"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň uçar ganaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Türkmen seýisçilik sungatynyň kämilligi bilen kemala gelen dal bedewlerimize tebigatyň täsin gözelligi siňipdir. Onuň ýel ýaly öwsüp, ýyldyrym ýaly çalasynlygy, ýyndamlygy köpleri haýrana goýýar. Gözellikde, ýyndamlykda we wepalylykda köpleri özüne bendi eden ahalteke bedewleriniň täze neslini kemala getirmek, olaryň gadymy şöhratyny has-da dabaralandyrmak babatda bitirilýan beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Bilşimiz ýaly, ajaýyp döwrümizde ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa täze many-mazmuna eýe bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärliginde, täze gurlan we gurulýan ahalteke atçylyk toplumlarynda, şaýollaryň ugurlaryndaky yşyklandyryş sütünlerinde, şeýle-de ýollaryň çatryklaryndaky aýlawlarda, Olimpiýa şäherçesinde türkmen bedewleriniň keşbiniň ebedileşdirilmegi milli gymmatlygymyza goýlan belent sarpadan nyşandyr.

Nowruz saçagynyň tagamlary

Bereketli türkmen saçagynyň naz-nygmaty gadymdan bäri mälimdir. Munuň aňyrsynda Türkmenistanyň güneşe baý tebigy aýratynlyklary, halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, topragy keramatly hasaplap, oňa yzygiderli we mähirli hyzmat etmek ýaly milli ýörelgeleri bar. Nowruz baýramynda taýýarlanýan tagamlar hem özboluşly aýratynlyklara eýedir. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde 7-lik keramatly we täsin güýje eýe bolan san hökmünde orun alypdyr. Ýedi ölçäp bir kesmek, semeni tagamyny ýedi öýe dadyrmak, çaga çileden çykarylanda ýedi öýe aýlamak, aşyklara bagyşlanan ýedi dessan, hepdäniň ýedi güni, ýedi gat ýer, älemgoşaryň ýedi reňki, ýedi dürmen atly keteni matasy we şuňa meňzeşleri görkezmek bolar.

Çowgan — gadymy oýun

At üstünde oýnalýan oýunlaryň içinde gowy görülýänleriň biri-de, çowgan oýnydyr. Bu oýun Merkezi Aziýada antik döwründe döräpdir. Parfiýalylaryň arasynda giňden ýaýran çowgan oýny orta asyrlar eýýamynda özüniň ýokary derejesine ýetýär. Oýnuň maksady ujy egri taýakly atly jigitleriň iki toparynyň biri-biriniň garşysyna durup, eminiň yşaraty boýunça ylgap başlamagy we togalak agajy (topjagazy) meýdançanyň aýagujundaky dikilgi pürsleriň aralygyndan geçirmekden, garşydaş toparyň bolsa, ony saklap yzyna gaýtarmagyndan ybarat bolup durýar. Çowgan oýnunda, ilkinji nobatda, at zerur bolupdyr. Ýewropa edebiýatlarynda çowgan oýnuna «atyň üstünde oýnalýan top oýny» diýilýär. Orta asyr çeşmelerinde bu oýun «batyrlaryň oýny» diýlip atlandyrylypdyr, sebäbi ol örän güýçlüligi, çakganlygy, sowukganlylygy talap edipdir we meşhur esgerlere mynasyp kesp-kärleriň biri bolupdyr.

Nowruz gelse äleme

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda mähriban Watanymyzda Milli bahar baýramy uly şatlyk, dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Nowruz milli oýunlary

Türkmen halkynda Nowruz däpleri bilen bagly birnäçe milli oýunlar bar. Aslynda, toý-baýramlaryň şatlyk-şagalaňy, oýundyr ýaryşlary ýaşaýyş durmuşyň şatlygyny artdyrmagyň, iş-aladalary wagtlaýynça ýatdan çykaryp, gyzykly dynç almagyň bir görnüşidir. Şoňa görä-de, her bir türkmen toýunda bolşy ýaly, halkara Nowruz baýramynda hem ýörite taýýarlanylýan toý naharlary, geýilýän toý lybaslary, geçirilýän tomaşalardyr milli oýunlar, ýaryşlar, bäsleşikler adamlaryň ruhuny göterýär. Bu baýram bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan halk oýunlarynyň taryhy kökleri gadymyýetden gaýdýar. Mähriban çagalar, biz hem size öz gözbaşyny merdana pederlerimiziň — gadymy oguz-türkmen kowumlarynyň medeni däplerinden alyp gaýdýan käbir Nowruz milli oýunlary barada gürrüň bermekçi. Aşyk oýny — «Tänderdi». Nowruz we beýleki milli baýramçylyklarda oglanjyklar tarapyndan oýnalýan aşyk oýny şüweleňli milli oýunlarynyň biridir. Aşyk oýny üçin ownuk we iri şahly mallaryň aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Uly aşyk süňküne «topaz», has kiçijik aşyk (guzy aşygy) süňküne bolsa «müji» diýlipdir. Aşygyň dört tarapynyň hersine özboluşly at berlipdir: aşaky giň aýlawly tarapyna «alçy» (at), ýasy tarapyna «tagan» (eşek), gapdalky çökgüt tarapyna «jikge», beýleki galybrak duran tarapyna bolsa «dükge» diýilýär. Oglanjyklar aşygyň jikge tarapyny köwüp, içine gurşun guýýarlar we ony «kenek» diýip atlandyrýarlar. Ken

Gulakhalka

Türkmen zenanlarynyň durmuşyna gadymy döwürlerde ornaşan şaý-sepleriň biri-de gulakhalkadyr. Halkymyzda irki döwürlerden bäri gyzjagazlar üç-bäş ýaşyndaka, käbir ýerlerde bolsa çaga bir ýaşynyň içindekä gulak deşdirmek däbi berjaý edilipdir. Bu dabaraly däp, esasan-da, bahar gelip, ilkinji garlawaçlar görnüp başlanda tutulypdyr. Gulak deşmek işi eli ezber enelere ynanylypdyr. Halk arasynda olara «Sümen» ýa-da «Sümen daýza» diýlipdir. Sümen daýza täzeje iňňä işilen saryja sapak geçirip, ony şerebä ýatyryp zyýansyzlandyransoň, gyzjagazyň gulagyny şol iňňe bilen deşipdir. Sapajyk çaganyň gulagynda ýarasy bitýänçä saklanyp, soňundan onuň ýerine altyn ýa-da kümüş gulakhalka dakylypdyr.

Nepisligiň nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda her günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenip, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga, olary nesilden-nesle geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Halylarymyzda halkymyzyň däp-dessurlary, dünýägaraýşy, gelin-gyzlarymyzyň päk arzuwlary jemlenýär. Ajaýyplygyň we kämilligiň nusgasy bolan halyçylyk sungatynyň gadymy görnüşlerini gorap saklamakda, nesillerimize ýetirmekde döredilýän şertler buýsanjymyzy artdyrýar. Watanymyzda çuň mazmun bilen baýlaşyp, öýlerimize hem-de toýlarymyza bezeg berýän halynyň gölleri halkyň baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda halyçylyk sungaty barada gyzykly gürrüňler, rowaýatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Türkmen tebigatyna düşünmezden, halkymyzyň baý ruhuny okamak mümkin däl. Türkmen zenanlary halyda türkmen tebigatynyň keşbini ussat nakgaş, söze çeper ussat bolup suratlandyrýarlar» diýip belleýär. Hawa, eli çeper zenanlarymyzyň dokan haly we haly önümlerini synlanyňda, bu sungatyň barha kämilleşýändigine, halyçylaryň oňa bar gujur-gaýratyny, söýgi-mährini, yhlasyny, zehinini hem-de zäh

Zehinli ýaşlaryň arasynda

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gumdag şäher geňeşiniň merkezi şäher kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, oňa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary, talyp ýaşlar, şeýle hem ýaş mugallymlar toparlaýyn gatnaşdylar. Birinji tapgyrda bäsleşigiň jemi jemlenilende, 2-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen «Dostluk» topary baş baýraga mynasyp boldy. 6-njy orta mekdebiň «Gujurly nesil» topary birinji, 1-nji orta mekdebiň «Ylham» topary  ikinji, 3-nji orta mekdebiň «Agzybirlik» topary üçünji orunlary eýelediler.

Gadymy däpleriň dowamy

Türkmen halky Milli bahar baýramy bolan halkara Nowruz baýramyny gadymy döwürlerden bäri milli däp-dessurlara laýyklykda, joşgunly dabaralara, uly şagalaňlara besläp belläp geçipdirler. Gündogar halklarynyň köpüsinde gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty mart aýynyň 21-i hasaplanýar. Şondan soň tebigatda janlanma, oýanyş, ösüş başlanýar.

Nowruz barada...

Nowruz ýagşy geçiň şahyny ezse, hasyla garaş. Nowruz geçmän, dertli dertden sabamaz.

Baýramçylyk joşguny

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Halkara Nowruz güni mynasybetli, «Nowruz joşgunlary» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreden eserleriniň sergisi guraldy. Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk sergisinde M.Çaryýew, M.Hojagulyýewa, B.Gurbansähedow, Z.Çaryýewa, L.Muhtarowa ýaly tanymal suratkeşleriň ajaýyp bahar paslyny wasp edýän eserleri görkezildi. Baýramçylygyň belent joşgunyny özüne siňdiren sergide belli keramikaçylaryň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň milli öwüşginli eserlerine-de uly orun berildi. * * *

Rehnet çeşmesi

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler adamyň mynasyp ýaşaýşyny, abadançylygyny we ýurduň her bir raýatynyň şahsy mümkinçiligini hemmetaraplaýyn erkin ösdürmegi üpjün etmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, zähmeti guramak we goramak boýunça alnyp barylýan işler döwrebap ösüşlere beslendi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky döwlet wezipelerini ýerine ýetirmekde adamyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny döretmäge gönükdirilen zähmet ynsan durmuşynyň ösüşiniň we jemgyýetçilik öňegidişliginiň esasy görkezijisi bolup durýar. Hususan-da, bazar gatnaşyklaryna geçilýän, ylmyň we tehnologiýalaryň güýçli depginler bilen ösýän häzirki döwürde adamlaryň zähmet we intellektual mümkinçilikleri derwaýys önümçilik şertine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmakda netijeli işleýän zähmet bazarynyň giňeldilmegine, adamlaryň akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz şöhratly türkmen ýolunyň hoşniýetli gymmatlyklaryny özünde jemleýän, her jümlesi gymmatly pikirlerden doly türkmen dünýäsini, durmuşyny, döwletlilik ýörelgelerini çeper beýan edýän «Türk

Daşlaryň dilindäki söhbet

Çalynmadyk sazlara bagyşlanan heýkel Heýkeltaraş Polat Mämiýewiň özi bilen onuň döreden heýkelleri hakynda gürrüň etsek, ol her bir döreden eserinde özboluşly, üýtgeşik bir pikiri öňe çykarýar. Onuň bilen bile ussahanasyndaky heýkeli synlaýaryn.Sazanda Jepbar Hansähedow. Ol ýaş hem görmegeý. Ykjam hem gujurly. Dutary-da bar. Häzir dutaryny bir gulakdan düzüp, özüniň meşhur sazyna — “Baga girelä” başlaýjak ýaly duýgyny döredýär. Emma... Emma çalynmaz, sebäbi eser çalnan saz hakynda däl-de, çalynmadyk saz hakynda. Sazanda dutary tutanok, heýkelde dutar doly şekillendirilmändir. Göýä dutar bilen sazanda bir bitewi göwrä öwrülip, biri beýlekisine siňip duran ýaly bolup görünýär. Munda basylmadyk perdeler, kakylmadyk kakuwlar görünýär, sen, elbetde, olary göreňok, emma kalbyň bilen duýýaň. Dutaryň ho-ol sap ujunda — goşa gulagyň durmaly ýerinde bolsa gül tahýaly bir gyz uzyn saçlaryny ýaýyp duran ýaly görünýär. Ol-da sazandanyň indiki sazyna intizarlyk bilen garaşýarmyka? Polat onuň gyz maşgala däl-de, türkmeniň gowy görýän leýlisaç agajydygyny aýdanda, “Hä, asyl, şeýlemidi?” diýýäň hem-de şol wagt eserdäki aýdylýan pikiri dolulygy bilen kabul edýäň: heýkel ir üzülen ömri hem-de çalynmadyk sazlary ebedileşdirýär. Sag gursakda, dutaryň kädisi hem sapy bilen sazlaşyp duran ýerde görünýän zenan maşgalanyň suduryny bolsa wagtyndan ir solan ömre zarynlap duran ene topragyň keşbi h

Wepalylygyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetini ösdürmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek ugrunda uly tagallalary edýär. Munuň üçin bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň baý medeni mirasyny doly öwrenmegi we gorap saklamagy, mahlasy, türkmen ruhunda terbiýelenmegi wajyp bolup durýar. Ýurt Baştutanymyz 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Biz jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köp müňýyllyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belledi. Hakykatdan-da, jemgyýetimiziň döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şerti türkmen milli medeniýetiniň giňden wagyz edilmegidir. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize bagyşlap döreden kitaplary bu günki gün bilim, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Olardan «Döwlet guşy», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ençeme kitaplarynda türkmen medeniýeti, urp-adatlary, däp-dessurlarymyz, gadymy mi

Iki asyryň juwazy

Geçen asyryň başlarynda Daşoguz şäheriniň etegindäki obalaryň birinden ýaby goşulan ullakan araba «Niredesiň Aýböwür ýaýlasy?!» diýip, gumaksy ýol bilen tigirlenip ugrady. Arabany sürüp barýan ýigidiň göwni hoşdy. Ol mahal-mahal arabanyň üstüne ýüklenen juwaza guwanmak bilen seredýärdi. Dagy näme, onuň söwdasy oňupdy. Näçe wagtdan bäri edip ýören arzuwyna ýetdi. Esli wagt bäri daýhançylykdan ýygnap, artdyran puluna juwaz satyn alypdy. Indem obadaşlarynyň özüni nähili garşy aljakdyklaryny göz öňüne getirip, aýdyma hiňlenip barýardy. Işigiňde juwaz işletmek şol döwürde hemmä ýetdirip duran dereje däldi. Ol ýag siňip, sokusy garalyp giden juwazy ýene bir gezek synlady. «Juwazyň ýasalanyna näçe wagt bolduka?». Bu sowalyň jogabyny ony satan adamyň özi hem takyk aýdyp bilmändi.

Söýgi siňen senet

Gelin-gyzlarymyzyň hünärli ellerinden dörän milli matalarymyzyň beýany bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek. Türkmen matalary, esasan, üç topara bölünip, olar: nah, ýüpek, ýüň matalarydyr. Nah — pagtadan egirlen ýüplükden dokalan mata. Oňa şular degişlidir:

Täsin muzeýler

Muzeý sözi grekleriň «museum» sözünden gelip çykyp, «ylhamlar öýi» diýen manyny berýär. Ilkinji muzeý biziň eýýamymyzdan öňki 290-njy ýylda Aleksandriýada «Museýon» ady bilen açylypdyr. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde muzeýleriň sany sanardan geçen hem bolsa, olaryň içinde täsinligi bilen saýlanýanlary-da bar. Ine şolaryň käbiri. Paýtun muzeýi. Portugaliýada bolan her bir syýahatçy hökman paýtagt şäher Lissabondaky Milli paýtunlar muzeýine-de baryp görýär. Muzeýiň ýerleşýän binasynyň hem özboluşly taryhy bar. 1787-nji ýylda patyşa Huan VI atda türgenleşik geçmek üçin ýörite meýdança gurdurýar. Şol toplumyň binasy ýyllaryň geçmegi bilen paýtunlaryň muzeýine öwrülýär.

Bagşylar söz açsa,göwün gül açar

Dessanlar milletiň ruhy baýlygy, ynam-ygtykady hakynda söz açýar. Bagşylar dessan aýtmaga başlamazdan öň, mähellä geňeş salypdyrlar. Magtymguly Garly ýaly ussat dessançy ilki adamlara ýüzlenip: «Halaýyk, «Garry halardan» başlaýynmy, «Ýaş söýerden» gideýinmi, ýa «Garyşyk ýoldan» ýöräbereýinmi?» diýer eken. Dessan diňlemäge gelenleriň aglabasy ýaşululardan ybarat bolsa, onda bagşy dessany pelsepewi äheňde, manylaryna artygrak öwüşgin berip, «Garry halar» ugry bilen dessan aýdypdyr. Toýa bagşy diňlemäge gelenleriň arasynda ýüreklerinde yşk-söýgüsi süýjäp başlan ýigitler agdyklyk edýän bolsa, onda bagşy süýji-süýji degişmeleri aýdyp, aşyk-magşuklaryň inçe duýgularyny juda saýhally beýan edip, «Ýaş söýer» ýolundan jemendä hezil beripdir. Her bagşynyň dessana başlamanka aýdýan sanawajy bar. «Türkmeniň öçmez hazynasy dessan eken, diňlänleriň başy asman eken. Baryny başdan aýdaýyn, gepimde ýalan tapsaňyz, yza gaýdaýyn. Dem şu demdir, özge deme dem diýme, aýtjagym köp, süýji sözüň kem diýme! Dutarym sözlär tar bilen, guşlar uçanda per bilen, belent daglar owadan başynda ap-ak gar bilen. Hezil etme pälwan bilen, ýykar seni emel bilen, iki agyz dessan aýdaýyn, golumda goşa tar bilen. Elkyssa, muhteser, yşk-söýgi, bir heser...» diýip dessana başlanda, ýaş ýigitleriň biri durubilmän: — Bagşy aga, ýigit göwnün kim keser? — diýýär. Onda bagşy: «Aşyk göwnün gyz keser. Gülaýym Bulduryň gyzydy,

Toý-baýram döwresi

Ýewropaly alymlaryň kitaplarynda Nowruz baýramynyň Parfiýada örän dabaraly bellenilendigi barada gyzykly maglumatlar aýdylýar. Halkyň arasynda aýdylýan bir rowaýata görä, Nusaý atly zenanyň elinde göterýän zümerret daşy bolupdyr. Gije-gündiziň baharky deňleşýän gününde, şemsi hasaby bilen hamal aýynyň birinji güni, häzirki hasabymyz bilen 22-nji martda Günüň nury öýüň tüýnüginden zenanyň golundaky zümerret daşyna düşüp, ojaga ot düşýär. Şondan soň gazan atarylyp, semeni bişirilýär. Parfiýanyň paýtagty Nusaýda ýörite ot ýakylýan öýleriň galyndylary häzire çenli hem saklanyp galypdyr. Bu baýramda birnäçe däpler berjaý edilýär. Baýram gününde myhmançylykda birek-birege sowgatlar paýlanylýar. Aýratyn hem çagalara, täze toý eden ýaş juwanlara sowgat paýlamak adata öwrülipdir. Täze günüň bereketli boljakdygyna ynanylyp, ýagly petir, külçe, pişme, börek, gowurdak, dograma, etli çörek, gatlama, palaw ýaly tagamlar taýýarlanylýar. Gözbaşy rowaýatlara we ynançlara siňen baýramçylykda orta çykarylýan esbaplar parahatçylygy we berekedi aňladýar. Gaplara guýlan suw päkizeligi, öýde ýakylan şem şowlulygy, ösümlikler bolsa nesil daragtyny alamatlandyrýar.

Edep-terbiýäniň sazlaşygy

Ilkinji perzende ýüzi düşen enäniň bagty çagasyna bolan mähir-söýgüsi bilen sazlaşyp, maşgala agzybirliginiň pugtalanmagyna täsir edýär. Nowbaharda oglumyz Soltanjyk dünýä inen güni maşgalamyz üçin iň şatlykly gün bolupdy. Şol günden başlap, gaýynenem Zülfiýa Halymowa bäbege seretmek, sallançakda üwremek bilen baglanyşykly kän zatlary öwretdi. Obamyzda irki zamanlardan bäri çagany sallançaga salmak bilen baglanyşykly dessurlar häzire çenli dowam edýär. Gaýynenem çagany kyrk çilesinden çykýança sallançaga salmaly däldigini, entek etigmedik bäbegi rahat ýerde goraglap saklamalydygyny maslahat beripdi. Kyrk günden soň, çarşenbe güni oguljygymyzy süýji arzuwlar bilen sallançaga saldyk. Şol gün pişme bişirip, goňşulara paýladyk. Bäbek gutlamaga gelenler: «Öýüňizde sallançagyň bady ýatmasyn!», «Sallançagyňyz hemişe bäbekli bolsun!» diýip, ýagşy dilegleri etdiler. Oglumyz ese-boýa galsa-da, ýene çaga dünýä insin diýen niýet bilen dulumyzdaky sallançagy ýygnamadyk.