"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine

HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE DEREJESI Dünýäniň çalt globallaşýan häzirki döwründe ykdysady ösüşleriň ilerledilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi we öňe gitmeginde birleşen tagallanyň zerurlygy düşnükli hakykat. Şundan ugur alyp, Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bu gün özüniň täze derejesine eýe boldy.

Köpugurly hyzmatdaşlyk berkidilýär

Golaýda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy.

Dostana gatnaşyklar rowaçlanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, gümrük ulgamy boýunça halkara gatnaşyklary giňeldýär we çuňlaşdyrýar. Döwlet gümrük gullugynda daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, gümrük işi çygryndaky degişli halkara guramalar bilen netijeli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak, şonuň ýaly-da milli derejede halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek meselesine uly üns berilýär. Döwletleriň gümrük gulluklarynyň özara hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, milli we halkara gümrük kanunlaryny sazlaşdyrmak we bir ülňä getirmek arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň tertibini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir. Döwlet gümrük gullugy tarapyndan köp sanly döwletler bilen gümrük işinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle ylalaşyklar sebitdäki ähli döwletler, şeýle-de Türkiýe Respublikasy, Gruziýa, Ermenistan Respublikasy, Ukraina, Belarus Respublikasy we başgalar bilen baglaşyldy.

Türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry

22-nji no­ýabr­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-hy­taý ko­mi­te­ti­niň türk­men ta­ra­py­nyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň hem-de hy­taý ta­ra­py­nyň baş­ly­gy, HKP MK-nyň Sy­ýa­sy býu­ro­sy­nyň he­mi­şe­lik to­pa­ry­nyň ag­za­sy, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let Ge­ňe­şi­niň wi­se-prem­ýe­ri Han Çže­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ko­mi­te­tiň 5-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­lis­de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki gün ter­ti­bi hem-de öza­ra he­re­ket­le­riň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň nobatdaky mejlisi

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen möhüm, ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine düýpli itergi berendigi bellenildi.

Halkara habarlar

KOREÝA RESPUBLIKASYNDA Golaýda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden dabaralandyrylýan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre guraldy. Oňa halkara guramalaryň wekilleri, goňşy döwletlerimiziň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileri gatnaşdylar. Bu barada neutrality.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Işewür gatnaşyklar nebitgaz işleriniň ilerlemegine ýardam edýär

Nebit we gaz işlerinde, bu pudaklaryň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmakda, täze önümçilikleri gurmakda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler döredilip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen bu kompaniýanyň arasynda hereket edýän şertnamanyň çäklerinde, hususan-da, işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem işlenip geçilýän nebitgazly känleriň özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin sanly ulgam bilen bir hatarda nebit önümçiligine

Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk

BMG-niň dürli düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe bölümleriniň we beýleki iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň ýerleşýän Ženewadaky bölüminde hemişelik wekilhanasyny açdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz möhüm wakalara beslenýär. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi. Şu günler mähriban halkymyz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmak ugrunda joşgunly zähmet çekýär.

Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň şanly wakalarynyň biri-de paýtagtymyzda 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitidir. Onuň bilen baglanyşykly esasy çäreleriň hatarynda bu gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de YHG-a agza ýurtlaryň işewürler maslahaty hem bar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti onuň döredilen gününiň bellenilýän senesinde türkmen paýtagtynda geçiriler. Möhüm çäräni ýokary derejede guramak maksady bilen guramaçylyk topary döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Mal­ta­dan, Tür­ki­ýe­den we Ow­ga­nys­tan­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan awia­ke­ro­si­ni, teh­ni­ki kü­kür­di, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 30 mil­li­on 134 müň 500 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gatnaşýan halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki okuwlary, iş duşuşyklaryny, «tegelek stollary», mejlisleri geçirýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar. Bütindünýä gümrük guramasynyň baş edarasy Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda bu gurama dünýä möçberinde gümrük işine ýöriteleşdirilen ýeke-täk halkara gurama, gümrük işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy halkasy bolup durýar. Oňa gatnaşyjy ýurtlar dünýä söwdasynyň 98 göterimine gözegçilik edýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forum

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ýokary derejeli bu forum Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi

(2021-nji ýylyň 18-nji noýabry) Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Mun Çže In!

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi 18-nji noýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi

(2021-nji ýylyň 18-nji noýabry) Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Mun Çže In!

Türkmenistan — Azerbaýjan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan

Halkara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi. Dostlukly ýurduň Baştutany şu foruma wekilçilik edýän döwletleriň geografiýasynyň giňdigini belläp, duşuşygyň oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

DÜNÝÄ NUSGALYK BEÝIK IŞLER Halklaryň dostlaşmagynda, doganlaşmagynda parahatçylygyň orny örän uludyr. Birek-birek bilen jebislikde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde bolsa ynanyşmak ýörelgesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu gün älem içre bu iki ýörelgäni nusga edinen Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, halklaryň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip bellemek bilen, Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini açyp görkezýär. Üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň milli ýörelgesiniň älem içre ykrarnama eýedigini subut etdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň esasy maksady hem parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler, iri taslamalar, dürli ugurlarda gatnaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi şu ýörelgelerden ugur alýar. Dünýä ýüzünde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilý

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi

18.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi.