Aşgabatda DÝHG agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň Baş direktorlarynyň maslahaty geçiriler

7 Dekabr 2023
367

Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (DÝHG) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 2024-nji ýylyň 13-19-njy aprelinde Aşgabatda geçiriler.

Guramanyň bu ýokary derejeli çäresi, ýagny dolandyryş edaralarynyň biriniň - Baş direktorlaryň maslahaty - geçen ýylda ulag pudagynda bilelikdäki üstünliklere baha bermäge, geljege gönükdirilen görkezmeleri kesgitlemäge we halkara demir ýol jemgyýetçiliginiň özara gatnaşygy üçin täze höweslendiriş mümkinçiligini berer. Şeýle hem Aşgabat forumynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň guramanyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy hem bellener.

Beýleki habarlar