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty doganlyk döwlet bilen däp bolan hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň täze mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Biz senagat kärhanalary üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, suw üpjünçilik, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän türk kompaniýalarynyň 100-e golaýyny Aşgabatda jemlän gözden geçirilişe gatnaşan myhmanlaryň pikirlerini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Umit ÝAZGAN,«Water grup» kompaniýasynyň esaslandyryjysy:

Türkmenistan — ABŞ: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

5-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.

Türkmenistan — Türkiýe: netijeli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz hem Türkiýe bilen strategik, uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Dostluk. Işewürlik. Ynanyşmak

6—8-nji dekabrda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi guraldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi. GÖZDEN GEÇIRILIŞE IRI KOMPANIÝALAR GATNAŞDYLAR

Giň mümkinçilikleriň meýdançasynda

Paýtagtymyzda açylan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň 100-e golaýyny bir meýdançada jemledi. Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk hem-de elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär. Nobatdaky gözden geçiriliş baý tejribä eýe bolan iri türk kompaniýalaryna türkmen kärdeşleri bilen, ilkinji nobatda, gurluşyk senagatynda, energetika, himiýa we dokma pudaklarynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge giň mümkinçilik berdi. Iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemlän nobatdaky gözden geçiriliş işewürlik dünýäsi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi ýylsaýyn artýar. Sergi juda köp adamly bolup, onuň çäklerinde işewürlik duşuşyklary-da geçirildi. Netijeli duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkeýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň  6-njy dekabrynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we iki ýurduň işewür toparlarynyň işewürler maslahaty geçirildi. Bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän  100-e golaý kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri Aşgabada geldiler.

Täze uçar — ýolagçylaryň hyzmatyna

4-nji dekabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir. Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Şeýle-de olaryň rahatlygy üçin ähli zerur serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda

Paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Komitetiň 6-njy mejlisiniň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde däp bolan söwda-ykdysady, ulag, energetika pudaklary görkezildi. Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Muňa mysal hökmünde özara tagallalaryň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Onuň üsti bilen türkmen tebigy gazy HHR-e bökdençsiz iberilýär.

Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi

26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Welaýatymyzyň teatr ussatlary Gyrgyzystanda geçirilýän festiwala gatnaşýarlar

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly öz işine başlady. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary bu festiwala ýazyjynyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly oýny bilen gatnaşýar. Režissýor Perhat Hudaýberenow Ç.Aýtmatowyň eserinde gozgalýan durmuş meselelerini inçelik bilen yzarlap, onuň öňe süren pikirini çugdamlamagy we sungat eserine siňdirmegi başarypdyr.

Türkmen-german forumy: ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dekabr aýynda geçirilýän XI türkmen-german forumy milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmekde, ikitaraplaýyn halkara gatnaşygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bütin dünýäde öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen indi köp ýyllardan bäri köptaraplaýyn, ýokary netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekden, amaly tejribe alyşmakdan başga-da, ýurdumyzda täze gurulýan saglyk merkezlerini döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde bu döwletiň önüm öndürijileri bilen ýokary hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen lukmançylyk derejesine laýyklykda köptaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.

Gazak ýük daşaýjylary Türkmenistanyň üstünden Ýewropa çykýarlar

Gazak ýük daşaýjylary päsgelçiliksiz üstaşyr geçmek üçin Türkmenistan we Eýran arkaly Ýewropa çykýarlar. Bu barada 5-nji dekabrda Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Sathan Ablaliýew hökümet ýygnagynda habar berdi. Sathan Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükler babatda ulag ulgamynda oňyn ösüş depgini ýokarlandy. Mysal üçin, 2022-nji ýylda gazak ýük daşaýjylarynyň bu bazardaky paýy 13% ýokarlandy we 48% deň boldy.

Azerbaýjan goňşulary bilen bilelikde Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeldýär

Azerbaýjan, Gruziýa we Gazagystan beýleki ýurtlar bilen birlikde Orta geçelgäniň ösüşi baradaky garaýyşlary boýunça ylalaşmakda möhüm ädim ätdiler. «Trend» munuň Londonda ýerleşýän «Emerging Europe» seljeriş merkezi tarapyndan çap edilen makalada aýdylýandygyny habar berdi. Seljeriş işinde alnyp barylýan dogry syýasatyň Merkezi Aziýanyň hem-de Kawkazyň üsti bilen Hytaý we Ýewropa bazarlaryny birleşdirýän Orta geçelgäniň sebit söwdasyny ösdürip, şol ugurdaky ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyryp biljekdigini aýdýar. Mundan başga-da, bilermenler Bütindünýä bankynyň hasabatyna salgylanyp, maýa goýumlaryň dogry ulanylmagy bilen, Orta geçelgäniň 2030-njy ýyla çenli söwda mukdaryny üç esse artdyryp we şu gatnaw üçin gerek bolan wagty iki esse azaldyp biljekdigini çaklaýarlar. Munuň özi iş mümkinçiligini döretmek bilen, pudaklary goldamak we işewürligi çekmek arkaly ýerli hem-de sebit ykdysadyýetlerine, has iri jemgyýetlere uly peýda getirer. Şeýle hem, ýazgyda 2022-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň arasynda Ýol kartasyna gol çekilendigi aýdylyp, bu ýerde Orta geçelgäniň ugrundaky amallary gowulandyrmak üçin ileri tutulýan maýa goýumlaryň hem-de çäreleriň görkezilýändigi beýan edilýär. 2023-nji ýylyň iýunynda bolsa Azerbaýjan, Gruziýa we Gazagystan bu ugur üçin bilelikdäki logistika operatoryny döretmek barada ylalaşdylar.

Russiýada agyr we uly ulaglar üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti çaltlandyrylar

Russiýa Federasiýasynyň hökümeti agyr we göwrümi uly bolan ulaglaryň ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň şertlerini ýeňilleşdirdi. Hökümetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu işi optimizirlemegiň hasabyna şeýle resminamalary bermegiň möhleti üç sagada çenli azaldylar. Üýtgeşmeler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan güýje girer. Hökümetiň karary bilen tassyklanan agyr we uly ulaglaryň hereket etmeginiň düzgünleri, ýol eýeleri tarapyndan ýörite rugsatnama bermek üçin ulgama giren ýollardaky maglumatlara esaslanyp, agyr ulaglaryň ugruny awtomatiki kesgitlemäge geçmegi teklip edýär. Şeýlelikde, ýörite rugsat almak üçin anketa tabşyrylanda ulgamyň özi ýoluň mümkinçiliklerini döreder we daşaýjynyň saýlamagyny teklip eder. Ol ýollara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin tölenmeli tölegi hem awtomatiki usulda hasaplar. Döwlet ýol gözegçilik gullugy ulagyň ugruny utgaşdyrmakdan aýrylýar. Bularyň hemmesi ýörite rugsatlaryň berilmegini ep-esli çaltlaşdyrar. Häzirki wagtda bu işiň dowamlylygynyň 7 — 9 güne barabardygyny ýatladýarys.

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi. Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň 5-nji dekabrda Tbiliside (Gruziýa) geçen mejlisine gatnaşdy. TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew we beýleki agzalar Türkmenistany Ýewropa Bileleşiginiň hem-de “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesini guramak boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky halkara maksatnama goşulmagy bilen gutladylar.

Aşgabatda DÝHG agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň Baş direktorlarynyň maslahaty geçiriler

Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (DÝHG) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 2024-nji ýylyň 13-19-njy aprelinde Aşgabatda geçiriler. Guramanyň bu ýokary derejeli çäresi, ýagny dolandyryş edaralarynyň biriniň - Baş direktorlaryň maslahaty - geçen ýylda ulag pudagynda bilelikdäki üstünliklere baha bermäge, geljege gönükdirilen görkezmeleri kesgitlemäge we halkara demir ýol jemgyýetçiliginiň özara gatnaşygy üçin täze höweslendiriş mümkinçiligini berer. Şeýle hem Aşgabat forumynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň guramanyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy hem bellener.

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Ýewropa ýükleri daşar

Gazagystanyň Ulag ministrligi ýurduň logistika kompaniýalarynyň Ýewropa ýük daşanlarynda Günorta ulag geçelgesinde peýdalananlarynda erkin üstaşyr geçişi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu çäreler Belarus-Litwa we Latwiýa serhetlerinde gazak ulaglarynyň eglenýän wagtynyň artmagy sebäpli geçirilýär.