Milli demokratiýanyň esaslary

4 Ýanwar 2021
1922

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelere, dünýä tejribelerine esaslanýan demokratiýa pugtalanýar hem-de ösdürilýär. Munuň özi döwletimiziň saýlaw ulgamyny alanymyza hem aýdyň görünýär. Ata Watanymyzda saýlawlary raýatlaryň işjeňliginde guramaçylykly geçirmekde baý iş tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edilip, Esasy Kanunymyza umumadamzat gymmatlyklaryndan, bähbitlerinden, demokratik, adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alýan kämil, döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar