"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Milli demokratiýanyň esaslary

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelere, dünýä tejribelerine esaslanýan demokratiýa pugtalanýar hem-de ösdürilýär. Munuň özi döwletimiziň saýlaw ulgamyny alanymyza hem aýdyň görünýär. Ata Watanymyzda saýlawlary raýatlaryň işjeňliginde guramaçylykly geçirmekde baý iş tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edilip, Esasy Kanunymyza umumadamzat gymmatlyklaryndan, bähbitlerinden, demokratik, adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alýan kämil, döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Ösüşiň hem abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ynsanperwerlik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsanperwerlik gatnaşyklaryna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilmegi sebitiň we dünýäniň halklaryny bir-birine barha ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Döwletimiz halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar, dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. ªolaryň arasynda ylym-bilim, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, energetika, ulag-kommunikasiýa, ekologiýa, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary uly orun tutýar. Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de eziz Watanymyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň taryhynda uly ähmiýetli wakalardyr. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşykla

Buýan

Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Buýan — kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60-80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5-20 santimetr. Onda 3-10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.

Bular «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda boldy 2020-nji ýylda welaýatymyzda bolup geçen wakalar, ulanyşa berlen desgalar

Maý 5-nji maýda welaýatymyzda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de beýlekileriň gatnaşmaklarynda geçirilen mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Dagdan belent arkamsyň sen Watanym!

Watan — bu seniň göbek ganyň daman ýeriň, ulalyp kemala gelen mukaddes ojagyň, oýun oýnan ýaýlalaryň, miwesini iýen baglaryň, bilim alan mekanyň. Watana bolan söýgi kalplaryň töründe müdimilik ýaşaýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow bu Watany, bu topragy on iki süňňüne deňeýär: «Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen,Sen, seretsem onki süňňüm ekeniň.Çalyşman daş ýurduň gülleri bilenAýakda yz goýan seniň tikeniň».

Türkmenistanyň daşary syýasaty we baky Bitaraplyk

Ýurdumyzyň hem dünýäniň syýasy, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni durmuşynda möhüm yz goýan, şeýle-de döwlet berkararlygynyň berkemegi, ykdysady durnuklylygyň gazanylmagy hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi üçin ählumumylaşmagyň üýtgewsiz şert bolup durýandygyny subut eden 2020-nji ýyl taryha altyn harplar bilen ýazylar. Bu gün uly arzuw, üýtgewsiz umyt bilen garşylanan Täze, 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri. Bu gün Türkmenistan we onuň agzybir halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda indiki maksatlara, ýeneki sepgitlere, şöhratly ýeňişlere ýetmek üçin uly umyt bilen Täze ýylyň nurana gününe oýandy. 2020-nji ýyl ählumumy kynçylyklaryna, dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ata Watanymyz baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden belläp, halkara çäreleriň ençemesini geçirdi we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň rowaçlanmagy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň beýik münberinden ençeme başlangyçlary öňe sürdi.

Döwletli döwranymyz

Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri bolsa, milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tamamlanan, 2020-nji ýylda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi tamamlanan ýylyň täze taryhymyzy has-da şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasy hökmünde taryha girdi.

Täze ýylyň şatlygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly welaýatymyzda aýratyn uly ruhubelentlik we joşgun bilen garşylandy. Täze ýylyň ilkinji gününiň baýramçylyk ruhy ýylyň şygaryndan göwni galkynan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki şatlygyndan we begenç alamatlaryndan göründi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde welaýatymyzda egsilmez joşguna utgaşan dabaralar geçirildi. Şolaryň esasylarynyň biri-de welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy.

Beýik üstünliklere ruhlandyrdy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Diýarymyzyň şeýle ösüş-özgertmelerine tamamlanan, 2020-nji ýylyň dowamynda turuwbaşdan şaýat bolduk. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilen ýylda dürli çärelere, aýdym-sazly dabaralara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere, duşuşyklardyr maslahatlara gatnaşdyk. Bu zatlar bize Täze, 2021-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basmaga hyjuw berdi. Garşylanan ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy has-da joşa getirip, toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp şygar ulus-ilimizi Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da berk jebisleşip, netijeli zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrdy. Ata Watanymyzda parahatçylyk, asudalyk, abadanlyk höküm sürýär. Döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertler üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, halkymyz durmuş eşretleriniň hözirini görüp bagtyýarlykda ýaşaýar. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir şertler, amatlyklar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Muňa oňat düşünmek bilen, gadam basylan «Türkmenistan — parahatç

Pähim-paýhasyň çeşmesi

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr. Ynsany gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň taryhy maglumatlara esaslanýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny aýdýar.

Berekede beslenen ýyl

Kerwen gurap gelýän ýyllar döwleti bilen gelýär. Tamamlanan 2020-nji ýylymyz — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly sahawata, rysgal-berekede, toýdur baýramlara, şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhyna, ýurduň ýylýazgysyna şanly wakalar bilen ýazyldy. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik tutumly işler amal edildi. Asudalygyň, parahatçylygyň, baky Bitaraplygyň ýörelgesine eýerýän eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşdy. Dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlandy. Ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýän ýurt hökmünde dünýä äşgär edildi. Ýurdy ösdürmekde kabul edilen maksatnamalar abraý bilen berjaý edilýär. Merdana halkymyza şanly wakalary getiren geçen ýylymyz şatlykly, rysgal-bereketli, iň bir düşümli, ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda amal edilen beýik işler buýsanç bilen bellärliklidir. Mähriban Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda maksada okgunly beýik işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işleri uly

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişliklere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Täze — 2021-nji ýyl uly şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagynda şeýle bellenýär: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris». 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly taryhy seneleriň, halkara derejesinde uly at-abraýyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, iri tutumly maksatlaryň, beýik sepgitleriň ýyly boldy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kabul edilen Kararnama ýurdumyzyň belent halkara abraýyny görkezdi. BMG-ä agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Arkalydyr, goldawlydyr daýhanlar

Täze ýylyň ilkinji, ak gara bürenen günleri!«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!Arkadag Prezidentimiziň döwranly eýýamy, taryhy zamanasy!Uly maksatlarymyz, giň gerimli tutumlarymyz bilen Täze ýyla gadam basdyk. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň ilkinji duşenbesi. Iş stolumda ýurdumyzyň ösüşini dabaralandyrýan täze-täze makalalary ýazaýyn diýip, pikire çümüp otyryn. Milli Liderimiziň halkymyz üçin amala aşyrýan beýik işleri göz öňümde birin-birin janlanýar...

Ýurdumyzyň taryhynda müdimi galjak ýyl

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Möhüm wakalar

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde döwlet Baştutanymyz futzal boýunça türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna bardy we şol ýerde toý bagyny kesdi. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we wagyz edijisi bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de sportda ýokary gazanylanlaryň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de şol gün Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Täze okuw binasynyň toplumyna 720 okuwçy orunlyk mekdep hem-de 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary girýär. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler, zerur bolan ýagdaýynda bolsa beýleki daşary

Bitarap Watanym — buýsanjym

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­siniň esa­syn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň iň bir äh­mi­ýet­li ýö­rel­ge­le­ri­ni düz­mek­de we ony dur­mu­şa ge­çir­mek­de döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ma­gy, ýo­ka­ry yn­san­per­wer­li­gi adat edin­me­gi, dün­ýä­niň her bir ýur­dy bi­len deň de­re­je­dä­ki dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly ýo­la go­ýul­ma­gy­ny mak­sat tu­tun­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da goň­şy ýurt­lar, dost­luk­ly halk­lar bi­len ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly tas­la­ma­lar ýur­du­myz­da halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gyň has-da ber­ke­me­gi­ne, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne, esa­san hem, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne ba­gyş­la­nan «Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan» at­ly ki­ta­byn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň düýp maz­mu­ny giň­den açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy — bu bi­ziň mi­ze­mez gym­mat­ly­gy­myz­dyr, dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir, bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr. B

Belent bagtymyzyň binýady

Bitaraplyk aýgytly ösüşlere sary alyp barýan bagtyýarlyk ýoludyr. Bitaraplyk ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap bagtynyň özenidir. Bu dereje türkmen milletini dünýä ýüzünde belent ada, mertebä eýe etdi. Ykballarymyza şugla çaýan Bitaraplyk göterilen göwnümiziň söýesidir, geljegiň ýagşy günleriniň şamçyragydyr. Türkmen Bitaraplygy dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda görnüşi we mazmuny boýunça oňyn Bitaraplykdyr. Bitaraplyk ýörelgeleri biziň mizemez jemgyýetimiziň berk binýady hökmünde öz syýasy gymmatyny has-da berkidýär. Tutuş dünýä Türkmenistana hemişelik Bitarap döwlet hökmünde uly gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän hoşniýetli syýasatlaryndan gözbaş alýan Bitaraplygymyz parahatçylyksöýüjilikli, hoşmeýilli we ynsanperwer mazmuna ýugrulandyr.

Türkmenistanlylar 2021-nji ýyly garşyladylar

Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam uran Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Dabarany alypbaryjylar watandaşlarymyzyň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutladylar. Soňra türkmen paýtagty bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerini baglanyşdyrýan däp bolan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanýandygy yglan edildi. Göni ýaýlym ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi.