"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmen owazyna maýyldyr älem

Ýewropaly syýahatçy hem-de ilçi Aleksandr Býorns 1831—1834-nji ýyllarda Merkezi Aziýa, şol sanda türkmen topragyna syýahat edipdir. Ol 1834-nji ýylda Londonda neşir edilen uly göwrümli eserinde eden syýahatynyň özünde galdyran täsirlerini giňişleýin teswirläpdir. Aleksandr Býorns bu kitabynda Amyderýadan geçip, türkmen topragynyň sahawatlydygyna göz ýetirendigini, obadyr kentlerde myhmançylykda bolup, halkymyzyň myhmansöýerligi, aýdym-saz sungaty, däp-dessurlary barada täsirli maglumatlary toplandygyny beýan edipdir.

Bahar we çaga oýunlary

Bahar pasly tebigatyň gözelleşýän, ýürekleriň joşýan döwri hasaplanylýar. Çagalar hem oýnaýan oýunlarynda, ýerine ýetirýän sanawaçlarynda, goşgudyr aýdymlarynda bu ajaýyp pasly wasp edýärler. Gulpajygy örüme girmedik gyzjagazlar ýagyş ýaganda:

Pälwançylyk dessurlary

Türkmen halkynyň pälwançylyk dessurlary öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Toýa göreş tutmaga gelen ýigitleri şol obanyň pälwanlary myhman alypdyrlar. Uludan tutulýan toýlarda meşhur pälwanlar bilen birlikde ýaş pälwanlar hem güýç synanyşypdyrlar. Türkmençilikde eminler göreş meýdanyna çanak goýup, nähili baýrak goýulýandygyny yglan edýärler. Däbe görä, ilkibaşda kiçiräk baýraklar goýulýar. Onuň üçin ýaş pälwanlar orta çykýar. Öküz, düýe, haly ýaly baýraklary almak üçin özüne göwni ýetýän pälwanlar tutluşýarlar. Orta baş çanak goýlanda, entek ýagyrnysy ýere degmedik meşhur pälwanlar güýç synanyşýarlar.

Peder ýoly — nesillere nusgalyk

Adamda käbir pikir ýöretmeler bolýar, ony ýürekden duýup, aňdan syzdyryp, gözýetimiňde şöhlelendirip bolsa-da, dil bilen, söz bilen beýan edip bolmaýar. Ýöne şol pikirleriň ýüregiňe jüňk bolup duran kagyz ýüzündäki ýazgysyny okanyňda ýa-da eşideniňde, «Bäh» diýip, birsellem doňup galanyňy, şol sözleri täzeden kelläňde aýlap, pikir ummanyna çümeniňi hem bilmän galýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir. Bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär. Şoňa görä-de, Watan, ene toprak diýlen düşünjeler hemişe-de belent ýaňlanýar» diýen jümlesi-de hut şeýle duýgulary kalbyňa doldurýar. Bu sözleri okanyňdan soň, Watan mukaddesliginiň özen-örki hakdaky öňki düşünjeleriňe ýaňadan ser salýarsyň. Şonda Watan mukaddesliginiň gözbaşy barada şeýle jaýdar sözlemek üçin, tutuş dünýäni juda inçe duýmagyň, görmegiň, söýmegiň hem sözlemegiň gerekdigine düşünýärsiň. Hemişe belentden sarpalanýan watançylyk düşünjesi, türkmene arkama-arka geçip gelýär. Çünki ata-babalarymyz janyndan hem ileri tutýan ene topragyny, ata Watanyny iň ýokary gymmatlyk derejesine göterip, apalap, merdi-merdanalygyň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny kemala getiripdirler. Erkinligiň, özbaşdaklygyň, agzybirligiň gymmatyna düşünip, nesillerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Beýik ynsanlar beýik maksatly bolýar. Biziň merdana pederlerimiz watansöýüjiligiň belent nusgasyny kemal

«Taryp» sözüniň özgerişi

Türkmen dili öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Milletimiz gadymy döwürlerden bäri dünýä halklary bilen dost-doganlyk, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklap gelýär. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi türkmen halkynyň dünýä halklary bilen ykdysady we medeni gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrypdyr. Bu gatnaşyklaryň netijesinde halklaryň dilleri biri-birlerine özara täsirlerini ýetiripdir. Netijede, dünýä halklarynyň diline türkmen dilinden, türkmen diline bolsa beýleki halklaryň dilinden ençeme sözleri geçipdir. Nusgawy edebiýatymyza degişli eserleri okanyňda, orta asyrlardan başlap arap, pars dillerinden türkmen diline geçen sözleriň köpdüginiň şaýady bolýarsyň. Dilçi alymlaryň aýtmaklaryna görä, arap dilinden biziň dilimize geçen sözleriň aglabasy atlara we sypatlara degişlidir. Arap dilinden türkmen diline geçen sözlere mysal edip, aşakdakylary görkezmek bolar: taryp, maksat, myrat, syýasat, ruh, maglumat, ylym, alym we ş.m.

Ikiýan ýüzli haly

Gadym eýýamlarda eli çeper halyçy zenanyň ýanýoldaşyny hem erkek doganyny ýesir edip alyp gidipdirler. Zenan maşgala olaryň yzyndan gidipdir. Ol ýurduň hanyna arz bilen gelendigini aýdanda, hanyň rugsadyny alyp, ony hanyň huzuryna getiripdirler. Zenan maşgala öz ezizlerini boşatmagyny handan haýyş edipdir hem-de oňa derek hana türkmeniň nepis halysyny dokap berjekdigini aýdypdyr. Han: “Haly dokamak üçin nämeler gerek?” diýip sorapdyr. Ol: “Goýnuň ýüňi bolsa bolýar, reňkleri men ot-çöplerden çöplärin” diýip, işe girişipdir.

Baýramçylyk sergisi

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän berkarar Watanymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär. Häzirki günlerde bu ajaýyp sene mynasybetli Gökdepe etrabynda hem gyzykly baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Etrap merkezinde ýerleşýän «Gökdepe» Milli muzeýinde «Bu gün gül Diýara Nowruz gelipdir» ady bilen açylan baýramçylyk sergisi hem şu şanly senä bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasy toý ruhuna eýe boldy. Etrabyň Medeniýet bölüminiň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan milli öwüşginli aýdym-sazlar ol ýere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalar hem ünsi çekiji boldy.

Haly-palas törde ýagşy

Dünýä meşhur türkmen dokmaçylygy öz inçeligi bilen asyrlar boýy tanalyp gelinýän sungatdyr. On barmagyndan dür dökülýän türkmen zenanlary gaýtalanmajak el hünärleri bilen haly, palas önümlerini, owadan gülli keçeleri, nepis nagyşlary döredipdirler. Türkmen öýlerini halysyz, palassyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ene-mamalarymyz sebit aýratynlyklary boýunça sütüksiz halylary «palas», «kilim» diýip, dürlüçe atlandyrypdyrlar. Kilim öz ölçegi we göl aýratynlygy bilen birneme tapawutlanýar. Uly ölçegde we dürli göller salnyp dokalýan owadan palaslar durmuşa çykýan gyzlara dokuzynyň (toý sepiniň) biri hem bolup hyzmat edipdir. Düşek üçin niýetlenip dokalýan kilim bolsa ölçeginiň kiçiligi, gölüniň ýeňildigi, ýüpleriniň (çig malynyň) ýogynlygy bilen palasdan tapawutlanýar. Palas hem edil haly ýaly guramada dokalýar. Haly dokalanda, baslyk kakylýar, emma palas dokalanda, baslyk kakylman, oňa darak bilen siňňitli argaç kakylýar. Palasa il içinde «nagşaşak» hem diýilýär. Sebäbi palasyň ýüpleri öýdelýän ýüzünde seçek ýaly bolup durup, nagşy aşak ýüzünde bolýar, ýagny palasyň düzüw ýüzi aşak, seçekli ýüzi ýokary edilip dokalýar. Şonuň üçin palas dokamak haly dokamakdan hem kyn hasaplanylýar.

Gymmatly eseriň söhbedi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuňňur many-mazmuna ýugrulan eseriniň çapdan çykmagy we dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilmegi halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Bu gymmatly eser asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen milli ýörelgelerimizi, baý medeni mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy ýaş nesle öwretmekde uly ähmiýete eýedir. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby boýunça geçiren çärämiz şeýle maksatdan ugur aldy.    Kitaphanaçylaryň bu ajaýyp kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti, gymmatlygy barada beren giňişleýin gürrüňleri, okuwçylaryň eserden aýdyp beren gyzykly rowaýatlary çäräniň many-mazmunyny artdyrdy. Ajaýyp kitapdan rowaýatyň sahnalaşdyrylmagy has-da täsirli boldy. Çärede gymmatly eserleri bilen bizi begendirip durýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

«Gelse Nowruz äleme»

Hormatly Prezidentimiziň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmeklik ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen halky Milli bahar baýramyny uly dabara bilen giňden belläp geçýär. Bu baýram bilen baglanyşykly käbir däp-dessurlar gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýär. Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde täze ýyl Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Ajam iliniň hökümdary Jemşit ýurtda ýagşylyk etmek maksady bilen adamlara kesp öwredýär. Demir eredip, gural ýasadýar, ýüp egirdip, geýim dokadýar, ymaratlar gurdurýar. Tebiplik syrlaryny açýar, gämi ýasadýar, bag ekdirýär. Ahyry işleri rowaçlanyp başlansoň, çeken zähmeti rehnet eçilende, tagt ýasadyp, onda asmana göterilýär. Rowaýata görä, şol gün Nowruz baýramy bellenilýär. Bu baýramyň Jemşidiň häkimliginden öň hem baýram edilendigini Birunynyň özi şeýle belleýär: «Bu güne Jemşitden öň hem hormat goýulýan eken, emma onuň baýrama öwrülmegi hut Jemşidiň zamanasy bilen baglanyşyklydyr».

Mähribanlyk mekdebi

Durmuşyň gözbaşy, öý-ojagyň bezegi hasaplanylýan enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň her biri türkmeniň nesil terbiýesiniň milli köklerini, halkymyzyň şöhratly taryhyny açyp görkezýändigi üçin juda gymmatlydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda hem ruhy gymmatlyklarymyz bolan «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryndan, «Kowusnamadan» we beýleki edebi eserlerden alnan jaýdar mysallar, rowaýatlar enäniň nurana keşbini, janypkeşligini, mähribanlygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. Döwlet Baştutanymyz enäniň perzendiniň akylly-başly bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýändigini, her bir adam üçin onuň ata-enesiniň iň ýakyn ynsandygy barada buýsançly söhbet edýär. Arkadag Prezidentimiz bu ajaýyp eserinde taryhymyzda yz galdyran Tumar şa, Altynjan hatyn, Güljemal han, Keýmir serdaryň gyzy Aýlar ýaly zenanlaryň merdanalygyny mysal getirýär, şeýle taryhy çeşmeleriň gözlenilip, ylmy taýdan giňden öwrenilmelidigini orta atýar. Hut şonuň üçin ene hakyndaky nusga alarlyk ýörelgeleri, pikirleri, oýlanmalary özünde jemleýän bu gyzyldan gymmatly eseri biz durmuşymyzda we işimizde görelde mekdebimiz hasaplaýarys. Kitapda giňişleýin beýanyny tapan gadymdan gelýä

Taryha baý Köýtendag

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde milli mirasymyzy gorap saklamakda, ony ýaşlaryň aňyna ýetirmekde we halkara derejesinde mahabatlandyrmakda möhüm işler amala aşyrylýar. Milli mirasymyzyň özenini bolsa maddy we ruhy gymmatlyklarymyz düzýär. Maddy mirasa gadymy ýadygärlikler, galalar, şäherler, oba-kentler, sardabalar, kerwensaraýlar, şeýle hem önümçilik bilen bagly desgalar, külalçylyk, senetçilik gurallary, binalar we ymaratlar degişlidir. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň köpsanlysy welaýatymyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag etrabynyň çäklerinde örän köp duş gelýär. Gadymy Köýten jülgesi ir döwürlerde ilatyň oturymly ýaşan ýerleriniň biri bolupdyr. Munuň şeýledigine taryhy çeşmeler, gadymy galalar, obalar, gadymy ýaplaryň sudurlary şaýatlyk edýär. Alymlar, arheologlar bu ýerde ençeme gezek gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. M.E.Masson, A.M.Mandelştam, W.N.Pilipko, T.Hojanyýazow, H.Suhangulyýew, S.Hemragulyýew dagynyň bu mekanyň gadymy mirasy barada aýdanlary bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Bu alymlar Köýten jülgesinde dürli ýyllarda bolmak bilen, taryhy-medeni, binagärlik ýadygärliklerini çuň öwrendiler we ylmy garaýyşlaryny döwürleýin metbugat neşirleriniň üsti bilen okyjylara ýetirdiler. Olar jülgedäki Gumdepe, Pultapdy depe, Mulzamata depe, Monjukdepe, Bazardepe, Tylladepe, Küldepe, Hangala, Şordepe, Kelif galalary ýa

Ösen medeniýetleriň mekany

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr» diýmek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklaryna goşan uly mirasyny geljekki nesillere ýetirmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekýär. Çünki bu gün gojaman türkmen topragy dünýäde iň gadymy siwilizasiýalaryň dörän ojaklarynyň biri hökmünde ykrar edilip, baý taryhy we medeni mirasy bilen syýahatçylardyr jahankeşdeleriň gelim-gidimli künjegine öwrülýär. Ýurdumyzyň tebigy mirasynyň aýawly saklanylmagynda hem-de wagyz edilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda London şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Konwensiýasyna gol çekip, bu ýöriteleşdirilen düzümiň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda bolsa Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konwensiýasyny tassyklady. Bu Konwensiýa laýyklykda, medeni we tebigy mirasyň käbir gymmatlyklarynyň aýratyn gyzyklanma mynasypdygy sebäpli, olar Bütindünýä mirasynyň bir bölegi hökmünde umumadamzat üçin goralyp saklanylmaga degişlidir. Garaşsy

Gopuz (Mizemez miras)

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli saz-sungatymyzyň halkara giňişlige çykmagy, döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Milli saz sungatymyzyň taryhy, saz gurallarynyň özboluşly aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň artýandygynyň we onuň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty türki dilli halklaryň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar.

Milli buýsanjymyz

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýydyr. Ata-babalarymyz türkmen alabaý itlerini idetmäge gaty ir döwürden başlapdyrlar. Muňa gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýurdumyzyň çäginden gadymy it süňkleriniň tapylmagy  hem şaýatlyk edýär. Garagumuň eteklerinde ýaşan, çarwaçylyk bilen meşgullanan pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny alabaý itsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýazyjy-şahyrlarymyz öz eserlerinde türkmen alabaý itleriniň keşbini wepalylygyň, mertligiň, gaýratlylygyň, namysjaňlygyň ajaýyp nusgasy hökmünde suratlandyrýarlar. Bu hakykatdan hem şeýle. Bu itler çöl-beýewanda çopanlaryň iň ýakyn hossarydyr. Pederlerimiz şeýle wepaly dostuna aýratyn gadyr-gymmat goýupdyrlar. Olaryň idedilişine, saklanyşyna aýratyn üns beripdirler.

Milli gymmatlygymyzyň şanyna uly toý tutular

Halkymyzyň arasynda aýdylýan «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» diýen jümleler türkmenleriň alabaý itlerini durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrendiklerini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýoluny dowam etdirip, nesilden-nesle geçirmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

«Bir ýyl tut ekseň...»

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň dürli ir-iýmişler, daragtlar, ekinlerdir ot-çöpler hakynda döreden gysgadan anyk sözleri olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna düşünmäge ýardam edýär. Biz hem şolaryň käbiri dogrusynda beýan etmegi makul bildik. «Buýanly topragyň berekedi egsilmez»

«...Reň kylar jahan peýda»

Şu bahar — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy bahary. Halkymyzyň baky baharyna öwrülen Garaşsyzlygymyz milli däplerimizi, şol sanda asyrlaryň jümmüşinden gelýän Nowruz däplerimizi hem gaýtaryp berdi. Ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Milli bahar baýramy türkmen Diýaryna täze ýylyň buşlukçysy bolup gelýär. Bu baýrama ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolsa eýýäm baýramçylyk sergisine badalga berildi. Ol «Gelse Nowruz äleme...» diýlip atlandyrylýar.

Gymmatlyklarymyz dünýä muzeýlerinde

2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde hem-de muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň muzeýleri bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň belli muzeýleriniň arasynda bu ugra degişli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik döretdi. Biz gazetimiziň şu sanynda şol halkara ylmy maslahata gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Pýotr I adyndaky antropologiýa we etnografiýa muzeýiniň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Stanislaw Belskiniň hem-de Ukrainanyň Kiýew şäheriniň taryhy muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň ylmy işler boýunça orunbasary Aleksandr Paşkowskiniň halkymyzyň geçmiş-taryhyna degişli gadymy gymmatlyklar barada gürrüň berýän makalalaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Kalbymyzyň soltany

Dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ynsan ömri, durmuşyň manysy ene bilen baglydyr. Çünki ene ömrüni öz perzendine durmuşyň ähli ugurlary babatda terbiýe, öwüt bermäge, ilkinji bilimi, ylmy öwretmäge, kesp-käre, söýgüli hünärine ugrukdyrmaga bagyşlaýar. Ýagşylyklaryň ýarany bolup ýaşaýan enäniň bu «bagyşlamasy» perzent üçin onuň durmuşynda ykbal kesgitleýji, iň gymmatly peşgeşdir. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ýagşy işler edip, ynsan hormatyna mynasyp bolan adamyň geljekki nesli hem ýagşy işleri gaýtalaýar. Başda süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berýär. Çeşmäniň suwunyň gözbaşynda süýji bolşy ýaly, aýagynda hem süýjüdir.