Gadymy merwiň obalary

5 Dekabr 2024
206

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merw häzirki günde Merw şäher galalarynyň hem-de köşkleriniň, toýundan salnan ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe aramgähiň, seýilgäh toplumynyň, dürli ymaratlaryň, buzhanalaryň täsin galdyryjy yzlarydyr. Günortasy Baýramaly şäheri, beýleki taraplary ekin meýdanlary we häzirki zaman obalary bilen gurşalan goralyp saklanýan ýerlerdir». «...Merwe golaý ilkinji oba Şawal diýlip atlandyrylypdyr. Bu gadymy obanyň galyndylaryndan uzak bolmadyk aralykda Beýik Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwründe bina edilen gurluşyklaryň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr» diýip belleýär. Ine, şu kitapdan, şeýle-de orta asyr golýazma çeşmelerinden belli bolşy ýaly, X-XII asyrlarda Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogarda Merw uly şäherleriň biri bolupdyr we onuň töwereginde köp sanly obalar ýerleşipdir. Olaryň esasylary aşakdakylardan ybarat bolupdyr.

Şawaşkan. Merw şäherinden 25 kilometr çemesi demirgazyk-günbatarda, Harekan kanalynyň boýunda ýerleşen gür ilatly bu obada ýüpek gurçugy ýetişdirilip, Eýrana we beýleki ýerlere äkidilipdir. Bu obada ýüpek gurçugynyň ýokary hilini döretmek bilen gyzyklanypdyrlar. Ol ýerde ýüpekden gowy matalar hem dokalypdyr.

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar