"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Balkan» zawody ISO şahadatnamalaryna dalaşgärlik edýär

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda koreý kompaniýasy tarapyndan geçirilen audit üstünlikli tamamlady, bu bolsa ISO şahadatnamalaryny almak ugrunda möhüm waka boldy. Mälim bolşy ýaly, zawod üç sany şahadatnamalary almagy meýilleşdirýändigi barada öň habar berilipdi: ISO 9001:2015 hili dolandyrmagyň ulgamy; ISO 45001:2018 Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy; ISO 14001:2015 daşky gurşawy goramagyň dolandyryş ulgamy.

Türkmen-täjik dostluk-doganlyk gatnaşyklary

Häzirki döwürde juda belent sepgitlere ýeten türkmen-täjik gatnaşyklary öz köküni taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýyl-ýyldan rowaçlanýan doganlyk gatnaşyklarynyň aňyrsynda asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan iki milletiň arasyndaky birek-birege sarpa goýmak, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýaly asylly häsiýetler ýatyr. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanmagynyň yzysüre, ýagny 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Tertipnama gol çekmek arkaly Täjigistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şondan bäri hem döwletimiz deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Täjigistan Merkezi Aziýada parahatçylygy pugta berkidip, ony sazlaşykly ösýän sebite öwürmek maksadyna gulluk edýär. Bu ugurda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, ÝHHG-niň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we beýleki köp sanly halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şeýle-de Täjigistanyň türkmen tarapyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etmegi aýratyn bellärliklidir.

Türkmenistan — Täjigistan: hoşniýetli gatnaşyklary ilerledip

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler yzygiderli ösdürilýär. Dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyz bilen işjeň, köpugurly gatnaşyk saklaýan döwletleriň biri hem Täjigistan Respublikasydyr. Türkmen we täjik halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Biziň ýurtlarymyzyň giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini aýdyň görkezýär. Dürli ýyllarda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi.

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy kabul edildi

2-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen MHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleriniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garalýandygy bellenildi.

Pakistan-Türkmenistan: üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Aiwan-e-Sadr köşgünde Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Pakistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Türkmenistan bilen üstaşyr söwda ylalaşygynyň ýakyn wagtda gol çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda ilçi Atajan Möwlamow Pakistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurduň Prezidenti wezipesine ikinji gezek saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gazagystan Ermenistana Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamagy teklip etdi

Ýakynda Ýerewanda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Gazagystanyň «Astana» diplomatik klubunyň işewürlik forumy geçirildi. Forumyň çäginde logistika, senagat, IT we söwda ýaly dürli pudaklarda işleýän işewür wekilleriň arasynda B2B gepleşikleri geçirildi.

Halkara giňişlikde

«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň Sekretariaty açyldy 30-njy martda Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu düzüm geçen ýylyň maýynda agzalan döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji altytaraplaýyn sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasynyň esasynda döredildi. Möhüm waka mynasybetli dostlukly ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gutlag ýüzlenmeleriniň okalmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hatynda bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nazara alyp, türkmen tarapynyň özara gatnaşyklary has-da giňeltmäge saldamly goşant goşmaga taýýardygy mälim edilýär.

Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň resmi potratçysy – “Belli” hojalyk jemgyýetiniň direktory öz çykyşynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň dizaýny, daşky keşbi, gurluşyk işleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi penşenbe güni habar berdi.

ÝAPONIÝANYŇ TOKIO ŞÄHERINDE TÜRKMEN-ÝAPON KIÇI WE ORTA TELEKEÇILERINIŇ IŞEWÜRLER FORUMY GEÇIRILDI

27-nji martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde, Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumy geçirildi. Bu foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy, Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Söwda-senagat edarasynyň agzalary, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Bu foruma ýapon tarapyndan Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri jenap Rýosukr Kozuke, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara, Ýaponiýanyň «EKSPO 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu, şeýle-de Ýaponiýanyň birnäçe kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumyna türkmen tarapyndan 30-dan gowrak, ýapon tarapyndan bolsa 100-den gowrak ýolbaşçylar we wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 3-5-i aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda ata Watanymyzyň söwda ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetindäki mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge niýetlenilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler. Bu giň möçberli çäre toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek ugrunda alnyp barylýan özgertmelere özboluşly badalga berer. Türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçiligine gözel Diýarymyzyň haly, dokma we söwda pudagynyň gazanan ýokary netijeleri görkeziljek bu sergide Söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depgini öz beýanyny tapar.

Türkiýäniň «Atasay» brendi Aşgabatda şahamçasyny açdy

Türkiýäniň şaý-sep öndüriji meşhur «Atasay» kompaniýasy Aşgabat şäherinde ilkinji dükanyny açdy. Bu kompaniýanyň Merkezi Aziýa sebitindäki ilkinji dükanydyr. Meşhur türk kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebitindäki ilkinji dükany golaýda türkmen paýtagtynda açylan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär. Göwherdir altyndan sünnälenip ýasalan, ýokary hilli göz gamaşdyryjy şaý-sepleriň uly toplumy müşderilere amatly bahalardan hödürlenilýär.

Hytaý kompaniýasy öz ýurdunda gazak harytlarynyň söwda öýüni açdy

«Jiangsu SOHO HoldingsGroup Co.Ltd» halkara kompaniýalar topary 30-njy martda Hytaý Halk Respublikasynyň Nanjing şäherinde Gazagystanyň harytlarynyň söwda öýüni açdy. Bu söwda öýi Gazagystanyň eksporty ösdürmek operatory «QazTrade» bilen «Jiangsu SOHO» tarapyndan baglaşylan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň esasynda döredildi. Täze açylan söwda öýünde Gazagystanyň Hytaý bazaryndaky iň meşhur önümleri görkeziler. Harytlary awtonom ýa-da elektron söwda platformasy arkaly satyn almak mümkinçiligi hem dörediler.

“Türkmendemirýollary” agentliginde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk

30-njy martda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda agentligiň başlygy Azat Atamyradow bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Demirýol ulaglary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak we bäsleşige ukyply geçelgeleriň işlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Täjigistan Respublikasynyň iri import we eksport edýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň Demirýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzdaky infrastrukturalar, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin Täjigistan Respublikasynyň demirýolçularyndan başga-da, logistiki kompaniýalary we önüm öndürijileri Aşgabat şäherine çagyrdy.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» we Royal IHC kompaniýasy Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň bilelikde gurulmagy barada ylalaşdylar

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna eden iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Sledreht şäherindäki Royal IHC kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi. Duşuşygyň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary kompaniýanyň ýolbaşçylaryna Balkan zawodyň kuwwatlylygy, tehniki mümkinçilikleri, gämi abatlamakda tejribesi we ilkinji gury ýük gämileriniň gurluşygynyň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Köpugurly gatnaşyklaryň giň gözýetimleri

Tokioda Türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçirildi Hususy ulgamda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahaty hem iki ýurduň hususy düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy. Giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy düzüminden we wekillerinden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan, Söwda-senagat edarasynyň hünärmenlerinden, hususy telekeçilerden ybarat wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy.

Döredijilikli pikirleriň meýdançasy

Soňky birnäçe günüň dowamynda ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreler giň gerim aldy. «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan köpöwüşginli konsert, «Gadymy Änew medeniýeti», «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly maslahatlar bilen birlikde, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty hem döwletimiziň şöhratly geçmişine, häzirki gazanýan üstünliklerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde nobatdaky ajaýyp mümkinçilik boldy. Häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri syýasaty wagyz etmegiň möhüm guralyna öwrülmek bilen, olaryň medeni diplomatiýadaky, döwletlerdir halklary ýakynlaşdyrmakdaky ähmiýeti hem barha artýar. Şunda köpçülige medeni-ruhy däplerdir gymmatlyklar barada habar bermek wezipesi-de örboýuna galýar. Çünki hut medeniýet we medeni miras islendik halkyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmäge, adamlaryň ýüregine barýan inçe ýoly tapmaga ýardam edýän özboluşly köpri bolup durýar. Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreler bolsa geçmişiň nukdaýnazaryndan şu günki ösüşler, geljekki meýiller barada pikir öwürmäge, şöhratly türkmen topr

«Açyk gapylar» syýasaty: hoşniýetli hyzmatdaşlyk — giň mümkinçilikler

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygyň ilerledilmegine mynasyp goşant goşýar, halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şu ýylymyzyň üstünliklere beslenýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, oňa 86 ýurduň awtordaş bolup çykyş etmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem baharyň şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berilmegi, ol halkara forumlaryň ilkinjileriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat işinde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berýändigini görkezýär. Ata Watanymyza diňe bir türki dünýäniň ýurtlary

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: gatnaşyklar täze derejä çykarylýar

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meselelere gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejede, şeýle hem Hökümetara, pudagara derejelerdäki saparlar, gepleşiklerdir duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi berýär.

Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň «HEC Montreal» we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar. Çykyşlarda metbugat maslahatynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy ş

Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi

Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi 28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň “HEC Montreal” we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar.