Zehinli ýaşlaryň arasynda

19 Mart 2021
1577

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gumdag şäher geňeşiniň merkezi şäher kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, oňa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary, talyp ýaşlar, şeýle hem ýaş mugallymlar toparlaýyn gatnaşdylar.

Birinji tapgyrda bäsleşigiň jemi jemlenilende, 2-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen «Dostluk» topary baş baýraga mynasyp boldy. 6-njy orta mekdebiň «Gujurly nesil» topary birinji, 1-nji orta mekdebiň «Ylham» topary  ikinji, 3-nji orta mekdebiň «Agzybirlik» topary üçünji orunlary eýelediler.

Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Gumdag şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar