"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Watansyň!

Külterlenip barýar ykbalyň ýoly,Gujagyňda kynçylygy duýmadym.Köňül pyýalasy söýgüden doly,Söýşüm ýaly özgeleri söýmedim.Jandan söýlüp, şu günlere ýetensiň,Göbek ganym daman ata Watansyň! Gerdende göterýän iň agyr derdim —Öňüňde meň üzüp bilmez karzym bar.Sen maňa ak süýt deý ak bagty berdiň,Bilýän, seň öňüňde ömür bergidar.Men aýdaýyn, goý, meň sesim gatalsyn:«Bu dünýäde deňsiz-taýsyz Watansyň!».

Bagt diýlende...

Gök köýnegiň ýaz şemaly ýalydy, Diňe sendiň şol ýazlaryň gelşigi.

Dili dogaly derwüş

Bu waka heniz adamlaryň tebigy hadysalaryň häsiýetine näbelet wagty, hat-ýazuwyň ýok wagty, hanlar han bolsalar-da, goşunlarynyň ýok wagty bolupdyr diýýärler. Bir hanlykda adamlar öz erklerine işläp, ýaşap ýörüpdirler. Olar heniz ekin ekmegi gaty bir özleşdirip bilmän, diňe maldarçylyk, ýagny, çarwa günamaçylygy bilen günlerini dolapdyrlar. Olaryň esasy mallary goýun hem-de düýe bolupdyr. Adamlar belli bir hanlykda ýaşasalar--da, oturymly, ýagny, oba-kentlerde ýaşaman, mallaryna nirede öri meýdany bar bolsa, şol ýerlerik göçüp gidipdirler. Goňşy ýurtlar, halklar baradaky habarlary diňe ömrüni ylma beren gezende derwüşleriň üsti bilen bilipdirler.

Dile geldi - bile geldi

Ýakymly söz göwün bagyň gülleder, Ýakymsyz söz ýüregiňe gülledir.

Hoja Batyryň degişmeleri

Bir bedre süýdi menem tapyp getirerdim Bir döwürde agam Ilmyrat Batyr bazardan sygyr alypdyr. Ony sagmak kyn bolany üçin gelnejem agama ýüzlenipdir:

Binagär

Ir döwürlerde bir ýigit uly minarany gurup bolansoň, onuň ýanynda bir topar çaganyň üýşüp, wagyrdaşyp, ellerini minara uzadyp, bir zatlar diýişýändiklerini görýär. Ol olaryň ýanyna baryp: — Näme boldy, çagalar? — diýip soraýar.

Seçek, peçek, çeçek, leçek...

Goňşym okumyş adam. Şeýle bolansoň, onuň eý görýän zatlary täze kitaplardyr gazet-žurnallar. Özem, haýsy bir zady okanda düşünmedik sözüni hemişe elýeterinde duran ýandepderçesine bellemek edehedi bar. ««Düşünmän okasaň, alan, öwrenen zadyň bolmaz, biderek wagt ýitireniň bolar!» diýip, ýandepderçesine gonan şol sözi bilmek üçin aladalanyp ýör. Ol bir gün salam berip, gapydan girişine bada-bat habaryny aýtmak bilen boldy: — Halkymyzyň söz sungaty giden bir umman, hazyna. Bu sungatda täsinlikler hem köp. Ýekeje harp hem sözüň manysyny üýtgedip dur! Meniň bu mysalym deňizden damja ýaly bolsa gerek! — diýdi-de, maňa elindäki ýandepderçäni uzatdy-da, sözüniň üstüni ýetirip:

Agzy — alla, ýüregi — tylla

Ünsümiň sowalgalarynyň azalýanyndanmy, bilmedim, ýöne eşidýän gyly gyrylmadyk täze gürrüňlerimiň sany artyp gidip otyr. Täze gürrüňem täze sowallary oýarýar. Hemişe-de “Gyzym saňa aýdaýyn, gelnim, sen düşün” edýän türkmeniň gürrüňleri aglaba aýlawly, öwrümli. Märekede aýdylan öwüdiň gyjalata barabardygyny bilýän: ýaşulular, sözlerini göni degişli adama gönükdirmän, çala kakdyryp, sowarak, diňe düşbiniň gursagynda gögär ýaly edip aýdýarlar. Onsoň, gepiň teýine kimler bada-bat, kimler hem soň-soňlar ýetýärler. Dogry düşünip bilmän, käte gepiň nädogry, ters manysynda ulanylmagy hem, megerem, şundandyr. Şu gezegem şeýle bolaýdy öýdýän... Giň jaýyň töründe oturan ýerinden gelen bilen soraşyp, töwir-dogalaryň arasynda-da haýyr-yhsan, sogap-günä hakynda täsirli gürrüňler berip oturan ýaşulynyň söhbetinden aýrylmak kynam bolsa, işli bolamyzsoň, rugsat alyp turduk. Ugratmaga çykan işdeşimize märekä mugallym bolup oturan gowy ýaşulularynyň bardygyny, onuň bilen giňlikde çaýlaşmak isleýändigimi ýaňzydanymda, ol birhili gürrüň etdi:

Arkadagly Watanda

Her kim bagtyny görýärArkadagly Watanymda.Asudalyk höküm sürýärArkadagly Watanymda. At-owazy Arşa galýar,Bedew batly öňe barýar,Barha işler rowaçlanýarArkadagly Watanymda.

Şygryýet bossany

Watan Asudadyr oba-kendiň, şam-u-säheriň ajaýyp,Aňzak gyşyň, tomsuň, tylla güýzüň, baharyň ajaýyp,Binalary göge uzan merjen şäherim ajaýyp,Garaşsyz sen, Bitarap sen, ak daňlary atan — Watan!

Şygryýet bossany

Watandyr Watan yşky gursagymda gaýnaýar,Sygyndygym, seždegähim Watandyr.Türkmen ilim erkinlikde ýaýnaýar,Sygyndygym, seždegähim Watandyr.

Şygryýet bossany

Bagtyýar il Men ilimde şeýle uly bagt görýän, Gözlerde şugla bar, kalplarda nur bar. Bagtly adamlardan ruhlanyp ýörün, Halkymyň ýüregi «Watan» diýp urýar.

Şygryýet bossany

Baky bagtyň mekany Watanym gül açýar, jennete meňzäp,Türkmenistan, baky bagtyň mekany.Döwrüm ylham berýär ýüregim dyňzap,Joşup wasp etmäge bagtly mekany.

Arzuwlary hasyl bolan şahyr

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy halkymyzyň guwanjyna, buýsanjyna, şan-şöhratyna öwrülen milli şahyrdyr. Onuň umman ýaly döredijiligi adamzadyň bagtyýar ýaşaýyş durmuşy hakdaky arzuwlara beslenendir. Şeýle bolansoň, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, ynsanperwerlige ýugrulan, edep-terbiýä öwrülen şahyrana setirleri dünýä ýaýylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda iş sapary bilen Lebap welaýatyna gelen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe wajyp meseleleri bilen birlikde, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan senesiniň 300 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilip geçilipdi. 2024-nji ýylda bolsa akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygyny bellemek we oňa häzirden taýýarlyk işlerine girişmek hakda aýdyldy.

Şygryýet bossany

Parahatçylyk aýdymy Halklaryň dostluk baýdagy bu gün türkmen gollarynda,Ynanyşmaklyk paýhasy täze ýüpek ýollarynda,Parahatçylyk aýdymy jümle-jahan dillerinde,Dostluk, doganlyk, raýdaşlyk, Gün nury deý ýagty Sizde, Halkara parahatçylyk, ynanyşmak bagty Sizde, Arkadag!

Şygryýet bossany

Döneýin Mähriban Watanym — Türkmenistanym,Ençe asyr arzuw eýläp ýetenim.Belent-belent maksatlary tutanym,Kuwwatlarňa, sazlaryna döneýin.

Şygryýet bossany

Men bu gün şat Şat bu gün men, düýnkülemden,Gaýgy-gam ýat bu gün maňa.Men sähra geldim ýene-de,Garşylamak üçin daňy.

Şygryýet bossany

Örk Şahyrlaryň her bir söziWatan bilen bagly bolsun!Bu türkmeniň nurly ýüziWatan bilen bagly dälmi?!

Şygryýet bossany

Watan hakda ýazaryn men Buýsançlarmy saza öwrüp,Ter gülleri näze öwrüp,Gyş günlerin ýaza öwrüp,Watan hakda ýazaryn men.

Şygryýet bossany

Alkyş aýdyň! Haýyr işler edip, algynyň alkyş,Özüne dolanar onuň ýarysy,Şemala tüýküren ýalydyr gargyş,Deger gelip özüňe oň barysy,Gargamaň hiç, tämiz saklaň ýüregi,Alkyş bolar ömür gämiň küregi.