"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Oguznamalardan» gaýdýan owazlar

Halkymyzyň aýdym-saz sungatyna gatnaşygy nesilbaşymyz Oguz han, onuň nesil daragty we oguz durmuşy hakynda ýazylan çeper eserler hökmünde dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «oguznamalaryň» dürli nusgalarynda beýan edilýär. Bu babatda oguznamaçylyk däbiniň taýsyz nusgasy bolan «Gorkut ata» şadessanynda gymmatly maglumatlar bar. Döreýiş taryhy VI-VII asyrlar bilen senelenýän bu meşhur eseriň baş gahrymany türkmenleriň baýat tiresinden bolan Garahoja ogly Gorkutdyr. Gorkut atanyň gopuz saz guralyny ýasandygy hakyndaky maglumatlar 1990-njy ýylda Almatyda neşir edilen «Halk mukamlarynyň sesi» atly kitapda aýdyň beýan edilýär. Onda şeýle diýilýär: «Rowaýatlara görä, Gorkut ata ilkinji gopuzy ýasapdyr we onda ilkinji sazy ýerine ýetiripdir. Ol jahana beýik we ajaýyp täsinligi — sazy sowgat beripdir. Gorkut atanyň gopuzy saz eçilende, tebigat aňk bolupdyr. Syrderýa akymyny haýalladypdyr, şemal togtapdyr, guşlar we jandarlar dymypdyrlar, adamlar edip oturan işlerini goýupdyrlar, hatda ölüm hem sazyň täsirine düşüpdir, saklanypdyr, Gorkut ata ýakynlaşyp bilmändir».

Ak öýleriň ýaraşygy sallançak

Sallançak öýüň abadançylygynyň, maşgalanyň bitewüliginiň alamatydyr. Ol halkymyzyň iň arzyly, mukaddes hasaplaýan närseleriniň biri. Şonuň üçin hem gadym döwürlerden bäri halkymyzda sallançak öýüň töründe gurlupdyr. Ir döwürde sallançak ak öýüň tärimlerine ýa-da ýörite dikilen agaja baglanan ala ýüpüň daşyna kilim oralyp taýýarlanylar eken.

Kazynyň çözgüdi

(Rowaýat) Aýböwür ýaýlasynyň daşyna ýarym aýlaw berip oturan Üstýurt gyrynyň eteginde Kazy baba ady bilen gadymy ýadygärlik hem-de gonamçylyk ýerleşýär. Bu ýadygärlik Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ady agzalýan gadymy Wezir galasynyň galyndysy bolmak bilen, Döwkesen hem-de Şamahy ýadygärlikler toplumy bilen bir ulgama birleşýär. Gürrüňi edilýän ýerde Kazy babanyň mazary bar. Aýdyşlaryna görä, ol örän adalatly kazy bolupdyr. Şol adalatlylygy üçin hem keramata ýetişipdir. Kazy babanyň her hili dawalardan inçelik bilen baş alyp çykyp, adalatly çözgüdi tapýandygy dogrusynda köp sanly rowaýatlar aýdylýar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär:

Basgan

Şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň has irki döwürlerden bäri ekerançylyk bilen meşgullanyp gelendigi barada baý maglumatlara gabat gelmek bolýar. Şol döwürlerde daýhançylykda giňden ulanylan pil, kätmen, orak, aňňal ýaly iş gurallary ýörite demirçi ussalaryň ussahanalarynda ýasalypdyr. Demirçi ussalaryň pirli senedi nesilden-nesle geçirilip, dowam etdirilipdir. Geçen asyryň ortalaryna çenli türkmen obalarynda demirçilik ussahanalary öz hyzmatlaryny ile hödürläpdirler. Zähmet gurallaryny, öý hojalygyna zerur enjamlary ýasamak üçin demirçi ussalar ýörite demir eredilýän körüklerden peýdalanypdyrlar. Körükdäki kömrüň, sazagyň közüni köredip, howruny güýçlendirmek üçin «basgan» diýlip atlandyrylýan guraly ulanypdyrlar. Ol daşyndan kebelegiň ganatlaryna çalym edýär. Köplenç, olaryň bir ganatly we iki ganatly görnüşleri duş gelýär. Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky geňeşligindäki taryh muzeýinde gadym döwürlerde ulanylan körügiň iki ganatly basgany saklanyp galypdyr. Ol ak söwütden ýasalyp, ganat, dik agaç, meşik, tutawaç, ýaýjyklar, howa çeker, gapak, aýak, goşa tokurtga, iki sany uly nurbat, ganatlary birikdirýän iki sany kiçi nurbat ýaly böleklerden ybaratdyr. Taryh muzeýiniň hünärmeni Çaryýar Geldimedowyň gürrüň bermegine görä, bu gadymy enjam şol geňeşligiň çäginde ýaşap geçen, halk arasynda «Igdeli ussa» ady bilen tanalan Hojanazar ussanyň nebereleri tarapy

Piri güýçli senet

Daşyndan seredeniňde: «Elli ýaşdan ýa geçendir ýa geçenem däldir» diýdirýän bu ussa ýakynda ýetmiş ýaşy arka atdy. Ýaşan manyly ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny piri güýçli senedi ýasamaga — dutar ussaçylygyna bagyş edip, öz döwrüniň «men-men» diýen bagşy-sazandalaryny dutar bilen üpjün etdi. Gelenje, Pürli gurçuk ýaly dutar ussalaryny halypa saýyp, olaryň maslahatlaryna eýerip, meşhurlaryň hataryna goşuldy. Nurmyrat Akmyradow halypalyga ýetişenden soň, öz bilýänlerini sahylyk bilen öwredip, şägirtleri ýetişdirdi. Mary şäherinde ýaşaýan, ýaşy ýaňy segsenden alyp ugran ezber dutar ussasy «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähime eýerip, ogly Rüstem bilen bagşy-sazandalar üçin gowudan-gowy dutarlary ýasap, alkyş üstüne alkyş alýar. Şonuň üçin diňe bir welaýatyň merkezinde däl, eýsem, sebitde ökde dutar ussalarynyň biri hökmünde tanalýan Nurmyrat aga bilen ýakynda öz habarçymyz söhbetdeşlik gurady. Şol söhbetdeşligi biz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Nurmyrat aga, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagşy-sazandalaryň we dutar ussalarynyň mertebesini has-da ýokary galdyrmak babatdaky aladalary bizi guwandyrýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bag

Ösümlikleriň gürrüňi

Türkmen sährasynda, daglarynda, düzlerinde dermanlyk ösümlikleriň juda köp sanlysy ösýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işinde giňişleýin maglumat berilýär. Dermanlyk ösümlikler barada halk mirasynyň gymmatlyklaryny gözläp ýörkäm «Pylan ösümlik pylan diýenmiş» diýen ýaly, gürrüňleri köp eşitdim. Olaryň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildim. Üzärlik: — Men Abdyrasmandyryn (üzärligiň bir ady) — müň-de bir derde dermandyryn.

Şekillerde Änew metjidi

Konstantin Mişin,«Metjidiň içki görnüşi» 1900 ý. Halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mirasa baý topragymyzyň taryhyny ýene bir ýola dünýä äşgär etmäge uly mümkinçilik döretdi. Öz döwründe ösen medeniýetiň mekany bolan bu ýer hemişe ýurdumyzyň we daşary ýurtly suratkeşleriň üns merkezinde bolup gelýär.

Pederleriň şöhratly ýoly — milli terbiýe mekdebi

Halkymyzyň asylly däbi bar. Ol hem maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksadaokgunly we adamkärçilikli bolýar. Biz muny hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda aýdyň duýýarys. Mälikguly aganyň gazaply uruş ýyllarynda juda ýaşdygyna garamazdan, görkezen edermenlikleri, ildeşlerini ýeňşe ruhlandyran tutanýerli işleri ähli zamanalar üçin kämil mekdep. Ynha, biziň döwrümiziň ýaş nesillerine nusgalyk häsiýetler. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda bular barada giňişleýin we täsirli beýan edilýär.

Köňülleriň şahyry

Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Bu babatda akyldar şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynyň waspçysy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar.

«...Biri goşa tar»

Mahmyt Gaýybynyň meşhur «Gelende bardyr» goşgusynyň ilkinji iki setiri şeýleräk başlaýar: Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler,Adam ata, Howa bolanda bardyr.

Halyçylykda ulanylýan gurallar

Türkmen halyçylyk sungatynyň kökleri müňýyllyklara uzap gidýär. Geçmişde çawy äleme dolan bu senet häzirki döwürde-de gelin-gyzlarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Örän inçe, hysyrdyly iş bolan haly dokamakda darak, synny, keser ýaly iş gurallaryndan peýdalanylýar. Geliň, şolaryň käbir görnüşi dogrusynda gürrüň edeliň! Halyçylykda daraklaryň birnäçe görnüşi ulanylýar. Ussalar olary halyçy gelin-gyzlaryň isleglerine görä, dürli ululykda ýasapdyrlar. Halyçylyk sungatynda işjeň ulanylýan gurallaryň biri-de guýma darakdyr. Guýma görnüşli bu gural ýasalanda, ussalar alýuminiý metalyndan peýdalanypdyrlar. Şeýle görnüşli daragy ýasamak köp zähmeti talap edýän eken. Dokmaçylykda giňden peýdalanylýan gülle darak hem beýleki daraklara meňzedilip ýasalypdyr. Onuň göwresine gurşun gyzdyrylyp goýlupdyr.

Käselere dil bitiren sazanda

Ol wagtlar biz Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň IX synpynda okaýardyk. Biziň mekdebimiz bilen etrap sazçylyk mekdebi howlynyň içinde bir ýerde ýerleşýärdi. Şol döwürde Bally atly ýaş ýigit Türkmengala etrabyndan “Ýawa” kysymly motosikleti bilen gatnap, çagalara aýdym-saz ugrundan sapak berýärdi. Wagtyň geçmegi bilen dürli saz gurallarynda saz çalyp, aýdyma hiňlenip ýören ýigit bilen tanyşdyk. Görüp otursak, ol käselerde saz çalyp, meşhurlyk gazanan kompozitor Bally Rejebow bolup çykdy. Bally Rejebow Türkmengala etrabynyň häzirki Serdarýap geňeşliginiň Rahat obasynda önüp-ösen, tüýs sähraýy ýigit diýdirýän oba oglanydy. Ol şu obada ýerleşýän 4-nji orta mekdepde okap, bilim aldy. Bu mekdepde aýdym-saz, tans gurnagy işleýärdi. Bally hem dokuz-on ýaşlaryndan şol gurnaga gatnap, sazyň ilkinji notalaryny, tans etmegiň ilkinji hereketlerini öwrendi. Gurnak ýolbaşçysy çepiksije oglanda aýdym-sazdan tebigy üşügiň bardygyny duýup, Bally bilen goşmaça işlemäge wagtyny gysganmady. Dutar, gyjak, baýan, akkordeon, deprek, üflenip çalynýan saz gurallary ýetginjegiň gündelik oýnagy boldy. Mekdepdäki çeper höwesjeňler toparynyň hatarynda pagtaçylaryň, maldarlaryň öňünde çykyş edip, aýdylyşy ýaly, onuň kem-kemden “ýüzi açyldy” gidiberdi.

Geçmişden galan gymmatlyklar

Mirasym — hazyna-genjim Ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegi başaran ata-babalarymyz ondan un almak üçin dürli zähmet gurallaryny, esbaplary, şol sanda daşy oýup sokyny, onuň içine salnan zatlary owratmak, döwmek üçin ujy tommaýly süýri daşy — sokudaşy oýlap tapypdyrlar. Hünärmentçiligiň kämilleşmegi bilen soň-soňlar agaçdan, demirden gurallar hem döräpdir.

Dutar ussasy

«Ol goja senetkär Babagammaryň,//Mähir-yhlasyndan dörän dutarym» diýip, şahyrana setirlerde bellenilişi ýaly, dutar ussaçylygynyň Babagammardan miras galandygy rowaýat edilýär. Bu gadymy hem müdimi senetçilik nesilden-nesle geçirilip, barha kämilleşdirilip, biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Dutar ýasamakda uly şöhrat gazanan Gelenje ussa, Han Akyýew ýaly onlarça öz kärine ussat halypalaryň atlaryny aýdym-saz muşdaklary, bagşy-sazandalar häli-häzirlerem dilden düşürmän gelýärler. Ezber ussalaryň elinden çykan dutarlary muzeýlerde ýa-da toý-baýramlarda halka hezil berýän bagşy-sazandalaryň elinde görýärsiň. Dutar ýasamak senetçiligini ösdürmäge saldamly goşant goşan halypalaryň ýoluny bu günki gün olaryň şägirtleri dowam etdirýärler. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýen pähime eýerip, dutar ýasamak bilen meşgullanýan ussalar Mary welaýatynda hem barmak büküp sanardan kän. Bu gün eli hünärli şeýle ussalary ýurdumyzda geçirilýän toýdur baýramlarda, guralýan sergilerde göreniňde guwanjyň artýar. Olar öz işlerini toý sergilerine çykaryp, dutar ýasamagyň inçe tärlerini halk köpçüligine, ylaýta-da, ýaşlara ýetirýärler. Kärine berlen dutar ussalarynyň biri-de Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginde ýaşaýan Bäşim Welläýewdir.

Mi­ras (He­ka­ýa)

Ömer SEÝFETDIN, türk ýazyjysy Adamyň öz nebsine diýen etdirip bilmezligi, ähtimal, azap beriji duýgularyň biri bolsa gerek. Birnäçe ýyllap gatnaşyp, barşyp-gelşip ýören adamymyzyň ýaramaz hereketini görsek, kem-kemden daşlaşmak bilen bolýarys ýa-da gatnaşygy bes edýäris. Şeýdibem, birek-birege bolan mylaýym duýgularyň orny sowuk günler bilen çalşylýar. Ýöne ruhumyzdaky «gowulyk, dogruçyllyk, gözellik» diýen ýaly düşünjeleriň haýsy hem bolsa biri şem ýaly sönende, ine, şonda garaňky bir çöle düşýäris. Bu çölde ýekesiräp, adamlara bolan ynamymyz döwülýär. Gam-gussaly ýaşaýyş... Ine, bu günem ruhumdaky gowulygy aňladýan şem söndi. Nirä gitjegimi bilemok adamçylygyny, oňat häsiýetlerini ýitiren sergezdan mysaly. Ýöne bu ýagdaýa duçar bolmagym öz islegim bilen bolmady ahyryn.

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, halkara derejeli çäreler medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň bardygyny bellemek gerek. Olar dünýäde giňden ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem munuň anyk mysalydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, sergilerdir konsertler geçirilýär. Olaryň esasy maksady dana Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam bermekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik dünýäsine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar XVIII-XIX asyrlarda diňe bir türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň ähli halklaryna-da uly t

Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralýan dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alýar. Biz 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda şeýle taryhy wakalaryň birnäçesine şaýat bolduk. Söz ussadynyň 300 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda halkara derejesinde çäreleriň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde şahyryň Aşgabadyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni seýilgäh toplumynyň açylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly kitabyň giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi ähli watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan şahyryň saýlanan goşgularynyň 271-si ýerleşdirilen ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilmegi Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleriniň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu kitapda edep-terbiýe, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, milli döwletlilik, watançylyk baradaky filosofik garaýyşlary beýan edýän şygyrlar orun alypdyr. Söz ussadynyň şanly toýuna bagyşlanyp çap edilen şygyrlar ýygyndysy ýokary hilliligi, özboluşly bezegleri bilen okyjylarda uly täsir galdyrýar.

Kämilligiň gözbaşy

Edep-terbiýe hakynda gürrüň edilende, halkyň arasynda durmuş tejribesi ýetik adamlaryň aglabasynyň «türkmençilik» diýen düşünjeden gelip çykýan hakykaty ykrar edýändiklerine şaýat bolýarsyň. Edep-terbiýäniň ýazylmadyk kanunlarynda çagany ýaşdan terbiýeläp başlamak, oňa asylly terbiýe bermek halkymyzyň kadasyna öwrülipdir.  Türkmençiligiň edim-gylymlaryny, ýol-ýörelgelerini üýtgewsiz ýerine ýetirýän, asylly maşgaladan çykan çagalar ýagşy işleri ýerine ýetirmäge ukyply bolýarlar. Şahsyýetiň doly derejede kemala gelmeginde onuň çagalyk döwründe çekilen zähmetiň netijesiniň ýokary bolýandygyna anyk göz ýetiren halkymyz ençeme pedagogik garaýyşlary, düzgün-kadalary, däp-dessurlary döredipdir.

Gaýtalanmajak sungat eseri

Dürli döwürlerde ussatlaryň ylhamyny özüne siňdiren milli medeniýetiň tämiz owazlary halkymyzyň kalbyna bakylyk mukamy bolup siňýär. Medeniýet halkyň begenjini, buýsanjyny süňňüne siňdirip, ebedilik tapýar. Nepisligi bilen tutuş dünýäde sungat diýlip ykrar edilen milli halyçylyk senedimiz hem gadyry gaçmaýan gymmatlykdyr. Dünýä derejesinde ady arşa galan halylary dokan ussat gelin-gyzlarymyzyň inçe sungaty il gezip, halka, ýurda şöhrat getirýär. Bu gün dünýäniň haýsy künjeginde bolanda-da «Türkmen halysy» diýlip tanalýan beýik sungat halkymyzyň hem ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belentliklere çykarýar. Türkmenleriň haly önümçiligi köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýşy, milli däpleri, tebigy howa şertleri bilen berk baglanyşyklydyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Halyçylyk sungaty inçe, nepis sungat bolmak bilen, ol ene-mamalarymyzyň baý tejribesini özünde jemleýär.

Ynsan kalbyna şygyrlary bilen şöhle saçýan akyldar

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.